Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Demokratik özgertmeler ýoly bilen
Jemgyýet
Demokratik özgertmeler ýoly bilen
Çap edildi 23.10.2016
2003

Aşgabat, 23-nji oktýabr, (TDH). Şu gün Adalat ministrliginde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy: demokratiýanyň, adam hukuklarynyň, ynsanperwerligiň we adalatyň dabaralanmagy» atly ylmy maslahat boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guralan maslahat bu institutyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna gabatlanyp guraldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýokary kazyýetiň wekilleri, ýurdumyzda işleýän birnäçe halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ylmy maslahatyň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda Garaşsyzlyk döwründe oňyn hem-de ägirt uly özgertmeler ýolunda ynamly hereket etmegiň netijesinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşiň belent sepgitlerine ýetendigi, jemgyýetiň baş baýlygynyň adamdygyny yglan eden hakyky demokratik döwlete öwrülendigi bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolan hem-de esasy halkara konwensiýalaryny, şol sanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek boýunça konwensiýalary ykrar eden ýurdumyz bu wajyp resminamalaryň düzgünlerini berjaý etmek boýunça üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýetirýär. Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça adam hukuklary hem-de azatlyklary ulgamynda döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek, halkara ynsanperwer hukuk kadalaryny milli kanunçylyga we hukuk ulgamyna kybap getirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Toplumlaýyn hukuk özgertmeleri, şeýle hem şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllarda adam hukuklary ulgamynda hereketleriň milli meýilnamasy» muňa aýdyň mysaldyr. Maslahata gatnaşanlar Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu şanly ýylyň sentýabrynda kabul edilen, ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösüşiň we döredijiligiň täze, belent sepgitlerine ýetmegini üpjün etmäge, halkara hukuklarynyň umumy ykrar edilen kadalaryna baglylykda demokratiýanyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýetini bellediler. Halkymyzyň isleginiň beýan edýän Esasy Kanunymyz diňe bir mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynda gazanylanlary pugtalandyrmak bilen çäklenmän, jemgyýetimiziň öňe tarap uzakmöhletleýin geljekki ösüş ýolunyň esasy ugurlaryny hem kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletde we jemgyýetde demokratik ýörelgeleri ösdürmek maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň işi hem bellenip geçildi. Ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Ylmy maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimize durmuşa geçirýän, döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny hemmetaraplaýyn goramaga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen syýasaty üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow