Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Adamlar baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Hepdäniň wakalary
Adamlar baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Çap edildi 30.05.2022
9795

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak we rowaçlygyny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Şol syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçilýär, täze iş orunlary döredilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 23-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelere hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly meselelere garaldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem galla oragyna öz möhletinde we guramaçylykly başlamak boýunça toplumlaýyn çäreler ýerine ýetirilýär.

Pile öndürmek möwsümi hem tamamlanyp barýar. Lebap we Mary welaýatlarynyň pileçileri ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläniň, degişlilikde, 1010 hem-de 440 tonnadan gowragyny döwlete tabşyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pileçileri bu zähmet ýeňşi bilen gutlap, öňde goýlan beýleki wezipeleriň hem wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady.

Gowaça ideg etmek bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň hem doly güýjünde işledilmegini gazanmak zerurdyr. Daýhanlar mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edilmelidir. Şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileri sebitleriň biokärhanalarynda öndürilýän zyýankeşlere we ösümlikleriň kesellerine garşy bioönümler bilen üpjün etmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow orak möwsümini guramaçylykly geçirmek meselelerine ünsi çekip, däne ýygyjy kombaýnlary we orakda ulanyljak awtoulaglary bökdençsiz işletmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Ýörite toparlara galla oragyna gözegçiligi amala aşyrmak tabşyryldy.

Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak möhüm talap bolup durýar.

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory hem-de direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri geçen 30 ýylyň içinde bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, himiýa we azyk senagaty, ekologiýa ulgamlary bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Sport ulgamy hyzmatdaşlygyň täze ugry hökmünde bellenildi. Işewürler ýurdumyzyň bedenterbiýe we sportda ýeten sepgitlerine ýokary baha berip, ABŞ-nyň bu ulgamda ýöriteleşen kompaniýalarynyň sportuň golf görnüşiniň Türkmenistanda ösdürilmegine goldaw bermegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna baryp, ol ýerde Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň gidişi hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Güýjenmesi 500 kilowolt bolan howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek maksady bilen, ýakyn ýyllarda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän elektroenergetika pudagyna degişli birnäçe taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýän umumy görnüşiniň çyzgylary, onuň eksport ugurlary, şol sanda Türkmenistandan goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny hem-de ugurlaryny görkezýän taslamalar, Daşoguz we Ahal döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň çyzgylary we taslamalary, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de taslamasy, mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy hem-de onuň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgam emele gelýär. Bu bolsa içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyny şertlendirer. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda yhlas bilen zähmet çekýän işçilere öz minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Görogly etrabynyň “Garagum” maldarçylyk hojalygyna baryp gördi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz kärende esasynda işleýän düýe çopany bilen söhbetdeş boldy, onuň işi, mallarynyň we bu künjegiň öri meýdanlarynyň ýagdaýy, maldaryň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy. Söhbetdeşligiň dowamynda düýe süýdüniň, ondan taýýarlanylýan çalyň we agaranyň, şeýle hem düýe ýüňünden öndürilýän önümleriň adam saglygy üçin peýdalydygy bellenildi.

Arkadagly Serdarymyz oba ilatynyň, şol sanda maldarlaryň ýaşaýyş we zähmet şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyny döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklajakdygyny nygtap, çopana işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de özüniň sowgatlaryny gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçarda Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryndaky suwaryş ulgamlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Düýeboýun suw howdanyndan gözbaş alýan Şasenem we Türkmen derýalarynyň aralygyndaky amatly hasaplanylýan künjekde uly göwrümli suw howdanyny gurmak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginde we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan işleriň döwrüň talabyna we häzirki zaman ylmynyň täze gazananlaryna laýyklykda, dowam etdirilmelidigini hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny tabşyrdy. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamlarynyň we suw hojalyk desgalarynyň durkunyň täzelenmeginiň, şeýle hem täze suw howdanlarynyň gurulmagynyň zerurdygy nygtaldy.

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde Daşoguz welaýatynda senagat toplumynyň ähli ulgamlaryna iri maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, ýeňil senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitiň ykdysadyýetine innowasion we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük daşalşynyň möçberini artdyrmak, welaýatyň çäginde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly oba hojalygyny we onuň bilen baglanyşykly pudaklary, maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, azyk önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň taslamasynda Daşoguz welaýatynda täze desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna bu sebitde jemi 48 binanyň we desgalaryň gurluşyk işleri amala aşyrylýar, olaryň 20-si durmuş maksatly, 28-si bolsa önümçilik maksatly desgalardyr. Şu ýyl 7 desgany we binany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, orta mekdepleriň, çagalar bagynyň, çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň hem-de ýolagçy awtomenziliniň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şu ýylda göz öňünde tutulan maýa goýum serişdelerini maksadalaýyk ulanmak meselesini hem-de täze önümçilikleriň gurluşygynyň barşyny hemişe üns merkezinde saklamak möhümdir.

Geljek ýedi ýyl üçin Prezident Maksatnamasynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, her bir welaýatyň çäk taýdan ýerleşişini we tebigy gorlaryny nazara almak bilen, döwrebap toplumlary we goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça anyk çäreleri göz öňünde tutmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda daşky gurşawy goramak ulgamynda hem-de Aral deňziniň sebitinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler mejlisde garalan aýratyn mesele boldy.

Häzirki wagtda howanyň ählumumy üýtgemegi netijesinde Aral deňzi bilen bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi, şol sanda biziň ýurdumyzda halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we olardan netijeli peýdalanmak işleri aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, Aralýaka sebitinde ekologiýa howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge, umuman, sebitde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylyşyny gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem mejlisde Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, ýurdumyzyň sebitlerinde galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 3-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de “Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!” diýip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz has tapawutlanan we tejribeli halyçylara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak hakynda” Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň arasynda degişli şertnamany baglaşmak hakynda Karara gol çekip, ýurdumyzda öndürilýän hem-de uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň öndürilýän möçberleriniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna aýratyn üns berilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, “Guýulary düýpli abatlamak we gapdal sütüni gazmakda ulanylýan göteriji enjamlary we olara ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Karara gol çekdi.

Geçen hepde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we ýurdumyzyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna bolan toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen ähmiýetli lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň — köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Täze lukmançylyk edaralarynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we başga-da ençeme döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlar ornaşdyryldy.

Jemi 1 müň 331 işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin bu ýerde ähli amatly şertler döredildi. Bu hassahanalarda işlejek hünärmenler ýurdumyzyň merkezi lukmançylyk edaralarynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, şeýle hem Türkiýe we Russiýa ýaly döwletleriň öňdebaryjy klinikalarynda öz ugurlary boýunça birnäçe gezek kämilleşdiriş okuwlaryny geçip, tejribe topladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hassahanalaryň açylyş dabarasynda çykyş edip, ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramaga we berkitmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge, keselleriň öňüni almaga we netijeli bejermäge aýratyn üns berilýändigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak üçin köp mukdarda serişdeleriň goýberiljekdigini belledi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk 450 orunlyk köpugurly hassahana 32 bölümden ybarat bolup, ýokary hilli we dürli ugurly lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenendir.

Soňra hormatly Prezidentimiz hassahananyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde näsaglar we lukmanlaryň işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Şeýlelikde, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň tehniki üpjünçiligi hem-de içgin seçilip alnan lukmanlaryň ýokary hünär derejesi keselleri irki döwürde anyklamaga we öz wagtynda bejergi geçirmäge mümkinçilik berer, bu bolsa, öz gezeginde, näsaglaryň janyny halas etmäge we gysga wagtda saglyklaryny dikeltmäge ýardam berer.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz innowasion enjamlar bilen üpjün edilen hem-de halkara ülňülere laýyklykda, keselleri anyklamaga we bejermäge niýetlenen onkologiýa hassahanasyna baryp gördi.

150 orunlyk onkologiýa hassahanasy öz ýokary derejesine laýyklykda, dessin, himiýa we toplumlaýyn bejergi geçirmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly enjamlar hem-de zerur gulluklar bilen üpjün edilipdir.

Ýörite taýýarlanylan wideoşekiller arkaly lukman hormatly Prezidentimize ABŞ-nyň lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde öňdebaryjy önüm öndürijileriň biri bolan “Varian” kompaniýasynyň sagdyn öýjükleri goramak arkaly diňe syrkaw öýjükleri bejermäge mümkinçilik berýän döwrebap innowasion enjamyny görkezdi. Häzirki wagtda munuň özi howply täze döremeleri bejermekde iň döwrebap enjam hasaplanylýar. Özüniň oňyn täsiri babatda dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly gyzyklanma döretdi.

Hassahanada elektron ulgam ornaşdyryldy. Ol giňişleýin yzygiderli aragatnaşyklary saklamaga, beýleki hassahanalar bilen amaly we nazaryýet babatda maglumatlary alyşmaga, telelukmançylygyň mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam edýär.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze edaralaryna Halkara “KTQ International GmbH” guramasynyň hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips Medical Systems” kompaniýasynyň bu hassahanalaryň ýokary hil derejesini hem-de olaryň ekologiýa howpsuzlygy we ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara güwänamalary gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň işgärlerine ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Daşoguz welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri şol gün ýene-de bir sowgat — täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny aldylar.

S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurlup, ulanmaga berlen iki sany köp öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin zerur şertler döredilipdir. Dört otagly öýüň umumy meýdany 200 inedördül metrden gowrakdyr, üç otagly öýüň meýdany bolsa 170 inedördül metre golaýdyr. Ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyrylyp, olarda çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary göz öňünde tutuldy.

23-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny islendik wagt Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy hem-de şol saparyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly myhmanlaryň birnäçesi bilen duşuşdy. Olar döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gutladylar.

«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen geçirilen duşuşykda energetika we maliýe ulgamlarynda, oba hojalygynda sanly ulgam we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşykda ýurdumyzda amala aşyrylýan hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamasy babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman öz kompaniýasynyň senagat we gurluşyk ulgamlarynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

“Altkom” maliýe-senagat toparynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşygyň dowamynda dürli maksatly desgalaryň we ulag düzümleriniň, hususan-da, köprüleriň gurluşygynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

25-nji maýda Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin «Soňky jaň» kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri guraldy.

Esasy dabaralar Aşgabat şäherinde geçirildi. Ir bilen mekdepleriň iň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan belent Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine baharyň ajaýyp gül desselerini goýdular.

Dürli sport ýaryşlaryna gatnaşyp hem-de ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynyň okalmagy orta mekdepleriň uçurymlary üçin durmuş ýoluna ak pata boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana geljegimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir.

Täze taryhy döwürde pederlerimiziň arzuw eden Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmak hem-de dünýäde şöhratlandyrmak ugrundaky beýik maksatlarymyzy amala aşyrmakda geçjek durmuş ýollaryňyzda bagtyýar döwrümizden ruhlanyp, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, kämillige ymtylmak arkaly özüňizi gurujy, dörediji, maksada okgunly nesiller hökmünde tanatmalysyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şol gün ak mermerli paýtagtymyz hem öz baýramyny belledi. “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergide ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda, senagatda, durmuş, ylym we medeni ulgamlarda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylan üstünlikler hem-de geljekki mümkinçilikler açylyp görkezildi.

Şu gezekki sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň dürli tapgyrlaryny hem-de pudaklaryň ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, zähmet çekmek we dynç almak üçin talabalaýyk şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna goşýan goşandyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Sergi merkeziniň bölümlerinde hem-de meýdançalarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri, Aşgabatda işleýän hem-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ak mermerli paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine we ýaşamak üçin amatly bolmagyna gönükdirilen ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezdiler.

Serginiň mazmuny we maglumat berijilik ugry, ilkinji nobatda, häzirki wagtda Türkmenistanda uly islege eýe bolan hyzmatdaşlyk ulgamlaryna — gurluşyk, binagärlik, elektroenergetika, gaýtadan işleýän we ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryna gönükdirilendir.

Şeýle hem bu ýerde ýakyn wagtda Türkmenistanda ornaşdyrylyp bilnäýjek täze tehnologiýalar görkezildi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda “Türkmen teatr sungaty” festiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Festiwal paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň teatrlarynyň, şeýle hem Döwlet sirkiniň artistlerini bir ýere jemledi we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-medeni durmuşynda şanly waka öwrüldi.

Artistleriň çykyşlary paýtagtymyzyň teatr sahnalarynda geçdi. Teatr toparlary tomaşaçylary ajaýyp aktýorlyk, režissýorlyk we edebi işleri bilen tanyşdyrdylar.

Festiwalyň çäklerinde geçirilen maslahatlaryň we duşuşyklaryň dowamynda milli teatr sungatymyzyň häzirki zaman meýilleri we geljegi, onuň milli medeniýetimizi gorap saklamakda, ruhy mirasy geljekki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, birinji orun “Watan buýsanjy — Jelaleddin soltan” sahna oýny üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň toparyna berildi. Ikinji orny “Nuhuň gämisi” sahna oýny üçin Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry eýeledi. Üçünji orna “Türkmeniň ýoly” atly sahna oýny bilen Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri mynasyp görüldi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýadygärlik kuboklary we sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem iň gowy erkek, zenan we çaga keşpleri, iň gowy edebi esas, sazçylyk bezegi, režissýorlyk we edebi işleri ýaly ugurlarda ýeňijiler yglan edilip, olara diplomlardyr sowgatlar gowşuryldy. Mundan başga-da, birnäçe artistler höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy.

28-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de merkeziň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy uly dabara bilen bellenildi. Bu waka gabatlanyp önümçilikleriň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy, duşuşyklar, pudaklaýyn sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler geçirildi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli halal zähmeti, hünär ussatlygy göz öňünde tutulyp, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy.

Bu şanly baýramçylyga gabatlanyp, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň söwda toplumynyň halyçylyk, dokma we söwda pudaklarynyň ösdürilmegine bagyşlanan sergisi açyldy.

Sergide ýurdumyzyň kärhanalarynyň täze önümleriniň nusgalary: azyk önümleri, senagat harytlary, halkyň sarp edýän harytlary, haly önümleri we beýlekiler görkezildi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna, milli medeni mirasymyza we ruhy güýjümize, ýurdumyzyň maksada okgunly ýaş nesline daýanýan durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow