Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ata Watanymyz döredijiligiň we üstünlikleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ata Watanymyz döredijiligiň we üstünlikleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar
Çap edildi 02.01.2022
3636

Halkymyz 2022-nji ýyly uly şatlyk we ruhubelentlik bilen garşy aldy. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli artdyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy hem-de döwletler we halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy.

27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýädäki kynçylyklara garamazdan, geçen ýyl Garaşsyz Watanymyz üçin, umuman, üstünlikli ýyl boldy. Halkara ähmiýetli çäreler geçirildi, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy ýokary derejede bellenildi. 2021-nji ýyl üçin bellenen ähli işlerimiz diýen ýaly üstünlikli amala aşyryldy.

Milli Liderimiz geljekki meýilnamalar barada aýtmak bilen, ykdysadyýetde, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda yzygiderli çäreleriň giň gerimli toplumyny amala aşyrmagy hem dowam ederis diýip nygtady. Ilatyň ähli gatlaklarynyň zerurlyklaryna we isleglerine düýpli üns bereris. Saglygy goraýşyň mümkinçiliklerini yzygiderli berkidip, zerur bolanda, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin goşmaça serişdeleri goýbereris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Häzirki döwürde halkymyzyň agzybirliginiň, her bir raýatyň Garaşsyzlygyň gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly goramagynyň örän möhümdigi aýratyn bellenildi.

Biz halkara howpsuzlyk ulgamyny berkitmäge gönükdirilen daşary syýasy ugrumyzy dowam etdirip, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ornuny pugtalandyrmaga ýardam bereris. Milli bähbitlerimizi berk gorap, häzirki köpugurly dünýäde özüniň netijeliligini görkezen sazlaşykly we oýlanyşykly daşary syýasatymyzy yzygiderli alyp bararys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  2022-nji ýylyň deputatlaryň giňden maslahatlaşmagy hem-de ýurdumyzyň ilatynyň isleg-arzuwlarynyň göz öňünde tutulmagy netijesinde işlenilip taýýarlanan “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygaryny hem-de degişli nyşany tassyklady.

Bilelikdäki mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz halkymyzyň isleg-arzuwyny we haýyşyny göz öňünde tutup, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny, häkimleri ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, bars ýylynyň ajaýyp wakalara baý ýyl boljakdygyny belledi. Bars paýhasly, hemmetaraplaýyn ösen we maksadyna ýetmegi başarýan jandardyr. Ol adamlara ýagşylyk edýär, “ýuwaş bolmagy, igenji” halamaýar.

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgda geçirilýän GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldy.

Döwlet Baştutanymyz sammitde täze başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş edip, ylmy lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA giňişliginde biologik howpsuzlygyň meseleleri barada aýdyp, bu ulgamda bitewi resminama täzeden garamagy we gol çekmegi teklip etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň şeýle resminama eýýäm gol çekendiklerini belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Russiýadan tapawutlylykda, beýleki kliniki alamatly arid zolaklarda ýerleşýändiklerine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu zolagyň aýratynlyklaryndan ugur alyp, bu ýokanjyň genomyny öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bakteriologiýa we wirusologiýa ulgamlarynda bitewi çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny belläp, bu meselede Russiýanyň goldawynyň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň işine täze kuwwatly itergi bermek barada aýdyp, Arkalaşygyň içinde hem-de beýleki döwletler we halkara ykdysady birleşikler bilen özara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap ugurlarynyňdyr nusgalarynyň zerurdygyny yzygiderli belleýär.

Şeýle hem saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hem-de Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek hem-de ony geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz şol döwürde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisini geçirmegiň mümkinçiligini öwrenmegi hem teklip etdi.

Zenanlaryň dialogy görnüşindäki duşuşygyň dünýä syýasatynda özara hereketleriň görnüşi hökmünde BMG-niň derejesinde-de uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň taýýarlanylmagynyň, zenanlaryň döwlet we halkara durmuşynda işjeňliginiň artmagynda dialogyň ähmiýetiniň beýan edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Geçen hepde ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halkymyzyň erk-isleginiň beýany bolup, ol döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň üstünlikleri bilen gönüden-göni baglanyşykly giň gerimli işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

2022-nji ýylyň baş şygarynyň mazmunynda türkmenistanlylaryň milli Liderine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat duýgularynyň hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ertirki bagtyýar gününe ynamy beýan edilendir.

2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmak, ylym, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalar hem-de wezipeler kesgitlenildi. Çykyş edenler olaryň ählisiniň türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belläp, bu meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmakda, hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenen içeri we daşary syýasatyny, mähriban Watanymyzyň parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň ýolundaky gazananlaryny wagyz etmekde yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygarynyň tassyklanylmagy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem dabara bilen bellenildi. Çärä gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, 2022-nji ýylyň şygary türkmen halkynyň aň-paýhasyna, medeni däplerine laýyk gelip, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, döwletimiziň okgunly ösüşi üçin esas goýujy bolup durýan ynsanperwer ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Meşhur şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlap taýýarlan döredijilik çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Elbetde, geçen hepde Täze ýyl baýramynyň şatlyk-şowhunyna baý boldy. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezi boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy oturdyldy.

Bu ertekiler şäherjigine baýramçylykdan birnäçe gün öň hormatly Prezidentimiz hem geldi. Milli Liderimiz işiniň örän köp bolmagyna garamazdan, her ýyl Baş arçanyň ýanynda guralýan dabara gatnaşmak üçin wagt tapýar.

Baýramçylyk dabarasyna göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, şeýle hem çagalar öýlerinde terbiýelenilýän çagalar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Çärä gatnaşyjylaryň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ýene-de bir ýatda galyjy Täze ýyl çäresi Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi. Köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary folklor hem-de tans toparlarynyň, teatr we sirk artistleriniň, ýaşajyk artistleriň taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çärä gatnaşyjylara baýramçylyk süýjülik torty paýlanyldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara hem milli Liderimiziň adyndan Täze ýyl baýramy mynasybetli sowgatlar gowşuryldy. Olary Aýazbaba we Garpamyk, artistler hem-de döredijilik toparlary, bilim ulgamynyň wekilleri gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş watandaşlarymyz baradaky yzygider aladalary netijesinde Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi. Bu ýerde ösüp gelýän nesliň arzuwlary hasyl bolýar. Şunda çagalar Aýazbaba arzuwly hatlaryny ýollap, olaryň hasyl bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasy sowgat alanlaryň biri hem aşgabatly mekdep okuwçysy Ibraýym Rüstemowdyr. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň öňünde geçirilen dabara mahalynda ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aýazbaba hat ýollandygyny we şol hatda hormatly Prezidentimiz bilen surata düşmek hem-de täze welosipedi sowgat almak mümkinçiligi barada haýyş edendigini gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz oglanjygyň arzuwlarynyň ählisiniň hasyl boljakdygyny aýtdy, çünki Türkmenistan çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr.

Oglanjygyň arzuwlarynyň birinjisi Baş arçanyň öňündäki dabaranyň barşynda hasyl boldy. Bu ýerde Ibraýym milli Liderimiz bilen surata düşdi. Yz ýany bilen bolsa Ibraýymyň ikinji arzuwy hem hasyl boldy. Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk oglanjygyň öýüne gelip, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ak reňkli welosipedi gowşurdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji dekabrda säher bilen ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyny, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerini telefon arkaly täze — 2022-nji ýyl bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Täze ýyl gijesi “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada guralan baýramçylyk dabarasynda meşhur estrada aýdymçylary we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Däp bolan teleköpri paýtagtymyzy ähli welaýatlaryň merkezleri bilen baglanyşdyrdy. Welaýatlarda Täze ýyly garşylamak dabaralary “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda geçirildi.

Telemonitorlaryň ekranlary arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň esasy ugurlaryny belledi, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gysgajyk häsiýetlendirdi, içeri we daşary syýasatymyzyň netijelerine baha berdi hem-de mähriban Watanymyzyň döredijiligiň we üstünligiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi.

«Goý, 2022-nji ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyza agzybirlik we asudalyk ýar bolsun! Şan-şöhrata beslenen bagtyýar günler, döwletli döwran dowamat-dowam bolsun!” diýip, milli Liderimiz arzuwyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen agzybirlikde täze ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýan pursatlary şatlyk-şowhuna beslendi.

Milli Liderimiziň agtyklary özleriniň şatlyklary, täze döredijilik işleri we ýakymly pursatlary bilen mähriban atasyny begendirdiler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň garşylanýan ajaýyp pursatlarynda ata Watanymyzyň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony “Jan Watanym Türkmenistan!” diýip atlandyrandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz täze döreden eserini ilki bilen maşgala agzalaryna okap berdi.

Hormatly Prezidentimiziň “Öňe, öňe, diňe öňe! — biziň beýik şygarymyz” diýen setirleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkyna milli Liderimiziň baştutanlygynda giň gerimli işleri dowam etdirmäge çagyryş bolup ýaňlandy.

Şunluk bilen, 2022-nji ýyla gadam basdyk. Onuň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagy döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň durmuşynda nobatdaky möhüm tapgyry alamatlandyrýar.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow