Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň beýik ruhy däplerinden ugur alyp
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň beýik ruhy däplerinden ugur alyp
Çap edildi 15.04.2022
2145

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda agzaçar sadakasyny berdiler.

Mübärek Remezan aýynda agzaçar sadakasyny bermek paýhasly pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň biri bolup durýar. Bu asylly çäre adamlaryň sogap işlere, ahlak we ruhy päklige bolan garaýşyny ýüze çykarýar.

Agzaçar wagty golaýlaberende, hajy Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde mähriban pederleriniň baky aram tapan ýerine geldiler.

Yzgant obasynyň Abyl işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde agzaçar sadakasynyň berilmegi halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän we dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ruhuna kybap ýagdaýda dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar.

Hajy Arkadagymyz bu ýerde ýygnananlara olaryň mukaddes aýda eden doga-dilegleriniň, ýagşy umyt-arzuwlarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi hem-de özüniň berýän agzaçar sadakasyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hajy Arkadagymyz mähriban kakasy Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň — ýylynyň ýetip gelýändigini, halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny, ynsanlyk parzyny berjaý edip, kakasyny hatyralap, aýlaryň ýagşysy mukaddes Remezan aýynda agzaçar sadakasyny berýändigini aýtdy.

Soňra hajy Arkadagymyz mähriban kyblasynyň ruhuny şat etjek sadaka gatnaşýanlaryň hemmesine taňryýalkasyn aýtdy. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp berdi. Tebärekden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Halkymyzyň berkarar eden ýörelgesine laýyklykda, agzaçar sadakasynda milli tagamlar taýýarlanylýar.

Nahardan soň, aýat-töwir okalyp, berlen agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu aýyň 18-ine mähriban kyblasy Mälikguly aganyň belli günüdigini, şol gün paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde kakasyny ýatlap, agzaçar sadakasyny bermegi makul bilendigini we hemmeleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan çagyrýandygyny aýtdy.

“Goý, ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun! Remezan aýynda edilen ýagşy doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hajy Arkadagymyz sözüni jemledi we Mälikguly Berdimuhamedowy ýatlap berlen agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin hemmelere ýene-de bir gezek taňryýalkasyn aýtdy.

Soňky habarlar
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
top-arrow