Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen sungaty halkara festiwalynyň sahnasynda
Medeniýet
Türkmen sungaty halkara festiwalynyň sahnasynda
Çap edildi 10.11.2016
2786

Kwanju, 10-njy noýabr /TDH/. Şu gün türki medeniýetiň Halkara festiwalynyň çäklerinde Kwanju şäheriniň Aziýa medeni merkeziniň teatrynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Ozal habar berlişi ýaly, foruma biziň ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Onuň düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, görnükli bagşy-sazandalar, “Galkynyş” folklor-tans topary, muzeý işgärleri bar. Kwanju --ýarym adanyň günorta-günbatar böleginde ýerleşen Günorta Koreýanyň iri şäheridir. Konsertiň öň ýanynda geçirilen resmi dabarada çykyş edenler türki dilli ýurtlaryň däp bolan hyzmatdaşlygyny baýlaşdyrmaga, halklaryň taryhy mirasyny, baý milli dessurlaryny wagyz etmäge ýardam bermäge gönükdirilen bu wakanyň ähmiýetini nygtadylar. Dabaraly bölek tamamlanandan soň, uly konsert geçirilip, türkmen we türk artistleriniň çykyşlary onuň maksatnamasyny düzdi. Çykyşlarda halk we döwrebap aýdym-sazlary, folklor kompozisiýalary, milli we dünýäniň saz medeniýetiniň taryhyna ajaýyp sahypalary ýazan kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Baýramçylyk konserti “Galkynyş” folklor toparynyň “Dost-doganlyk owazy” diýen edebi-çeper kompozisiýasyny görkezen owadan çykyşy bilen açyldy. Türkmen bagşylary jadylaýjy sazyň dili bilen halkymyzyň özboluşly milli däpleri barada gürrüň berdiler. Halk saz gurallarynyň gaýtalanmajak owazy hem-de ýurdumyzyň estradasynyň döwrebap depginli sazlary, aýdymçylaryň ýakymly sesleri hem-de milli öwüşginli tanslar—bularyň ählisi göýä aýdym-sazdan çitilen bir uly halyda utgaşykly jemlenip, tomaşaçylaryň el çarpyşmalary we güler ýüzleri bilen bezeldi. Türkmen folklor sungatynyň ýüzi bolan, tomaşaçylarda egsilmez joşgunly duýgulary döreden gadymy we baky küştdepdi konsertiň hakyky bezegine öwrüldi. Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde we owadan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen ýaňlanan “Bitarap Türkmenistan” diýen aýdym dabaranyň jemleýji bölegi bolup ýaňlandy. Onuň joşgunly mukamy hem-de ajaýyp watançylyk sözleri öz milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijiligiň we ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly senasyna öwrüldi. Ertir, 11-nji noýabrda medeni çäräniň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli muzeýinde gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň çeper filmleriniň görkezilişi bolar. Ýekşenbe güni, 13-nji noýabrda bu ýerde Türkmenistanyň Güni geçiriler. Onuň maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de Lebap welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisi geçiriler. Aşgamara teatr sahnasynda uly konsert berler. Şol ýerde hem döredijiik çäresiniň ýapylyş dabarasy bolar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow