Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Syýasy habarlar
Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Çap edildi 01.08.2022
1592

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafiniň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyz sebit hem-de halkara gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini kemala getirmek meselesinde işjeň orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, sebitiň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.

Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretariatynyň arasynda geňeşmeleriň guraly barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow