Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
Çap edildi 02.05.2022
2535

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bu baýramçylyk mynasybetli mähirli gutlaglaryňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Türkiýe Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi rehimdarlygy we ruhy päkligi alamatlandyrýan, adamzady agzybirlige, parahatçylyga çagyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, bu mukaddes günde biziň ähli doga-dileglerimiz kabul bolsun!

Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostlukly we ylalaşykly gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de döwlet işiňizde üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk, durnuklylyk eçilmegini dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize uly sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri
Salman ben Abdelaziz Al Saud, 
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Owganystanyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn.

Beýik Allatagaladan ähli doga-dileglerimizi kabul etmegini, musulman ymmatyna agzybirlik we abadançylyk eçilmegini dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad
Hasan Ahund,
Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy.



 


Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow