Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
Çap edildi 02.04.2022
1513

Şu gün sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Maslahata birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlar gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda», «Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara Yslam söwda we maliýe korporasiýasyny döretmek baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara Zähmet Guramasynyň Tertipnamasyna düzedişleri girizmek hakyndaky namany tassyklamak hakynda», «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga hem-de gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda», «Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga goşulmak hakynda», «Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «Birleşen Milletler Guramasynyň Harytlary halkara satyn almak-satmak boýunça şertnamalar hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Mundan başga-da, deputatlar «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Şeýle hem deputatlaryň öňünde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ý.Gurbannazarowa çykyş edip, ol alnyp barlan işler barada habar berdi.

«Adalatçyny saýlamak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararynyň taslamasy maslahatda garalan möhüm meseleleriň biri boldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň işi dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ynsanperwer ulgamdaky halkara borçnamalaryna kybap gelýän hem-de Adalatçy tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyňdyr azatlygynyň üpjün edilmegini kepillendirýän degişli kanun bilen düzgünleşdirilýär.

“Adalatçy hakynda” Kanuna laýyklykda, deputatlaryň garamagyna üç dalaşgär hödürlenildi. Maslahata gatnaşyjylar gizlin ses bermek arkaly bu wezipä Ý.Gurbannazarowany saýladylar.

Şeýle hem maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy hakynda» kararynyň taslamasyna garaldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar ýokarda agzalan hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň ähli ulgamlarynyň okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow