Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Çap edildi 10.04.2022
1985

9-njy aprelde Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 8-nji aprelde geçirilen telefon söhbetdeşliginde garalan meseleler bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary rus tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Biziň halklarymyzyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli guralýan hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, myhman Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen şu günki geçirilen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça, şeýle-de ony ösdürmegiň geljegi barada düýpli pikir alyşmalaryň bolandygyny hem-de duşuşygyň anyk we netijeli häsiýetini belledi.

Öz nobatynda, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Russiýanyň köp ýyllaryň dowamynda strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygyny nygtady. Biziň döwletimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär, bu gatnaşyklar däp boýunça deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de bähbitleriň nazara alynmagy ýörelgelerine esaslanýar.

Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesini hem-de bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi bellenildi.

Taraplar sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara gurallary ilerletmek boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny nygtadylar.

Giňişleýin düzümde geçirilen duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Topara başlyklyk edýänler — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, esasan-da, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda netijeli häsiýetini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň iki dostlukly ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly orna eýedigini aýtdylar.

Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine degişli meseleler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri girizildi.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, oba hojalyk pudagy we beýleki birnäçe ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunda Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar RF-niň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini hem-de eýýäm birnäçe belli rus kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändiklerini tassyklap, hyzmatdaşlyk boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.

Şeýle hem soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä eýe bolan türkmen-rus sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaldy. Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyga Russiýanyň iri senagat we medeni merkezleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri, dostlukly ýurduň beýleki sebitleri işjeň goşulyşdylar, şunuň ýaly göni gatnaşyklar bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugurlaryny hem-de döwletara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň ýollaryny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň çäklerinde ynsanperwer we ylym-tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky pikiri hem aýtdylar. Taraplar medeni gatnaşyklary, şol sanda ony Türkmenistanda we Russiýada guralýan halkara festiwallara hem-de beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagyň hasabyna giňeltmegiň möhümdigini aýdyp, iki ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde sport hem-de syýahatçylyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny biragyzdan nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, şu gezekki işewürlik duşuşygynyň iki dostlukly ýurduň arasynda mundan beýläk-de oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjekdigini bellediler.

* * *

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesinde, Söwda-senagat edarasynda Russiýanyň döwlet düzümleriniň hem-de hususy kompaniýalarynyň wekilleri bilen guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Türkmenistanyň giň halkara we sebit hyzmatdaşlygyna esaslanýan oýlanyşykly maýa goýum syýasaty hem-de maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler netijesinde ykdysady hem-de içerki ösüşiň oňyn depginini yzygiderli saklap galýandygy nygtaldy.

Russiýanyň wekilleri, şol sanda işewürler ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan hem-de ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna, senagat pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürilmegine, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň kemala getirilmegine gönükdirilen iri maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan edip, dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen anyk teklipleri aýtdylar.

Soňky habarlar
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
top-arrow