Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň mizemez bitewüligi ata Watanymyzyň üstünlikleriniň binýadydyr
Hepdäniň wakalary
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň mizemez bitewüligi ata Watanymyzyň üstünlikleriniň binýadydyr
Çap edildi 20.02.2022
1659

Ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu wakanyň ähmiýeti köpugurly häsiýete eýe bolup, onda döwletimiziň hem-de saýlawlara gatnaşjak ähli ildeşlerimiziň ykbaly öz beýanyny tapar. Halkymyz jemgyýet we döwlet işlerini dolandyrmaga öz dahyllylygyna düşünip, mähriban Watanymyzyň röwşen geljegine uly ynam bilen erk-islegini äşgär eder.

Häzirki wagtda syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçi toparlary iň ýokary döwlet wezipesine has mynasyp dalaşgärleri hödürlemegi dowam edýärler. 14-nji fewralda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy dalaşgärlige hödürlemek baradaky çözgüt kabul edildi.

Ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň 15-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary IV gurultaýynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow hödürlenildi.

Saýlaw möwsüminiň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe sebitinde raýatlaryň teklipçi toparlarynyň has mynasyp dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklary geçirildi. Lebap welaýatynda şeýle uly ynama welaýatyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow, Balkan welaýatynda bolsa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow mynasyp görüldi.

Merkezi saýlaw toparynda dalaşgärler bellige alnyp, olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde 19-njy fewralda Ahal we Mary welaýatlarynda ýygnaklar geçirildi. Olaryň jemleri boýunça Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew, Mary welaýatyndan bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew dalaşgärlige hödürlendi.

Dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Ýakyn wagtda döwlet Baştutany wezipesine hödürlenýän beýleki dalaşgärleriň atlary hem mälim bolar. Munuň özi öňde boljak Prezident saýlawlarynyň açyklyk we aýdyňlyk şertlerinde geçýändiginiň subutnamasydyr.

14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Hususan-da, halkara ýük daşamalaryň ugurlaryny giňeltmek hem-de özara söwdanyň mukdaryny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de döwlet Baştutanlary ýangyç-energetika ulgamynda we obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, iki dostlukly goňşy döwletiň arasynda syýasy, ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi.

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilýändigini, şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň ykdysady taýdan bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde-de bähbitlidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gazagystanyň Hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza bolan saparynyň çäklerinde gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak baradaky teklibini öwrenmegi tabşyrdy. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde we täze iş orunlaryny döretmekde uly ähmiýete eýe bolar. Senagat toplumyny Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde zerur bolan düzümler, şol sanda awtomobil we demir ýollary bar.

Hormatly Prezidentimiz türkmen tebigy gazyny goňşy ýurtlaryň çäginden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini hemmetaraplaýyn öwrenmegi hem-de ýurdumyzyň halkara düzümlerde alyp barýan strategik işlerini utgaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belledi we şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän ähli işleriň, şol sanda gurluşyklaryň bellenilen kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýandan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işleri dowam etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejä laýyk getiren ilkinji döwletleriň biridir.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny geljek 30 ýyl üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady.

17-nji fewralda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly amal edilýän işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň nobatdaky tapgyry Babadaýhan etrabynyň çäginden badalga alýar.

Döwlet Baştutanymyz dikuçarda paýtagtymyzyň günorta künjegindäki dag eteklerinde ýerleşen Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny synlady. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri, şol sanda toplumyň çägini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Şeýle hem şäheriň bu böleginde Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýetiniň işçi-hünärmenleriniň tagallasy bilen ýagyn we sil suwlaryny bir ýere jemleýän howdanyň gurluşygy alnyp barylýar. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda Gurtly ýaşaýyş toplumynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini hem-de köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» oteliniň ýanynda gurulýan Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygyny synlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň başlanýan ýerine gelip, ilki bilen, täze ýoluň gapdalyndaky ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşigine degişli ýerde ýeralma ekişini geçirýän mehanizator we kärendeçi daýhan bilen söhbetdeş bolup, olaryň durmuş-ýaşaýyş şertleri, kärendeçileriň ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilişi barada gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyza soňky ýyllarda ýol-ulag düzüminiň gurluşygynda işjeň ulanylýan, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalary, täze awtomobil ýolunyň geçjek ugurlarynyň çyzgylary, ýoluň ugrunda bina ediljek desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.

Bu awtoban Türkmenistandaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, Türkmenistanda täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar. Ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini höweslendirmek bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berer.

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş işini mundan beýläk-de ösdürmek, nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan himiýa önümlerini öndürmek, daşky gurşawy goramak we ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça döwlet strategiýasynyň amala aşyrylyşy barada habar berildi.

Milli kanunçylygy kämilleşdirmek, 2022-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän esasy binalaryň we önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalaryň sanawyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler, Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, bu işler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adamlaryň sanyny köpeltmäge, zyýanly endikler sebäpli döreýän keselleriň derejesini azaltmaga, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakynda hem-de Milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakynda Düzgünnamalaryň we bu sanawlar boýunça pudagara topar we onuň düzümi baradaky Düzgünnamanyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berildi. Bu taslamalar ýurdumyzda milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň sanyny artdyrmaga, olary giňeltmäge we ösdürmäge, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgama geçmegiň türkmen ykdysadyýetiniň toplumlaýyn wezipelerini çözmek üçin ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtady. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz bu ugurdaky işi mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen, ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasynyň taýýarlanylmagy mejlisde garalan meseleleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teklibi makullap, degişli Karara gol çekdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda», «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakynda», «Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine pagta önümlerini ýerlemek hakynda» Kararlara, konteýnerleri daşamagyň ýeňilliki bahalarynyň ulanylmagyny kadalaşdyrmaga gönükdirilen Buýruga gol çekdi, şeýle-de harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasynyň, olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibini hem-de ýuridik we fiziki şahslara kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň Tertibini tassyklady.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerini Bitarap Watanymyzda her ýylyň 18-nji fewralynda giňden bellenip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn ösdürilmegine diplomatlaryň mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Milli Liderimiz bu sylaga Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýäniň döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sylagyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, sylagy dabara gatnaşyjylaryň we mähriban halkymyzyň bildirýän uly ynamy hem-de çäksiz hormaty hökmünde kabul edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly ýene-de bir kitabyny tamamlandygyny habar berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysydyr.

Şeýle hem 19-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Geçen hepdede Aşgabatda sanly ulgam arkaly zenanlaryň ýagdaýlary baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz we «BMG — Zenanlar» düzüminiň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy tarapyndan guraldy.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň medeniýet öýüniň maslahatlar zalynda geçen hepdede milli medeniýetimiziň we köpasyrlyk däplerimiziň ruhy siňen baýramçylyk şatlygy höküm sürdi. Bu ýerde 2021-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby adyna mynasyp bolan Dänew etrabyna berlen baýragy gowşurmak dabarasy boldy.

18-nji fewralda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de abraýly guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly bütin adamzat dünýäsiniň gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň giňeldilmegine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşjakdygyna ynanýaryn diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy ilerletmek boýunça teklibiniň ähli ýurtlaryň halklarynyň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkarar etmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini bellediler. Anyk kesgitlenen sagdyn syýasy ölçeglere, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan bu täze filosofiýa halkara ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýän ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýär.

20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport awtoulagynda gezelenç etdi hem-de Amul — Hazar ýolunda öwrümleri ussatlyk bilen geçip, ulagy dolandyrmagyň ýokary derejesini görkezdi.

Awtomobil sporty ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, munuň özi adamda çalasynlygy hem-de kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmak ukybyny ösdürýär we saglygy berkidýär.

Geçen hepdäniň wakalary halkymyzyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilikli zähmetiniň täze üstünliklerine beslendi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, Watanymyzyň taryhynyň şöhratly sahypalaryna, özboluşly milli medeni mirasymyza hem-de halkymyzyň ruhy güýjüne daýanýan durmuş ugurly syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň mysalydyr.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow