Şu gün paýtagtymyzdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda geçirilen dabara bilen “Türkmen teatr sungaty” festiwaly tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, ol paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň teatrlarynyň, şeýle-de Döwlet sirkiniň artistlerini bir ýere jemledi. Festiwal ýurdumyzyň jemgyýetçilik-medeni durmuşynda şanly waka öwrülip, milli ruhy gymmatlyklaryň, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Bu giň gerimli çäre netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmek babatda medeni diplomatiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Ol Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji wezipesini ýene-de bir gezek açyp görkezdi. Dört günüň dowamynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary dostluk, döredijilik baýramyndan ruhy lezzet aldylar. Festiwalyň maksatnamasy ýurdumyzyň esasy teatr toparlarynyň dürli görnüşli sahna oýunlaryny özünde jemledi. Olaryň hemmesi Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban Watanymyzyň ykbaly we geljegi baradaky çuňňur many-mazmunly eserleriniň esasynda goýuldy.
Festiwalda görkezilen sahna oýunlary artistleriň ussatlygy, keşpleriň özboluşlylygy, mertebe, borç, söýgi, dostluk, ahlak päkligi ýaly gymmatlyklara ygrarlydygy bilen tapawutlandy. Çykyşlar paýtagtymyzyň teatr sahnalarynda boldy. Teatr toparlary tomaşaçylary ajaýyp aktýorlyk, režissýorlyk we edebi işleri bilen tanyşdyrdylar. Onuň çäklerinde geçirilen maslahatlardyr duşuşyklaryň dowamynda milli teatr sungatymyzyň häzirki zaman meýilleri we geljegi, onuň milli medeniýetimizi gorap saklamakda, ruhy mirasy geljekki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, şu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin häzirki döwrüň teatry öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny giňden ulanyp hem-de batyrgaý synaglary geçirip, sahna oýunlaryny guramagyň täze görnüşlerini ýüze çykarýar. Şunda medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, teatr ulgamynda medeniýeti ösdürmek üçin täze taslamalary döretmegiň zerurdygy nygtaldy.
Geçmişiň görnükli artistleriniň ýurdumyzyň teatr sungatynyň ösdürilmegine goşan saldamly goşantlaryna hem aýratyn üns berildi. Olaryň atlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýratyn belläp geçýär. Olar Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Alty Garlyýew, Muhammet Çerkezow, Sabyr Ataýewa, Sona we Suraý Myradowalar, Artyk Jallyýew, Ata Döwletow, Hommat Müllük ýaly halypalardyr.
Sahna ussatlary parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmekde teatr forumynyň ähmiýetini nygtadylar. Festiwalyň maksatnamasy türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerini özünde jemledi. Ähli sahna oýunlary köp sanly tomaşaçylaryň hoşallygyna mynasyp boldy. Olar şu gün hem festiwalyň ýapylyş dabarasyna gelip, artistleri mähirli garşyladylar.
Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ähli teatr toparlarynyň wekilleri sahna çykýarlar. Festiwala gatnaşyjylar ýürek duýgularyny döredijiligiň üsti bilen beýan etdiler. Edebi-sazly kompozisiýada ata Watanymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza bagyşlanan şygyr setirleri okaldy. Ýurdumyzyň teatr sungatynyň meşhur wekilleri döwlet Baştutanymyza, festiwaly guraýjylara, ähli gatnaşyjylara hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.
Soňra döredijilik gözden geçirilişiniň gatnaşyjylaryny sylaglamak dabarasy başlandy. Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, birinji orun “Watan buýsanjy — Jelaleddin soltan” sahna oýny üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň toparyna berildi. Ikinji orny “Nuhuň gämisi” sahna oýny üçin Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry eýeledi. Üçünji orna “Türkmeniň ýoly” atly sahna oýny bilen Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri mynasyp görüldi.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýadygärlik kubogy, sowgatlar we gül desseleri gowşuryldy. Şeýle-de iň gowy erkek, zenan we çaga keşpleri, iň gowy edebi esas, sazçylyk bezegi, režissýorlyk we edebi işler ýaly ugurlarda ýeňijiler yglan edilip, olara diplomlardyr sowgatlar gowşuryldy. Mundan başga-da, artistleriň birnäçesine höweslendiriji baýraklar berildi. Festiwala gatnaşyjylaryň ählisine, şol sanda sahna oýunlarynda çykyş eden mekdep okuwçylaryna Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda sahnada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasaty esasynda ýurdumyzda pajarlap ösýän parahatçylygy we dostlugy wasp edýän watansöýüjilik aýdymy ýaňlandy.
“Türkmen teatr sungaty” festiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza milli medeniýetimizi ösdürmek, ýurdumyzda döredijilikli işlemek üçin ähli şertleri döretmek ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.