Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Çap edildi 10.05.2022
1476

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi we türkmen halkynyň parasatly çözgüdiniň durmuşa geçirilýän syýasatyň üstünlige eýe bolýandygynyň, dowamatlylygyň, doganlyk ýurduň rowaçlygynyň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Mikail Çingiz ogly Jabbarow Azerbaýjanyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar muňa ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow doganlyk döwletiň ýokary derejeli ýolbaşçylygyna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe uly sarpa goýýan Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny nygtady.

Söhbetdeşler syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň utgaşdyryjy guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, özara maýa goýumlaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag, telekommunikasiýalar ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlaryň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklary, geçirilýän bilelikdäki giň möçberli forumlara gatnaşmagynyň türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň telekeçileriniň işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini üpjün etmegiň, bilelikdäki işewür forumlary guramagyň zerurdygy nygtaldy.

Ýükleri daşamagyň amatly ýerüsti we deňiz ýollaryny üpjün edýän yklymara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýän iki goňşy döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden peýdalanmak meselelerine duşuşykda aýratyn üns berildi. Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri türkmen tarapynyň bu ulgamda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýada ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegiň we onuň halkara ulag ulgamyna netijeli goşulyşmagynyň geljegi barada aýdyp, täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin iki döwletiň kuwwatyndan giňden peýdalanmak bilen, bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň özleriniň döwrebap düzümini ulanmak bilen, dürli döwletlere üstaşyr hyzmatlary hödürleýändigi nygtaldy. Munuň özi sebitara we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler nebitiň we gazyň uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň ikisi üçin hem bu ulgamyň ileri tutulýan ugurdygyny nygtap, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan, däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we netijelilik esasynda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow