Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 15.03.2022
943

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gyrgyzystanyň Baştutany milli Liderimizi nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi türkmen döwletiniň jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly döwletiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de gutlag sözleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, merkezi saýlaw toparynyň 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň yglan eden netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylandygyny habar berdi.

Milli Liderimiz öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, gyrgyz kärdeşine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy hem-de iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, Prezident Sadyr Žaparow Gyrgyzystanda hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy ömrüni doganlyk ýurduň ösdürilmegine hem-de onuň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna bagyş edýän parasatly syýasatçy hökmünde gowy tanaýandyklaryny we sarpa goýýandyklaryny nygtady.

Gyrgyz Lideri bular barada aýtmak bilen, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Merkezi Aziýada ýakyn goňşular bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyny nygtady hem-de döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine hem-de doganlyk halklaryň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, iki döwletiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.

Milli Liderimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Prezident Sadyr Žaparow pursatdan peýdalanyp, täze kärdeşini iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, berk jan saglyk we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Biz umumy bähbitlere kybap gelýän gyrgyz-türkmen syýasy we ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynanýarys diýip, Gyrgyzystanyň Baştutany belledi.

Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we ýagşy arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Prezidentiniň doganlyk Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen syýasy ugruny dowam etjekdigini nygtady. Taryhyň dowamynda Gyrgyzystan bilen halklarymyzyň hem-de ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gyrgyz Liderine berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, dostlukly döwletiň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow