Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Demokratiýa, parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatlaryna eýerip
Hepdäniň wakalary
Demokratiýa, parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatlaryna eýerip
Çap edildi 22.03.2022
2194

Geçen hepdäniň wakalary ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan demokratik özgertmeler ýörelgelerine ygrarly, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän, netijeli hyzmatdaşlyga hem-de özara medeni gatnaşyklara açyk ýurt hökmünde kabul edilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

15-nji martda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň habar berşi ýaly, saýlaw hukugynyň halkara derejede ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmegiň bellenen şertleri hasaplanýan ählumumy, deň, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinlik, erkinlik ýörelgeleri hem-de bäsleşik esasynda 12-nji martda geçirilen döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň netijeleri boýunça Perhat Begenjow 2,02, Agajan Bekmyradow 7,22, Serdar Berdimuhamedow 72,97, Berdimämmet Gurbanow 2,22, Babamyrat Meredow 1,08, Hydyr Nunnaýew 11,09, Maksat Ödeşow 1,15, Maksatmyrat Öwezgeldiýew 1,16, Kakageldi Saryýew 1,09 göterim ses aldylar.

Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi we ýörite karar bilen berkidildi.

Soňra täze saýlanan döwlet Baştutany ýygnananlara gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin, şeýle hem saýlawlara işjeň gatnaşan ildeşlerimize, özi üçin ses berip, ynam bildiren saýlawçylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, onuň halkara abraýyny belende galdyrmak boýunça amala aşyran ägirt uly işleri barada belläp, ähli güýjüni, ukyp-başarnygyny, bilimini we tejribesini bildirilen beýik ynamy ödemäge gönükdirjekdigine hem-de mundan beýläk-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge, dünýäde parahatçylygy, özara düşünişmegi dabaralandyrmaga, şeýle hem ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge we halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri dowam etjekdigine ynandyrdy.

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze saýlanan döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýeňşiň halkymyzyň bildiren ynamynyň netijesidigini nygtady. Adamlaryň ynamy bolsa, mukaddesdir we hökman ödelmelidir. Munuň üçin, ilki bilen, Watany we mähriban halkyňy çäksiz söýmeli. Hemişe halkyň aladasy bilen ýaşap, ähli güýjüňidir tagallaňy onuň bähbitlerine gönükdirmeli. Eger gerek bolsa, Watanyň we halkyň üçin janyňy hem bermäge taýýar bolmaly diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň bu ynamy ödejekdigine ynam bildirdi.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynyň geçirilmegi bilen bagly meselä aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, bu çärä taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede geçirmek üçin döwlet toparynyň döredilýändigi yglan edildi hem-de onuň düzümini we ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekildi.

Geçen hepdede Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri boldy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjek türkmen Liderini Prezident saýlawlarynyň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de bu saýlawlaryň türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň ýokary derejesini görkezendigini bellediler.

Soňra söhbetdeşler Serdar Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw edip, öz ýurtlarynyň umumy bähbitlere kybap gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öňki döwlet Baştutanymyzyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, dostlukly ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça teklipleri we başlangyçlary goldamaga gönükdirilen syýasatyny dowam etmäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlardaky ynamly ýeňşi bilen gutlap, möhüm we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de tagallalary etjekdigine hem-de Ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga öz goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.

Saýlanan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna geçen hepde dürli ýurtlaryň Liderlerinden we halkara guramalardan döwlet Baştutany wezipesine saýlanmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşdy.

19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň başlyklary, Milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary hem-de deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, döwlet Baştutany wezipesine hödürlenen dalaşgärler, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, milli hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri Ruhyýet köşgüniň zalynda täze saýlanan Serdar Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny hem-de mukaddes Gurhany getirdiler.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy öz çykyşynda 12-nji martda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri boýunça iň köp ses alan dalaşgär (72,97 göterim) Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň Merkezi saýlaw toparynyň kararyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edilendigini habar berdi.

Täze saýlanan döwlet Baştutany sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Türkmenistanyň halkyna kasam etdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy ähli türkmen halkynyň adyndan Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Soňra welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny gowşurdylar we türkmen halkynyň adyndan wezipä girişmegi bilen mähirli gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlarymyza bildiren ýokary ynamy üçin minnetdarlyk bildirip, çykyşynda häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistanyň öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basandygyny, bu döwrüň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” diýlip atlandyrylandygyny nygtady. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk. Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip döwlet Baştutanymyz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geljekde edilmeli işler barada umumylaşdyryp eden çykyşyny tamamlap, kabul edilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin, ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we jebislikde el-ele berip işlemelidigimizi belledi.

“Oguz han” köşkler toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde Hormat garawuly batalýonynyň hem-de goşunlaryň dürli kysymlarynyň harby bölümleriniň esgerleri Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet kasamyny ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesini ýerine ýetirmek üçin “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugraýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň ygtyýarlyklaryny tabşyrmaklary hakyndaky Karara gol çekdi. Ygtyýarlyklaryny tabşyran Ministrler Kabinetiniň agzalary onuň täze düzümi düzülýänçä, öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam ederler.

Şol gün Kabul ediş merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy. Onda ýurdumyzyň sungat ussatlary, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

Agşamlyk baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzyň günorta künjeginde dowam etdi. Türkmenistanyň Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşyjylary meşhur aýdymçylar we ýurdumyzyň tans toparlary şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Asmana atylan feýerwerk bu ýerde guralan dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

19-njy martda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginiň hormatyna paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde toý sadakasy berildi.

20-nji martda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabatlanyp, köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi geçirildi.

Ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çäginde bag nahalyny ekip, bu giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Şol gün tutuş ýurdumyz boýunça ekilen bag nahallary giň tokaý zolaklarynyň bir bölegi bolmak bilen, gülläp ösüş möwsümine giren bereketli türkmen topragyny has-da gözelleşdirdi.

Geçen hepde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabynyň rus we iňlis dillerinde neşirleriniň hem-de “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabaralary boldy.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu eserler türkmen halkynyň taryhy ýoluna has giňişleýin garamaga, onuň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşýan goşandyna has çuňňur düşünmäge, dünýägaraýşynyň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik bermek bilen, medeniýeti öwrenýän alymlar üçin türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna düşünmekde aýratyn gymmatlydyr.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany açdy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlary — döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagy, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegi, türkmen halkynyň rowaçlygynyň ýokarlandyrylmagy we Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagy öz beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow