Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan — parahatçylygyň, dostlugyň, doganlygyň we beýik üstünlikleriň ýurdy
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan — parahatçylygyň, dostlugyň, doganlygyň we beýik üstünlikleriň ýurdy
Çap edildi 31.10.2021
4192

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de işjeň halkara gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň köp sanly döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berýär. Şunda ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çalt depginlerde goşulyşmagy üçin geosyýasy, ykdysady, serişde we adam kuwwatlyklarynyň doly derejede peýdalanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar hyzmatdaşlyk babatda meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Milli Liderimiz häzirki günde iki ýurduň arasynda halkara resminamalaryň 120-sini öz içine alýan hyzmatdaşlygyň uly şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň döredilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderli we durnukly ösýändigini, dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, anyk çylşyrymlylyklar babatda, türkmen statistikasynyň maglumatlaryna görä, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň 2021-nji ýylyň sekiz aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,6 göterim artandygyny belledi. Şu görkeziji boýunça Gazagystan Türkmenistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika, ulag we kommunikasiýa, obasenagat toplumy hem-de birnäçe beýleki ulgamlar görkezildi.

Nygtalyşy ýaly, türkmen-gazak hyzmatdaşlygy halkara terrorçylyk, narkotrafik, serhetüsti jenaýatçylyk ýaly wehimlere hem-de howplara netijeli jogap bermegiň anyk ýagdaýydyr.

Döwlet Baştutanlary owgan meselesine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan hem, Gazagystan hem Owganystany parahat we durnukly döwlet, düzümleýin energetika we ulag taslamalaryna girişen, doly derejeli deňhukukly hyzmatdaş hem-de sebit we halkara ykdysady işlerine gatnaşyjy hökmünde görmek isleýär diýip belledi.

Şeýle hem taraplar şu ýyl Türkmenistanda boljak Hazarýaka döwletleriň VI sammitini geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de 28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitini geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata Gazagystanyň ýokary derejeli wekiliýetini gatnaşmaga çagyrdy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça serhet we gümrük gatnaşyklary, raýat goranyşy, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, halkara ulag daşamalary, demir ýol ulagy, söwda, statistika, bilim, maglumat we medeni alyşmalar, durmuş-zähmet ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly goşandy üçin dostlukly Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglady.

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda milli Liderimiz goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanlary türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar, ägirt uly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda onuň sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan toplumyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, inženerçilik-tehniki ulgamyň hem-de toplumyň ýol-ulag düzüminiň, yşyklandyryş ulgamynyň meýilnamasy hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalara we çyzgylara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi hem-de bu ýerde gurulýan desgalaryň Köpetdagyň tebigaty bilen bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini, olaryň taslamalary taýýarlananda häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden ugur alynmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça bäsleşigi yglan etmek barada anyk tabşyryklary berdi hem-de öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň, aýratyn-da, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mugallymlarynyň täzeçil gözýetimlere esaslanýan pikirine daýanylmalydygyny, şunda milli hem-de häzirki zamanyň binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny belläp, onuň çägindäki baýyrlyklarda dürli yşyklaryň kömegi arkaly beýik Pyragynyň dünýä meşhur şygyrlaryndan setirleriň beýan edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň indiki ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligine hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylyp geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu waka türkmen halkynyň beýik şahyrynyň 300 ýyllyk dabarasy 2024-nji ýylda giňden belleniljek çäreleriň başyny başlar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2024-nji ýylyň “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan ediljekdigini aýtdy. Munuň özi beýik şahyra goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüler.

27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna nebitiň gorlaryny netijeli çykarmak üçin guýulary düýpli abatlamak boýunça “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” kompaniýasynyň bilelikde taýýarlan teklibi hödürlenildi. Hususan-da, hereket edýän şertnamanyň çäklerinde işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.

Kompaniýa tarapyndan beýan edilen tanyşdyryş maglumatynda anyk işleriň mysallary getirildi, olaryň geljekde ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň känlerinde nebitiň çykarylýan möçberlerini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem tablisalarda we çyzgylarda Goturdepe käninde geologiýa-tehniki çäreleri geçirmegiň meýilnamalary, nebitiň çykarylyşynyň hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan nebit senagatynyň hyzmat ediş enjamlar ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem Goturdepe käninde meýilleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleri hem-de ony özleşdirmekden Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşandyň garaşylýan görkezijileri barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda nebit çykarýan pudagyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi. Şunda nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny netijeli çekmek boýunça geçirilýän işleriň depginlerini güýçlendirmegiň, türkmen tarapynyň bähbitlerine bu ulgamda halkara tejribäni işjeň ulanmagyň, hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça täze şertnamalary baglaşmagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy ugur edinýändigini nygtady, bu babatda Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň işewür toparlarynyň innowasiýa häsiýetli ösüş mümkinçiliklerini birleşdirmegiň hem-de netijeli peýdalanmagyň ugurlaryny gözlemeginiň we kesgitlemeginiň möhümdigini belledi.

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garalan meseleleriň hatarynda Balkan welaýatynyň etraplarynda gurulýan durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy, gyş möwsümine taýýarlyk, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, noýabr aýynyň esasy wakalaryna bagyşlanyp geçiriljek medeni çäreler bilen bagly meseleler boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça birnäçe teklipler hödürlenildi. Zawodyň öndürýän ýodunyň aglaba bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, zawodyň binýadynda ýodly we bromly çig mal ýataklaryndaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek arkaly kärhananyň düzüminde täze önümçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen, zawodyň ýodly we bromly çig mal ýataklarynda tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmak barada gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň arasynda bäsleşik geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragynyň baý tebigy-çig mal serişdelerinden eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça täze kuwwatlyklary döretmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de ýurdumyzyň günbatar sebitinde hereket edýän iri zawodlarda ýokary hilli tehniki ýoduň öndürilýän möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça işleri dowam etdirmegi hem-de bu işe şol ulgamda uly tejribä we tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtly kompaniýalary işjeň çekmegi tabşyrdy.

Şeýle hem dünýä ölçeglerine kybap gelýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz awtomobil ulagy ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ekologiýanyň we howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

Bu merkez ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň tehnologiýa we innowasiýa esasynda ösdürilmegine, sanly bilim hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda häzirki zaman elektron okuw-usulyýet binýadynyň döredilmegine, raýatlaryň elektron bilim gorlaryna elýeterliligini üpjün etmek arkaly olaryň web-dizaýn, programmirleme boýunça sowatlylygyny artdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap sanly bilim ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ykdysady ösüşini üpjün etjekdigini hem-de ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hemmetaraplaýyn bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny hasaba almak bilen, bilim ulgamyny hem-de hünär taýýarlygyny talabalaýyk döwrebaplaşdyrmak we bilim maksatnamalaryny umumy ykrar edilen halkara ölçeglere kybap getirmek möhümdir.

Milli Liderimiz koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki täze taslamanyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygyny belledi.

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG-ä häzirki başlyklyk etmegi hem-de degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi babatda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi we esasy ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. 28-nji noýabrda — YHG-nyň gününde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Gepleşiklerde YHG agza döwletleriň ägirt uly kuwwaty söwda-ykdysady ulgamda, senagat pudagynda, innowasiýalary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda, maýa goýumlar ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýadaky bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.

Bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Resminamada awtomobil ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyrda ulanmaga bermek bellenildi. Şolaryň iň soňkusyny 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu taslama döwletimiz tarapyndan ABŞ-nyň 2,3 milliard dollary möçberinde pul serişdesi bölünip berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bagtyýarlyk döwründe bu uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly sogap işleriniň dowamat-dowamdygynyň, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleriniň aýdyň mysalydyr.

Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini we döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýeti bolan bu taslama milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, döwrebap senagat we ulag düzümini döretmekde türkmen telekeçileriniň işjeň orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Aşgabat — Tejen ýokary tizlikli awtoýolunyň açylyş dabarasynda düzümleýin ýol-ulag desgalaryna laýyklyk güwänamalaryny bermek ulgamynda ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň wekilleri çykyş etdiler. Olar şunuň ýaly sebit ähmiýetli hem-de halkara derejedäki ýoly diňe ösen ykdysadyýetli, kuwwatly döwletiň gurup biljekdigini nygtadylar. Türkmenistan häzirki wagtda şeýle döwletleriň biridir.

Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasy tarapyndan täze düzümleýin desga degişli güwänamalar — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalar berildi.

Germaniýanyň Reýn-Westfaliýe welaýatynyň ulag-aragatnaşyk ministrligi geçirilen barlaglaryň netijesinde ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoluna ýokary howpsuzlyk güwänamasyny bermek hakyndaky çözgüdi kabul etdi.

Awstriýanyň Dornbirn şäheriniň ulag kommunikasiýalary we düzümleri departamenti tarapyndan bu ýokary tizlikli awtomobil ýoluna onuň gurluşygynda innowasion ýokary tizlikli tehnologiýalaryň ulanylandygy baradaky güwänama gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz edara binasynda ýerleşen Dolandyryş merkezine bardy. Bu ýerde hünärmen monitorda täze ýokary tizlikli ýolda ulag gatnawlaryny dolandyrmagyň tehniki mümkinçiliklerini görkezip, taslama laýyklykda, awtomobil ýolunyň ýokary standartlary nazara almak bilen enjamlaşdyrylandygyny nygtady.

Milli Liderimiz awtoulaga münüp we hereketiň başlanmagyna ak pata berip, uzynlygy 203 kilometre barabar bolan ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen Tejen şäherine tarap ýola düşdi.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz düzümleýin desgalary, howpsuzlyk we gözegçilik ulgamlarynyň döwrebap enjamlaryny, sürüjiler we ýolagçylar üçin söwda we hyzmat ediş desgalaryny, awtoulaglaryň tehniki hyzmat nokatlaryny synlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli ýoluň Aşgabat — Tejen böleginiň bir ýerinde aýak çekip, “KAMAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Sergeý Tkaçenko bilen söhbetdeş boldy. S.Tkaçenko Russiýanyň iri korporasiýasynyň “KAMAZ” kysymly awtoulagyň täze nusgasyny — refrižeratory çykarandygyny habar berdi. Işewür milli Liderimize täze nusgadaky awtoulagy sowgat berdi hem-de täze ýolda bu ulagy synap görmek haýyşy bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz täze awtoulagda birnäçe kilometr ýoly geçip, bu awtomobiliň tehniki häsiýetnamalary baradaky pikirini paýlaşdy hem-de ýurdumyzyň zerurlyklary üçin olaryň belli bir mukdaryny satyn almak mümkinçiliginiň üstünde işlemek meýliniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 100-nji kilometrindäki hyzmat ediş desgalary we töleg terminaly gurnalan Artyk çatrygynda saklandy.

Soňra milli Liderimiz şol ýerde gurlan, “Kerwensaraý” diýlip atlandyrylan iki gatly söwda merkezine bardy. Bu ýerde sürüjiler we ýolagçylar üçin ähli şertler döredilipdir. Toplumyň düzüminde harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket, çagalar üçin niýetlenen dürli attraksionly oýun meýdançalary bar. Uly bolmadyk myhmanhana uzak aralyga gatnaýan sürüjileriň hyzmatyndadyr. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir.

Mahlasy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň üstünlikli ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda halkara derejeli üstaşyr ulag düzüminiň ýokary depginler bilen kemala gelýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

27-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçen hepdäniň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. Ol “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Foruma hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldylar.

Forumyň barşynda ählumumy energiýa ulgamyny ösdürmegiň geljegi, hususan-da, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň geljegi, bu strategik ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň ekologiýa ugruna aýratyn üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda halkara işlere başlangyçlar bilen gatnaşmak arkaly Türkmenistanyň öz ägirt uly kuwwatyny adamzadyň bähbidine ulanmagy teklip edip, durnukly maksatlar hem-de olara ýetmegiň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan edýändigi nygtaldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamda amala aşyrylýan strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagyny, döwletiň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ähli düzüminiň binýatlyk ugry hökmünde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Maslahatyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe A/S” kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama bar.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahatyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň sergi bölüminden göni alnyp görkeziliş geçirildi. Şol ýerde Aşgabatdaky maslahat bilen birlikde, “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljege geçmegiň açary” diýen mesele boýunça mejlis geçirildi.

Geçen şenbe güni sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty geçirildi. «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Kararyň taslamasyna garaldy. Bu taslamalar Mejlisiň ähli komitetlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldan deputatlaryň pikirine görä, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň serişde mümkinçilikleri bilen pugtalandyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.

Geçen hepde Lebap, Ahal, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň daýhanlary bugdaý ekişini tamamlandyklary barada buýsanç bilen habar berdiler. Bugdaý ekişi bellenilen möhletde agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek bilen geçirildi.

Obasenagat toplumynda milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiliklerde wezipeleri çözmäge hem-de dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak arkaly onuň eksport kuwwatynyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Geçen hepde wakalara baý bolup, olaryň her biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmek, türkmen halkynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek maksady bilen, durmuşyň ähli ulgamlarynda täze taryhy eýýamda amala aşyrýan açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň aýdyň subutnamasydyr.


Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
top-arrow