Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň ruhy binýadydyr
Medeniýet
Medeniýet täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň ruhy binýadydyr
Çap edildi 18.08.2022
4766

Medeniýet giň, taryhy we filosofik manyda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiniň binýat goýujy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Berkararlyk gadymy döwürlerden bäri türkmen halky üçin durnuklylygy, agzybirligi, ruhy bitewüligi alamatlandyrýar. Beýik türkmen şahyrlary we akyldarlary ata Watanyň abadançylygyny, halkyň bagtyýarlygyny şu düşünjeler bilen baglanyşdyrypdyrlar.

Asyrlaryň dowamynda kemala gelen hakydany gorap hem-de milletiň ruhy binýadyny miras edinmek medeniýete mahsus bolup, ýurduň ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap ýolunda daýanç nokady bolup hyzmat edýär. Türkmenistan dünýä giňişliginde diňe bir ýokary ykdysady mümkinçilikleri bolan döwlet hökmünde däl-de, ruhy taýdan baý, döredijilikli ýurt hökmünde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin medeni diplomatiýany işjeň peýdalanýar. Medeniýet ulgamyny 2022-nji ýylda ösdürmekde hut şu syýasat öňe sürülýär.

Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda däp bolan milli we halkara baýramlar bellenildi, şanly wakalar mynasybetli degişli çäreler geçirildi.

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyk has işjeňleşdirildi. Köp sanly onlaýn duşuşyklar, okuw maslahatlary hem-de ÝUNESKO-nyň edarasy, onuň sebit düzümleri bilen geňeşmeler guraldy, olaryň dowamynda ylym we bilim, medeniýet hem-de ekologiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy.

Mukamlar köşgünde 1-nji fewralda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat hem-de sergi geçirildi.

Muzeýlerde we kitaphanalarda, konsert jaýlarynda, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde, jemgyýetçilik guramalarynda maslahatlar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki köp sanly çäreler guraldy. Sahna oýunlary, kino we telegepleşikler bu şanly waka bagyşlandy.

Ähli welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynda bagşy-sazandalaryň konsertleri telewideniýe tarapyndan ýazga geçirildi hem-de ýaýlyma goýberildi.

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde 30-njy martda türki dilli ýurtlaryň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazga geçirilen “Saýra, dutar!” diýen türkmen aýdymynyň wideogörnüşiniň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, dutarçylaryň we bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly täze döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna, 2022-nji ýyl üçin toparyň meýilnamasynda we 2021 — 2023-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikdäki çäreleriň meýilnamasynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyny hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça çäreler işjeňleşdirilýär.

Häzirki wagtda ahalteke atçylyk sungaty hem-de atlary bezemek däplerini, ýüpek önümçiligini, milli nagyşlary we beýlekileri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň taýýarlan resminamalaryna garalýar hem-de olar öwrenilýär.

Ýylyň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň teatrlaryna “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň Tertibini, muzeýlere “Milli” hukuk derejesini bermegiň Tertibini hem-de şertlerini tassyklady.

Bu hukuk derejesiniň muzeýler üçin ylmy-barlag hem-de ylmy-usulyýet işlerini amala aşyrmakda, işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde, hünärmenleriň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän ylmy maslahatlara, kongreslere, simpoziumlara, sergilere gatnaşmagy üçin has giň mümkinçilikleri açjakdygy nygtaldy.

Milli taryhy-medeni mirasy wagyz etmek täze taryhy eýýamda medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda kabul edilen “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” aýratyn orun degişlidir.

“Türkmen topragy — dünýä meşhur medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly ylmy-amaly maslahaty hem-de sergini, Türkmenistanyň ösüşi babatynda dünýä bileleşiginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuna bagyşlanan mediaforumy şu ýylyň iri halkara çäreleriniň hatarynda görkezmek bolar.

1-2-nji martda Söwda-senagat edarasynda “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” diýen halkara maslahat we sergi guraldy. Bu çärä ýurdumyzyň medeniýet işgärleri bilen bir hatarda sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň belli suratkeşleri, döredijilik wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan oňyn syýasat milli medeni mirasy öwrenmäge, goramaga, wagyz etmäge, giň halkara gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de amatly içeri syýasy ýagdaýy kemala getirmäge, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmäge, bu işlere belli daşary ýurt hünärmenlerini çekmäge ýardam berýär.

Geçen ýarym ýylyň dowamynda guralan medeni çäreleriň hatarynda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barylýan arheologik gazuw-agtaryş işlerine bagyşlanan maslahatlary, ylmy meýdan duşuşyklaryny hem-de sergileri görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, “Dehistan” taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda guralan ylmy-amaly maslahaty hem-de 19-njy aprelde geçirilen “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşygyny bellemek gerek. Bu duşuşykda sanly ulgam arkaly Watanymyzyň taryhy ýadygärliklerinde türkmen alymlary bilen bilelikde arheologik gazuw-agtaryş işlerine hem-de barlaglara gatnaşan daşary ýurtlaryň ylmy merkezleriniň belli alymlary we arheologlary çykyş etdiler. Forumyň çäklerinde arheologik tapyndylaryň sergisi guraldy. Türkmenistanyň çäklerinde halkara we milli arheologiýa toparlarynyň geçiren gözleg-agtaryş işleriniň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň işleriniň netijeleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan taýýarlanylan, göwnejaý derejede bezelen, “Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy-barlaglar we ýadygärlikleri rejelemek” atly täze neşirde çap edildi.

Maý aýynyň soňky ongünlüginde ýurdumyzyň teatrlary hem-de Döwlet sirkiniň artistleri “Türkmen teatr sungaty” festiwalynyň çäklerinde täze sahna oýunlaryny we çykyşlary görkezdiler. Bahar paslynda Türkmenistanyň medeni durmuşynda giň gerimli, uly ähmiýetli çäreler bolan döredijilik, şol sanda halkara derejeli forumlary görkezmek ýörelgesi dowam etdirildi. Bu festiwalyň esasy wezipeleriniň biri türkmen sahna sungatyny söýüjileri täze sahna oýunlary, teatryň ösüş meýilleri we ugurlary, eýýäm meşhurlyk gazanan hem-de ýaş režissýorlaryň döreden eserleri bilen tanyşdyrmakdan, türkmen teatr sungatynyň umumy dünýä medeni giňişliginde eýeleýän ornunyň ýokarlanmagyna ýardam bermekden ybarat boldy.

Festiwalyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň teatr toparlarynyň gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna, özara pikir we tejribe alyşmaklaryna, ýaş artistleriň sahna medeniýetiniň kämilleşmegine, tomaşaçylar bilen ýakynlaşmagyna ýardam edendigi hem möhümdir. Festiwalyň maksatnamasy dürli görnüşli sahna oýunlaryny öz içine aldy. Köplenç ýagdaýda rowaýatlar we hekaýalar, taryhy maglumatlar, döwürdeşlerimiziň ýatlamalary olaryň edebi esasyny düzdi. Şol sahna oýunlarynyň gahrymanlary dürli döwürleri, geçmişi hem-de şu güni birleşdirdiler.

Her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzyň medeni durmuşynda iň ähmiýetli wakalaryň biridir. Mary şäheri soňky on ýylyň dowamynda ikinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu döredijilik forumynyň merkezine öwrüldi.

Sahna eserleriniň hem-de kinofilmleriň ilkinji görkezilişleri, her gün guralýan konsertler, ylmy-usulyýet maslahatlary, meýdan şertlerinde geçirilýän okuw maslahatlary, döredijilik duşuşyklary, şygryýet agşamlary hem-de ussatlyk sapaklary, bäsleşikler we sergiler, halkara mediaforumy Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň esasyny düzdi.

Iri çäreleri geçirmek üçin häzirki zaman serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan “Türkmeniň ak öýi” binasynda agşamlaryna guralan konsertlerde belli halk bagşy-sazandalary, estrada aýdymçylary we döredijilik toparlary hem-de ýaş zehinler — döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli we dünýä aýdym-sazlary ýaňlandy, gadymy hem-de häzirki zaman tanslary tomaşaçylara görkezildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda ilkinji gezek wäşiler we ýomakçylar çykyş etdiler. 26-njy iýunda bu teatryň döredijilik topary “Ylahy yşgyň kyssasy” atly sahna oýnuny ilkinji gezek görkezdi. Bu eseriň edebi binýadyny keramatly Gurhanda getirilýän Ýusup pygamber baradaky rowaýat düzdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda Aşgabatda teatr sungaty baradaky pikir alyşmalar bu çäräniň özenini düzdi we iki möhüm waka boldy — Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna “Akademiki” dereje berildi hem-de “Magtymguly” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Şol günler giň okyjylar köpçüligine Medeniýet ministrligi tarapyndan çapa taýýarlanylan täze neşirler — “Türkmen teatr, kino we sirk sungatynyň meşhur artistleri” atly iki jiltlik kitap hem-de türkmen dramaturglarynyň pýesalaryny özünde jemleýän iki jiltlik almanah hödürlenildi.

Wekilbazar, Ýolöten we Murgap etraplarynda kinofilmler görkezildi hem-de täze filmleri döredenler bilen duşuşyklar geçirildi. Kino günleriniň çäklerinde tomaşaçylar Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde döredilen filmleriň sekizisine ilkinji gezek tomaşa etdiler.

Mary welaýatynyň çäginde umumadamzat ähmiýetli taryhy-binagärlik ýadygärlikler ýerleşýär hem-de bu sebitde taryhy-medeni mirasy öwrenmek we gorap saklamak, bu ugurda geljekki mümkinçilikleri kesgitlemek boýunça bitirilýän işler Türkmenistanda geçirilýän giň möçberli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky wagtda ýurdumyzda arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerlerinde guralýan meýdan maslahatlary we okuw maslahatlary meşhurlyga eýe boldy. “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly gorap saklamagyň täze ýörelgeleri we syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlary” ady bilen şeýle duşuşyk geçirildi. Gönüden-göni gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylaryň sergisi guraldy, arheologlar olar bilen işlemegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

Mary welaýatynyň kitaphanasynyň binasynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanylan maslahat geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Murgap etrabynyň Medeniýet öýünde geçirilen usulyýet maslahaty hem bellärliklidir, şonuň dowamynda ilkinji gezek maşgala aýdym-saz toparlarynyň işini kämilleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usulyýet maslahaty hem guraldy.

Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet hepdeliginiň birnäçe iri çäreleri geçirildi. Şolaryň hatarynda halkara ylmy-usulyýet duşuşygyny, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeý işini ösdürmegiň esasy ugurlary” atly muzeý işgärleriniň maslahatyny, öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet sapaklaryny görkezmek bolar.

“Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly gorap saklamagyň täze ýörelgeleri we syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlary” atly halkara ylmy-usulyýet duşuşygynda milli mirasy öwrenmek hem-de wagyz etmek, Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän arheologik gözleg-agtaryş işleriniň, türkmen halkynyň gadymy taryhyny, medeniýetiniň sahypalaryny açyp görkezýän ylmy-barlaglaryň netijeleri baradaky çykyşlar diňlenildi.

Halkara gatnaşyklary ösdürmegiň, milli medeniýeti wagyz etmegiň möhüm şerti hökmünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilmegi Medeniýet hepdeligi — 2022-niň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Bu meseleler Medeniýet hepdeligi — 2022-niň çäklerinde ilkinji gezek geçirilen halkara mediaforumda garalan esasy ugurlar boldy, bu çärä jemgyýetçilik işgärleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Medeniýet hepdeligi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden baýram edilmegi bilen 27-nji iýunda tamamlandy. Mary welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan uly baýramçylyk konserti medeniýet forumynyň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Dabaralar şeýle hem Ahal welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi.

Baýramçylyklara baý bolan sentýabr aýynda döredijilik işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler garaşýar. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe giň gerimli dabaralaryň maksatnamasy taýýarlanylýar. Sentýabr döredijilik bäsleşikleriniň, ozaly bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň jemleriniň jemlenýän aýydyr. Däp bolşy ýaly, körpe türkmenistanlylar “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar gözden geçirilişine gatnaşyjylar hem-de “Ýaňlan, Diýarym!” telewizion bäsleşikde öňdäki orunlary eýelänler ýeňiji bolmak ugrunda bäsleşerler.

Däp bolşy ýaly, baýramçylyklara beslenen güýz pasly halkara medeni çärelere hem baý bolar. “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” halkara festiwaly oktýabr aýynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçiriler.

Bu halkara festiwalyň çäklerinde halk amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkalary, ussatlyk sapaklaryny, ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde hem-de ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara syýahatçylyk sergileri hem-de oktýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Hazarýaka döwletleriň ministrler derejesinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan maslahat Watanymyzyň saglygy dikeldiş mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam berer.

«Türkmenistanda häzirki zaman syýahatçylyk düzüminiň kemala getirilmegi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza innowasion tehnologiýalary çekmegiň hem-de milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.

Bu gün döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan oňyn syýasat netijesinde Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüji hem-de okgunly ösýän döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň örän baý taryhy-medeni mirasy, Diýarymyzyň medeniýetiniň döredijilik kuwwaty Watanymyzyň ruhy ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe gitmegine ýardam berýär.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow