Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan parahatçylyk döredijiligiň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň merkezi
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan parahatçylyk döredijiligiň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň merkezi
Çap edildi 06.04.2022
2044

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmaga, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlary ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde hem-de Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli amala aşyrýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasynda öz beýanyny tapýar.

Paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hormatly Prezidentimiziň 28-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda garalan esasy meseleler boldy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejede bolmalydygyny nygtap, gurluşyk işleriniň we ýollary döwrebaplaşdyrmagyň depgininiň güýçlendirilmelidiginiň zerurdygyny belledi, şeýle hem söwda ulgamynda ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitleriň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, bugdaýa ideg etmek, dürli gök-bakja önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ýazky möwsümi öz wagtynda tamamlamak we bag nahallaryna ideg etmek babatynda aýry-aýry tabşyryklar berildi.

Şeýle hem pile öndürmek boýunça möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, kärendeçi pileçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin zerur şertleri döretmek barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, welaýatlaryň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 31-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyza 28-29-njy martda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly mejlise, şeýle hem bu şanly waka gabatlanyp guralan dürli çärelere we duşuşyklara gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine iş saparynyň netijeleri barada habar berildi.

Almaty şäherine iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy bilen bolan duşuşykda iki ýurduň arasynda däp bolan dostluk we hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümetiň mejlisinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak hem-de hususylaşdyrmak üçin kärhanalar we desgalar boýunça seljermeleriň geçirilendigi habar berildi. Geçirilen işleriň netijelerine laýyklykda, birnäçe desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak hem-de döwlet edarasyna degişli paýnamany bolsa gazna biržasynyň üsti bilen ýerlemegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň netijeleri barada habar berildi.

Şu ýylyň aprel aýynda meýilleşdirilen, milli baýramlar we şanly seneler mynasybetli çäreleri guramak, durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermek, şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk hem-de önümçilik maksatlary üçin jemi 10 müň 545,22 gektar ýer böleklerini hemişelik we wagtlaýyn peýdalanmaga bermek boýunça işlenip taýýarlanylan teklipler hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmekde obasenagat toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, oba hojalygyndaky özgertmeleri işjeňleşdirmegiň, hojalygy dolandyrmagyň täze, netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna kalsit öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklip hödürlenildi. Bu önümçilik ýurdumyzyň bazarlaryny ýerli tebigy serişdelerden öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmäge hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.

Şäherlerde we obalarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, ilatyň rowaçlygyny ýokarlandyrmak amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň baş maksadydyr.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin 300 maşgala niýetlenen, ýokary amatlylygy bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň gurluşygynyň meýilleşdirilmegi hem bu wezipelere laýyk gelýär.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

2-nji aprelde Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Bu sapar döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza ilkinji saparydyr. Şeýle hem ýokary derejede geçirilen duşuşyk türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy hem-de Hindistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý 75 ýyllygy bellenilýän ýylynda geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Onda söwda-ykdysady ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu babatda energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.

Bar bolan mümkinçiliklerden hem-de kuwwatdan netijeli peýdalanmakda bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginiň ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, onuň düzümini we mazmunyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.

Döwlet Baştutanlary sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekki onýyllyklarda alyp barjak daşary syýasatynyň bäş strategik ugurlaryny gysgaça beýan etdi.

Birinji ugur - parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek. Biziň maksadymyz ýakyn geljekde Merkezi Aziýada we ýanaşyk zolaklarda howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň sazlaşykly, bölünmeýän we gyşarnyksyz ulgamyny döretmek bolup durýar;

Ikinji ugur - Bitaraplygy dünýä giňişliginde ösdürmekdir we öňe sürmekdir;

Üçünji ugur - daşary-ykdysady gatnaşyklary gyşarnyksyz artdyrmakdyr we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekdir;

Dördünji ugur - durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn goldaw bermekdir;

Bäşinji ugur - halkara gatnaşyklaryna ynsanperwer häsiýet bermäge, bu gatnaşyklara päk ahlaklylygyň, ak ýürekliligiň we adalatlylygyň ýokary ölçeglerini girizmäge ýardam bermekdir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geçen ýylyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly başlangyjy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki işleriniň esasy bolup durýar. Bu başlangyjyň häzirki döwürde bütin dünýäde ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy aýdyň ýüze çykýar.

Gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berildi. Bu babatda Türkmenistan özüniň garaýşyny goňşy döwlete kömek we goldaw bermegiň syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda bir maksada esaslanyp emele getirýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Hindistanyň Owganystan babatdaky tagallalaryna, şol sanda 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda üstünlikli geçirilen «Owganystan babatda sebitleýin howpsuzlyk boýunça Dialoga» we onuň jemleri boýunça kabul edilen Deli Jarnamasyna ýokary baha berýär.

Energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu gaz geçirijiniň gurluşygy oňa gatnaşyjylar üçin ykdysady bähbitlerden başga-da, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga, gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmäge hem-de olaryň ykdysady we syýasy taýdan ýakynlaşmagyna ýardam berer.

Ulag ulgamy strategik ugur hökmünde kesgitlenildi. Taraplar Türkmenistanyň çäginde, şol sanda ýurdumyzyň Hazar deňzindäki düzümlerini ulanmak arkaly Hindistanyň deňiz terminallaryna durnukly Ýewraziýa geçelgelerini döretmekde özara goldaw bermek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Çabahar we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri guramagy teklip etdi.

Şeýle hem Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem iki ýurduň ýöriteleşdirilen milli edaralarynyň arasynda, şol sanda maliýe, dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maglumat, sanly we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Munuň özi koronawirus pandemiýasynyň bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetiren häzirki şertlerinde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şol sanda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridir.

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama alşyldy. Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlaryň işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem Bilelikdäki türkmen-hindi Beýannamasy kabul edildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçirildi. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

Paýtagtymyzdan dünýäniň onlarça döwletleri bilen onlaýn tertibinde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.

Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň maliýe edaralarynyň abraýly halkara guramalarynyň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar.

Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýeten sepgitleri, ony ösdürmegiň geljegi, türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamalar, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylyşynyň barşy bilen tanyşdyryldy.

Energiýa serişdelerini we gazhimiýa önümlerini halkara bazarlaryna çykarmagyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmek, ýangyç-energetika toplumynyň “ýaşyl” tehnologiýalaryny sazlaşykly ösdürmek forumda garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Forumyň işi “EXPO-2020” Bütindünýä sergisinden (Dubaý, BAE) teleköpri arkaly alnyp görkeziliş bilen dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen “Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny” atly mejlis guraldy.

Mejlisiň dowamynda milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň “Dragon Oil”, “Fluхys Gaffneý Сline” kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynda özara gatnaşyklaryň mundan beýläkki anyk ugurlary kesgitlenildi.

Geçen hepdede ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegine hem-de Baş Assambleýanyň şol mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagyna bagyşlanyldy. Duşuşyga Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýakynda bolup geçen syýasy wakalar döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara işini ösdürmegiň nukdaýnazaryndan hem uly ähmiýete eýedir. BMG-niň Baş Assambleýasy 2022-nji ýyla çenli Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 17 Kararnamany kabul etdi.

Durnukly ösüş maksatlaryny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmäge, sagdyn-durmuş ýörelgelerini öňe sürmäge, ulaglaryň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerini ösdürmäge hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga çagyrýan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 62 döwlet çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň 2022-nji ýylda welosiped ulagynyň şäher ulag ulgamynyň durnuklylygyny we ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmekdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmäge taýýardygy barada aýdyldy.

Bular barada aýtmak bilen, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologiýa çäresini guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edendiklerini bellemek ýerlikli bolar. Onuň çäklerinde şu ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08.00-dan 18.00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendirildi.

Ekologiýa abadançylygy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (ýagny UNCITRAL-yň) agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagynyň “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamada” we “Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasynda” bellenen maksatlaryň we wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesidigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29-31-nji marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde geçirilen Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna hem-de “Owganystanyň goňşy ýurtlary+ Owganystan” Dialogyň işine gatnaşdy.

Mart aýynyň soňky günlerinde Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlary tassyklanan tertibe laýyklykda, gowaça ekişine girişdiler. Bu welaýatyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, ekiş möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä biraz giç başlaýar. Şu ýylda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Welaýatyň ekin meýdanlarynda işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy üçin oba hojalyk tehnikalarynyň uly toplumynyň, ýagny ýokary öndürijilikli traktorlaryň 2552-siniň, ekijileriň, kultiwatorlaryň doly derejede we sazlaşykly işledilmegine hem-de pagtaçylaryň tohum bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Howandarlyga mätäç çagalara operasiýalary geçirmek üçin nobatdaky gezek pul serişdelerini geçirendigini bellemek gerek. Bu gaznanyň bankdaky hasabyna başgalaryň betbagtçylygyna biperwaý garamaýanlardan milli we daşary ýurt pulunda serişdeler yzygiderli gelip gowuşýar.

Ýakynda ýurdumyzyň iň döwrebap hassahanalarynda—Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýatynyň çagalar hassahanasynda hem-de Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalardan ýene 10 çaga operasiýa edildi.

Häzir näsag çagalaryň 10-sy hem iň gowy lukman hünärmenleriň gözegçiliginde saklanylýar.

Şu günler lukmançylyk edaralary tarapyndan doga näsag çagalaryň ýüregini we ýürek damarlaryny operasiýa etmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olary hem Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meýilleşdirildi.

Diýarymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini nazarlaýan özgertmeler maksatnamasyny, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilen täze dermanhana açyldy.

Halkyň saglygyny goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmegi mynasybetli dabaradaky çykyşynda: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler” diýip aýratyn nygtady.

Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän we Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleri, keselleri anyklaýyş enjamlary hödürlenilýär. Mundan başga-da, dermanhanada weterinar bölümi, sorag-jogap gullugy hereket edýär, eltip bermek hyzmatyny guramak göz öňünde tutulýar.

2-nji aprelde sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

«Adalatçyny saýlamak hakynda»Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararynyň taslamasy maslahatda garalan möhüm meseleleriň biri boldy. “Adalatçy hakynda” Kanuna laýyklykda, deputatlaryň garamagyna üç dalaşgär hödürlenildi. Maslahata gatnaşyjylar gizlin ses bermek arkaly bu wezipä Ý.Gurbannazarowany saýladylar.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan parahatçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, belent sepgitlere ýetmäge ýardam edýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow