Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli strategiýasy ýurdumyzyň ösüşiniň we halkymyzyň abadançylygynyň kepilidir
Hepdäniň wakalary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli strategiýasy ýurdumyzyň ösüşiniň we halkymyzyň abadançylygynyň kepilidir
Çap edildi 07.02.2022
4127

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän umumy özgertmeler strategiýasynyň esasy ugurlary — özara bähbitli, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy, baý tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagy, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerine bolan islegini dolulygyna kanagatlandyrýan kuwwatly obasenagat toplumynyň döredilmegi, türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň öwrenilmegi we dünýäde giňden wagyz edilmegi öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň 31-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekişe taýýarlyk, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň gün tertibine geçilmezden öň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmagyň we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň Aşgabada gelip gowşandygy habar berildi. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi.

Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy şanly waka bilen gutlap, bu babatda milli we halkara derejelerinde geçiriljek degişli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda döwlet Baştutanymyz ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny, türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny hem-de türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek barada görkezme berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ÝUNESKO-nyň halkara hukuk namalaryna Türkmenistanyň goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmegi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de bu guramanyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň käbirini girizmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Maslahatda şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda görülýän çäreler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň welaýatlarynda 30 müň gektar ýerde ýeralmanyň, 10 müň gektar meýdanda soganyň ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Tutuş 2022-nji ýylda 106 müň gektar meýdanda ýeralma hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Şol sanda 65 müň gektar ýerde ýazlyk, 41 müň gektar ýerde güýzlük ekiş geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň abat ýagdaýda saklanmagyny hem-de möwsümleýin işlerde netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň döwrüň möhüm meselesidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýeralma we sogan bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin zerur bolan işleriň geçirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynyň, ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda, döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň iberilýän eksport ugurlarynyň giňeldilmeginiň, pudaga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tebigy gazyny üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň işjeňleşdirilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 7,4 göterime, gurluşykda 0,3 göterime, ulag-kommunikasiýa toplumynda 4 göterime, söwdada 8,8 göterime, oba hojalygynda 3,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 6,1 göterime barabar boldy.

Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7,7 göterim köpeldi.

Hasabat döwründe bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim artdy. Bu görkeziji daşary söwda dolanyşygynda 6,3 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102 göterim, çykdajy böleginiňki 83,2 göterim berjaý edildi.

Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köpeldi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz döwletimizi ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň gysga we orta möhletlerde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşini üpjün etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ähli pudaklaryň ösüş ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygy, maliýe-ykdysady we bank toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň durmuşa geçirilmelidigi bellenildi. Şeýle hem Hökümetiň mejlisinde Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk, ýangyç-energetika toplumyny, gurluşyk-senagat we energetika pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, düzümleýin desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek, eksport ugurly harytlaryň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň edaralarynyň ugurdaş düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şu ýylyň fewral aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň we dabaralaryň maksatnamasynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň meýilnamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berildi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen pagta çigidiniň bahasy bellenildi hem-de teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.

4-nji fewralda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy.

Iş saparynyň öňüsyrasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «CCTV», “CGTN in Russian” telekompaniýalarynyň, “Ženmin žibao” gazetiniň hem-de “Sinhua” habarlar agentliginiň wekilleriniň sowallaryna beren jogaplarynda Pekinde gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çözgüdiniň, ilkinji nobatda, bu wakanyň tutuş dünýä üçin örän möhümdigine düşünmek bilen şertlendirilendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan üçin Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň we geljegi uly bazar däl-de, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdur. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk wagtyň synagyndan geçdi, öz netijeliligini görkezdi we häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şertine öwrüldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň we Türkmenistanyň degişlilikde, “Bir guşak — bir ýol” we “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi” başlangyçlarynyň uzak möhletleýin özara bähbitlere kybap gelmegi baradaky sowala jogap bermek bilen, hakykatda, özara bähbitleriň bolmagynyň Türkmenistana we Hytaýa ýokarda agzalan strategiýalary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge ýardam berýändigini belledi. Bu başlangyçlaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berer hem-de häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantika ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologiýa ulgamlaryny hem-de senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine, halklaryň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada aýdyp, iki ýurduň baý taryhy mirasyny öwrenmegi we wagyz etmegi, döredijilik we ylmy işgärleriň giňden gatnaşyk etmekleri üçin oňyn şertleri döretmegi, bilim we sport ulgamlarynda özara gatnaşyklary bu hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.

Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça hytaýly kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda soňky ýyllarda taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşyklarda saglygy goraýyşda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli gatnaşyklaryň tejribesini dowam etdirmäge taraplaryň taýýardygy beýan edildi.

5-nji fewralda Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda strategik döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry hökmünde bellenildi. Milli Liderimiz gaz geçirijiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrmak meselesini Türkmenistanyň jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýa 4-nji şaha boýunça (“D”) tebigy gazy ugratmak üçin esasy serişde binýady hökmünde “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçiliklerini seljermegiň, şeýle hem harytlyk tebigy gazyň nyrhy babatda dünýä tejribesinden ugur alnyp, gazyň bahasyny kesgitlemek meselesini ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň täze şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý we Hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmegi tabşyrdylar.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunda söwda-ykdysady ugur bilen bir hatarda ynsanperwerlik hususan-da, ylym we bilim, medeniýet we sungat, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda özara gatnaşyklara uly üns berildi.

Gepleşikleriň ahyrynda döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin taraplaryň mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa gatnaşyjylar milli Liderimiziň Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de hytaýly kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdiler.

Geçen hepde Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň ulag ministrleriniň sanly ulgam arkaly geçirilen 11-nji maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda üstaşyr ýük daşamalary ýönekeýleşdirmegiň we düzgünleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem YHG sebitinde ulag gatnawynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda pikir alşyldy.

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmagyň we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda halkymyzyň aýdym-saz sungatyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ylmy gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlaryň iri ylym merkezleri we bu ugurdaky halkara düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen giňden hyzmatdaşlyk etmek bu işiň möhüm ugurlarynyň biridir.

Dabaranyň dowamyndaky çykyşlar ýurdumyzyň sebitleriniň bagşy-sazandalarynyň birleşen toparynyň, zenan bagşylaryň, tanymal halk bagşylarynyň hem-de sungat dünýäsine ýaňy gadam basan aýdymçylaryň çykyşlary bilen utgaşdyryldy. Şeýle hem dabarada welaýatlardan we paýtagtymyzdan aýratyn tapawutlanan «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada mynasyp bolan dutar ussalarynyň atlary yglan edildi hem-de olara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide görkezilen gymmatlyklar meşhur halk sazandalarynyň, türkmen halk sazyny wagyz edijileriň döredijiligi barada gürrüň berýär.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmagyň we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli çäreler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge oňyn çemeleşmek, ylmy-tehniki ösüşi ugur edinmek, durmuş abadançylygy, şeýle hem milletimiziň baý taryhy we medeni mirasyny, onuň beýik ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dikeltmek we artdyrmak bu syýasatyň özenini düzýär.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow