Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisine hem-de Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisine hem-de Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara
Çap edildi 27.05.2022
1501

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!

Çeper elli mähriban halyçylar!

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy, bu baýram mynasybetli geçirilýän «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Nepisligi, inçeligi, dürli öwüşginli owadanlygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik dowamatydyr.

Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwnümiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Eziz watandaşlar!

Gadyrly halyçylar!

Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, halkyň dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gorap saklamak üçin möhüm şertler döredilýär.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!

Haly, dokma we söwda pudagynyň gadyrly işgärleri!

Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň öz aýratyn many-mazmuny bar. Çünki her biri sungat eserine deňelýän nepis halylarymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda, halkara meşhurlygyny artdyrmakda gadymy Ýüpek ýolunyň, gündogardan günbatara kerwen ýüklerini gatnadan gadymy täjirleriň bitiren hyzmatlary uludyr.

Bu günki gün Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilip, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýän esasy pudaklarynyň birine öwrülen dokma senagatynyň kärhanalary hem şu günki sergide öz gazanan zähmet üstünliklerini, öňdebaryjy tejribelerini giňden suratlandyrarlar.

Dünýä bazarlarynda we içerki bazarymyzda alyjylaryň uly isleglerine mynasyp bolan dokma önümlerini, şeýle hem şu ýylyň tomus-güýz möwsüminde alyjylara hödürlenjek täze önümlerini mahabatlandyrarlar.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!

Gadyrly halyçylar!

Häzirki döwürde biz dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlarda we beýleki ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýduk. Ýurdumyzda halkara sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Asylly däbe öwrülen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň hem ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy bilen hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň, Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, işde we durmuşda hemişe üstünlik gazanmagy arzuw edýärin.

Goý, çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow