Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjynyň hatyrasyna
Jemgyýet
Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjynyň hatyrasyna
Çap edildi 10.11.2016
2079

Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşen seýilgähde garaşsyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyran görnükli syýasatçy we döwlet işgäri Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Ýola goýlan asylly däbe görä, her ýyl türk halkynyň lideriniň aradan çykan güni bu ýere Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky türkmen-türk okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gelýärler. Bu ýere ýygnananlar görnükli reformatoryň ýadygärligini bir minutlyk dymmak bilen hatyraladylar. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuja çykyş edip, bu ýere ýygnananlaryň ählisine we türkmen halkyna türk halkyna bildirilýän doganlyk duýgulary hem-de däp-dessurlaryna goýulýan hormat üçin çuňňur hoşallygyny duýgularyny beýan etdi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow