Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Hepdäniň wakalary
Ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Çap edildi 15.11.2021
3189

Geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna, ony ösen ýurtlaryň hataryna çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady, senagat, energetika, ulag ulgamlarynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz we Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge tagallalary birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Söwda-senagat edarasynda Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy. Ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri awstriýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini, täzeçil enjamlaryň, şol sanda radioýaýlym, lukmançylyk, sport enjamlarynyň getirilmegini guraýan bilelikdäki kärhanalary döretmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bu gezekki sapary däp bolan döwletara gatnaşyklary berkitmegiň hem-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Şeýle hem bu sapar Garaşsyz türkmen döwletiniň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen doly möçberli gatnaşyklaryny has-da giňeltmekde ähmiýetlidir.

10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň hem-de bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz görkezilen desgalaryň taslamalary we çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gurulýan desgalaryň hataryna üç sany 16 öýli ýaşaýyş jaýy hem girýär. Döwlet Baştutanymyz taslamalar taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine aýratyn üns berilmelidigini, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gulluk itleriniň saklanýan ýerine baryp gördi, olar üçin döredilen şertler, gulluk üçin taýýarlanylyşy bilen tanyşdy. Soňra bolsa harby we hukuk goraýjy edaralar üçin niýetlenen athananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine atly ugrady. Şeýle hem bu ýerde atşynaslar we serkerdeler üçin binalar gurlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de içeri işler ministrine degişli tabşyryklary berdi. Toplumyň çäginde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň döwrebap ýagdaýda saklanmagy, olaryň baş sanynyň artdyrylmagy we ýörite seýisçilik işleriniň geçirilmegi üçin döredilýän şertler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde ýerleşýän nyşana ok atmak boýunça türgenleşmek üçin niýetlenen atyşhana bardy. Döwlet Baştutanymyz atyşhanada nyşana ok atdy. Atylan oklaryň nyşananyň merkezine degmegi milli Liderimiziň ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz şahsy düzümleriň sportuň harby-amaly görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagynyň harby işde söweşjeň wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine bildirilýän esasy talapdygyny belledi we atan nyşanalaryna öz goluny goýdy.

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen ýylynda pagtaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň bilelikdäki tagallasy netijesinde “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy. Şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren daýhanlar ýetişdirilen hasylyň hemmesini ýygnap almak maksady bilen, irginsiz zähmet çekýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pagtaçylaryna we oba hojalyk pudagynyň ähli işgärlerine olaryň öndürijilikli zähmeti we gazanan ýeňişleri üçin minnetdarlyk bildirip, toprakdan alynýan hasylyň Watanymyzyň baýlygydygyny, halkymyzyň abadançylygydygyny belledi.

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz has tapawutlanan kärendeçileri we welaýat häkimlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi. Şeýle hem maslahatda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýeten sepgitlerine bagyşlanyp geçiriljek sergä we ylmy-amaly maslahata taýýarlyk meselelerine garaldy.

12-nji noýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Sammitden birnäçe gün öň hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT World” teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna, dürli görnüşdäki sebit we halkara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň geçen 30 ýylyň dowamynda ýeten sepgitleri barada aýdyp, garaşsyz, kuwwatly, durnukly ösýän ykdysadyýeti, uly senagat-önümçilik binýady, köpugurly ulag we kommunikasiýa ulgamy, kuwwatly energetika toplumy, döwrebap oba hojalygy bolan döwlet hökmünde kemala gelendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etmegi barada aýdyp, Türkmenistanyň bu geňeşiň mejlislerine hemişe işjeň gatnaşyp gelýändigini belledi. Türkmenistan türki dilli ýurtlaryň ählisi bilen dürli ugurlarda dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna berk ynam bildirildi.

“Sanlylaşdyrma döwründe “ýaşyl” tehnologiýalar we “akylly» şäherler” şygary astynda geçen sammite Türki geňeşe agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary, guramanyň Baş sekretary, şeýle hem Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Sammitiň gün tertibi many-mazmuna baý boldy. Gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyp, guramanyň geljegi, şol sanda onuň adyny üýtgetmek barada wajyp meseleler boýunça çözgütleri kabul etdiler. Üçünji ýurtlar we edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň şertlerini kesgitlemek, Türki maýa goýum gaznasyny döretmek we 2040-njy ýyla çenli türki dünýäniň maksatnamasyny tassyklamak esasy meseleleriň hatarynda boldy. Şonda guramanyň orta möhletli we uzak möhletli maksatlary hem-de wezipeleri beýan edildi.

Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejede goşulmagy sammitiň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, şu duşuşygyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, sebäbi şu gün biziň ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde girmegi barada çözgüdiň kabul edilýändigini aýtdy. Bu bolsa, ulaldyp aýtmanyňda, Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan örän möhüm taryhy wakadyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň işine hemişe uly hormat goýmak we gyzyklanma bilen garaýandygyny belläp, geňeşiň işini gowulandyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi.

Ýer ýüzünde çylşyrymly ýagdaýlar, düýpli özgertmeler bolup geçýän häzirki döwürde doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge agzybirlikde çemeleşmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi munuň özi aýdyň we jogapkärli garaýyşlary işläp taýýarlamagy talap edýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki şertlerde biziň ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň döwletlerimiziň kuwwatyny birleşdirmek, serişde, geografik, önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerimizi peýdalanmak, diňe bir milli ykdysadyýetlerimizi ösdürmäge güýçli ýardam etmän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady düzüme hem düýbünden başga mazmun we häsiýet berer. Şu babatda Hazar sebitinden Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa energiýa ulgamlaryny, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän üstaşyr logistik geçelgeleri gurmagyň taslamalary göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň şu ugruny güýçlendirmegiň, türki dilli döwletleriň oýlanyşykly bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegiň, şonuň esasynda ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara düzümler, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýalary bilen bilelikdäki işleri güýçlendirmegi hem-de Yslam ösüş banky we Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe edaralaryny çekmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy teklip etdi.

Türkmenistan häzirki düýpli ekologik howplara garşy halkara tagallalary birleşdirmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, «ýaşyl» gün tertibi bilen bagly ençeme anyk we zerur ädimleri ätmegi teklip edýär.

Biz az uglerodly önümçilikleri ösdürmek çärelerini amala aşyrmaga gönükdirilen Ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmegi zerur hasaplaýarys. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika pudagynda ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde wodorody ösdürmegiň halkara «Ýol kartasyny» döretmegiň möhümdigini nygtaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlary amala aşyrmakda türki dünýäniň raýdaşlygynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň pikirimizçe, türki dilli döwletleriň birleşiginiň halkara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we geografiýasyny giňeltmegini onuň guramaçylyk düzümini berkitmek hem-de kämilleşdirmek zerurlygy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de biziň ýurtlarymyzyň ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen meşgullanjak ýörite komitetleri döretmek barada hem pikirlenip boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türki geňeşiň Baş sekretarynyň möhüm ornuny ykrar edip, onuň geografik ýagdaý boýunça orunbasarlarynyň wezipelerini girizmek barada oýlanmagy teklip etdi. Olar bu ýokary derejesini peýdalanyp, Aziýa we Ýewropa kontinentlerindäki dürli döwletleriň gatnaşyklary bilen jikme-jik meşgullanarlar.

Ýokary derejedäki şu duşuşyk Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde girmegi hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine buýsanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de şu gün biz doganlyk halklaryň ilerlemegi, gülläp ösüşi we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegi üçin tagallalarymyzy hem-de hyjuwymyzy birleşdirip, bilelikde has-da kuwwatly bolduk diýip aýtdy.

Sammitde häzirki sebit hem-de halkara derejedäki syýasy we ykdysady ýagdaýlar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Gurama başlyklyk etmek Azerbaýjandan Türkiýä geçen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň netijeleri boýunça Stambul jarnamasyna we birnäçe kararnamalara gol çekildi.

Stambula saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanlary bar bolan uly mümkinçilikler hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmak bilen, taraplaryň iki ýurduň bähbitlerine, sebitde we dünýäde abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň synçy derejede Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine goşulyşmagy baradaky çözgüdiň giň ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Stambul şäherinde geçirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika we beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça özara hereketleri has-da ösdürmegiň zerurdygyny aýdyň ýüze çykarýar. Bu bolsa geljekde Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlanandan soň, Türkmenbaşy şäherine geldi. 13-nji noýabrda milli Liderimiz bu ýerde egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna bardy. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport gurallary bilen üpjün edilendir. Köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine niýetlenendir.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen, ildeşlerimize, ilkinji nobatda, ýaş nesle görelde bolup durýar. Ine, bu gün hem milli Liderimiz egindeşleri bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik gurady. Adamlaryň saglygyny pugtalandyrmak, jemgyýetde işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerini döwlet Baştutanymyz hemişe üns merkezinde saklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde ýedi gatly, 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy.

Bu ýerde pediatriýa, ginekologiýa, neýrotrawmatologiýa, hirurgiýa, urologiýa, onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem hassahanada dogrum, “Tiz kömek”, funksional we şöhle arkaly anyklaýyş bölümleri, merkezleşdirilen barlaghana, gan banky ýerleşer.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly hassahananyň gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, iň esasysy bolsa, onuň enjamlaşdyrylyşynyň dünýä ölçeglerine gabat gelmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde käbir wise-premýerleriň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysynyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy. Hususan-da, gürrüň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny doly güýjünde işletmek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ulag-logistika düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmagyny işjeňleşdirmek barada barýar.

Döwlet Baştutanymyz Hazar sebitiniň toplumlaýyn ösdürilmegine ünsi çekip, gurulýan köpugurly hassahananyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara çäreleriň geçirilýän merkezi bolmalydygyny nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanun hem bar.

Ýurdumyzyň 2022-nji ýyl üçin baş maliýe resminamasy girdejiler we çykdajylar boýunça 85 619,2 million manat möçberde tassyklanyldy. Bu Kanun zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydygyny belleýär. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen 15-nji maslahatynda hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 12-nji noýabrda geçirilen üçünji mejlisinde garaldy we biragyzdan makullanyp kabul edildi.

Aşgabatda geçirilen “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki maslahatda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Onuň işine diňe bir işewür toparlar däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler.

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ünsi we goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap pudaklaýyn düzümleriň, innowasiýa işi üçin mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny bellediler.

Milli Liderimiziň forumyň öňüsyrasynda degişli Karara gol çekmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldaw bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei Technologies Co., Ltd” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga, şeýle hem Lebap we Mary welaýatlarynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldaw bermek barada Finlýandiýa Respublikasynyň “Nokia Solutions and Networks Oy” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Geçen hepde Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy bolup, olar ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmenbaşy şäherindäki ýokanç keseller hassahanasy hem-de Magtymguly etrabyndaky köpugurly hassahana ýurdumyzyň günbatar sebitiniň saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň üstüni ýetirdi. Şol dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Balkan welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory, doktor Hans Klýuge goşuldy hem-de lukmançylyk merkezleriniň jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny, abadançylygy, howpsuzlygy, Türkmenistanyň lukmançylyk düzümleriniň ygtybarlylygyny we işjeňligini alamatlandyrýandygyny nygtap, bu hassahananyň ýokanç kesellere garşy göreşde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenbaşy şäherinde ulanylmaga berlen täze ýokanç keseller hassahanasy epidemiologik gözegçiligi üpjün etmek, dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we netijeli bejermek boýunça Türkmenistanda geçirilýän işleriň nobatdaky mysalydyr.

Magtymguly etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen täze hassahanada hem ýokary hilli dürli lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde 50 orunlyk stasionar hem-de 30 orunlyk ambulatoriýa otaglary, «Tiz kömek» gullugy göz öňünde tutulypdyr.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalary Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Günorta Koreýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda “KamAZ” kysymly ulaglary abatlamak, hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkeziň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak hakynda beren tabşyrygyna laýyklykda badalga berildi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kamsk awtomobil zawody tarapyndan öndürilýän “KamAZ” kysymly ýük awtoulaglary paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň iri gurluşyklarynda ulanylýar. Kompaniýanyň inžener-işläp düzüjileri awtoulaglaryň görnüşini yzygiderli kämilleşdirip, ýurdumyzyň howa şertlerine görä onuň häsiýetnamalaryny gowulandyrýarlar.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary täze tapyndylary ýüze çykardylar. Alymlar tarapyndan “hünärmentçilik toplumy” diýlip atlandyrylan meýdançada demir magdanlaryny eredip, metal almak üçin niýetlenen tegelek peçleriň altysynyň galyndylary tapyldy. Arheologik tapyndylar arkaly alymlar bu ýerde küýzegärçilik ussahanasynyň ýerleşendigini kesgitlediler. Onda arheologik edebiýatda “simap küýzejigi” diýlip atlandyrylýan keramiki gaplar öndürilipdir.

Däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ekerançylaryň ýyllyk zähmetiniň jemini jemläp, topragymyzyň we saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy dabaraly ýagdaýda bellenildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän bu ýyl oba zähmetkeşleriniň täze üstünliklerine beslendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda bu baýramyň örän çuňňur many-mazmuna eýedigini, halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragynda öndürilen hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi. “Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.

Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjy işgärlerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde oba hojalygynyň hem-de agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleriniň uly sergisi guraldy hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy: ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Milli Liderimize obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan Hazyna atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Hasyl toýy daýhanlarymyzyň zähmetine we döredijilik zehinine özboluşly sena bolup, onda türkmen halkynyň myhmansöýerlik, özara düşünişmek, goldaw bermek we dostluk ýaly gadymy däpleri öz beýanyny tapdy. Bu däpler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan oňyn Bitaraplyk, açyklyk, dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynda hem dowam etdirilýär.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow