Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we rowaçlygyň ýurdudyr
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we rowaçlygyň ýurdudyr
Çap edildi 04.10.2021
3461

Geçen hepdede Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz bagly bolan täze taryhy döwrüň — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent döredijilik ruhunyň aýdyň nyşany boldy. Bu ýyllar içinde Türkmenistan mizemez binýatly, uly ykdysady we ynsanperwer kuwwata eýe bolan, bäsdeşlige ukyply döwlet derejesinde ykrar edildi.

Milli Liderimiziň halkymyza Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi, demokratik kadalar yzygiderli ornaşdyryldy. Döwlet Garaşsyzlygy milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.

Däp bolşy ýaly, eziz Diýarymyzyň baş baýramyna gabatlanyp, täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralary hem-de döwletimiziň özbaşdak ösüşi ýyllarynda bolup geçen ägirt uly özgerişlikleriň taryhy ähmiýetini açyp görkezýän birnäçe çäreler geçirildi.

27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda açylan Döwlet münberi toplumy ilkinji gezek esasy dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýöriş hem-de Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri görkezildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri söweşjeň kuwwatyny görkezdi, tanklar, pyýada goşunyň söweşjeň ulaglary, artilleriýa goşunlarynyň özi hereket edýän söweş tehnikalary, uçarmansyz uçýan enjamlar, söweşjeň dikuçarlar we ýurdumyzyň harby edaralarynyň uçarlary hem-de beýleki söweşjeň tehnikalary Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň we çäk bitewüliginiň goragynyň ygtybarly ellerdedigini görkezdi.

Harby gämileriň gözden geçirilişi bu dabaranyň tapawutly aýratynlygy boldy. Döwlet münberiniň meýdanynda oturdylan ägirt uly monitorda göni ýaýlymda çärä gatnaşyjylar şol bir wagtyň özünde Hazar deňzindäki portuň çäklerinde geçýän harby gämileriň dabaraly ýörişine tomaşa etdiler.

Harby ýörişe ilkinji gezek Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň serkerdeleriniň batalýonlary gatnaşdylar.

Ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylaryň ýörişi dabaranyň bezegine öwrüldi. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň birleşen harby orkestriniň çykyşy Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy, bu orkestr baýramçylygyň şanyna ajaýyp saz sowgadyny taýýarlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine çekýän ýadawsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde egindeşleriniň adyndan ady rowaýata öwrülen naýbaşy atlaryň wekili, Garaşsyz atly ajaýyp gyr at sowgat gowşuryldy.

Bu dabara baýramçylyk çärelerine göni ýaýlym arkaly tomaşa edýän diňe watandaşlarymyzyň däl-de, häzirki zaman internet kommunikasiýalarynyň üsti bilen dabaralara uzak aralykdan goşulýan dünýäniň dürli künjekleriniň millionlarça ýaşaýjylarynyň kalplarynda buýsanç we çäksiz şatlyk duýgularyny döretdi. Olar yzly-yzyna kerwen bolup geçen awtoulaglarda ýerleşdirilen pannolarda we diwarlyklarda öz beýanyny tapan Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň üstünliklerine mynasyp baha bermäge mümkinçilik tapdylar.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň meýdançanyň merkezinde gurnalan ýörite sahnadaky çykyşy baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisinde uly şatlyk we buýsanç duýgularyny döretdi.

Söweşjeň uçarlary baýramçylyk meýdanynyň açyk asmanynda älemgoşar öwüşginlerini şekillendirdiler hem-de baýramçylyk feýerwerkini atdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Mejlisler merkeziniň sahnasynda geçirilen sungat ussatlarynyň konserti baýramçylyk dabaralarynyň dowamy boldy. Agşam Döwlet münberiniň öňündäki meýdanda türkmen döwletiniň mukaddes nyşanlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, mähriban Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän ajaýyp mukamlar we sazlar ýaňlandy.

Paýtagtymyzda Watanymyzyň Garaşsyzlyk toýy mynasybetli geçirilen dabaralar lazer şüweleňi hem-de owadan feýerwerk bilen jemlendi.

Şol gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçen dabaraly baýramçylyk çärelerini bir bitewi duýgy — Garaşsyz Watanymyza hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylan ägirt uly işleriň başyny başlan milli Liderimize, mähriban topragymyzyň gözelligine, baky adamzat gymmatlyklaryna bolan söýgi birleşdirdi.

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralan dabaralaryň çäklerinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda milli Liderimize “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Şol gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň toparyna harby we ýörite atlar hem-de hünär derejeleri berildi.

Dabaralar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýar, ussat çapyksuwar, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly adyň eýesi bolmak bilen, ady dünýä dolan behişdi bedewleriň gözelligini we ýyndamlygyny açyp görkezýän çärelere yzygiderli gatnaşýar.

Ahalteke bedewleri dürli aralyga geçirilen çapyşyklaryň ýedisinde ýyndamlygyny we çalasynlygyny görkezdiler. Çapyşyklaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşdyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda geçirilen çapyşyk has-da çekeleşikli boldy. Ýeňijilere mynasyp baýraklar gowşuryldy.

Häzirki zaman uçarlaryna erk edýän birnäçe harby uçarmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýokarsynda baýramçylygyň hormatyna birnäçe çylşyrymly uçar tilsimlerini ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna asman giňişligini salýutyň öwüşginleri bezedi. Munuň özi dabara gatnaşyjylaryň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Harby uçarmanlaryň bu görkezme çykyşlary ajaýyp häsiýetleri bilen “asman bedewleri”, “ganatly bedewler” ýaly deňeşdirmelere mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk şan-şöhratynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ýolbaşçylaryny kabul etdi.

“John Deere” amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pents, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko, “Interbudmontaž” ukrain gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk, “Yug-Neftegaz Private Limited” (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý bilen duşuşyklaryň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli ykdysady taslamalara gatnaşmagyny giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

1-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, raýat institutlaryny we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmak, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşy, Hatyra güni hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çäreler, “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” halkara maslahatyny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparyna taýýarlyk mejlisiň aýratyn meselesi boldy.

Döwlet Baştutanymyz ýylsaýyn täze anyk mazmuna eýe bolýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisiniň geçirilendigi habar berildi. Mejlisiň çäklerinde obasenagat toplumynda söwdanyň möçberlerini artdyrmaga, esasan-da, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny, mineral dökünleri, ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almaga gönükdirilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Özbegistandan dürli oba hojalyk gurallaryny we traktor tirkeglerini hem-de bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan himiki serişdeleri, fosforit ununy we himiýa önümlerini satyn almak hakynda Kararlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly maliýe guramalar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalar üçin söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam korporasiýasyndan karz çekmek we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak baradaky teklipleri makullap, bu ädimiň maýa goýum syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň anyk mysalydygyny aýtdy hem-de milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda işleýän Hytaýyň “International Ltd.» Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) ýer bölegi kärendesine berler. Şol ýer bölegi ady agzalan şertnamalaýyn çägiň bir böleginde ýerleşen gazly ýataklaryň ýerüsti desgalary üçin niýetlenen suw üpjünçilik ulgamlaryny çekmek üçin niýetlenilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanylan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň hem-de nyşanynyň taslamalary hödürlenildi, şolar geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça seçilip alyndy.

Giň gerimli umumymilli bu çäre “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygar astynda geçiriler. Onuň nyşanynda Döwlet baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri hem-de çäräniň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan “2022” san şekillendirildi. Bu çäre baş maksada — ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almaga gönükdirilendir. Munuň özi döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralýan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bu waka mynasybetli döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara Gutlagyny ýollady. Onda, hususan-da, şeýle diýilýär: “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär. Çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzda milli ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr”.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awiasiýa ulgamyny dolandyrmak, menejmentiň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, awia ýük daşamalaryny ygtyýarlylandyrmak işini kämilleşdirmek hem-de halkara logistika giňişligine goşulyşmak bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sanly ulgamyny özgertmek, tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak meseleleri barada durup geçmek bilen, ýurdumyzyň iri taslamalary amala aşyrmaga girişendigini, olaryň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda kommunikasiýalar ulgamyny döretmäge gönükdirilendigini belläp, «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk torunyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiň häzirki zaman usullaryny hem-de öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň, gözegçilik edilýän düzümleriň işgärler düzümini pugtalandyrmagyň harby we hukuk goraýjy edaralarda özgertmeleriň iň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýakynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, bu giň gerimli çäreleri taýýarlamaga gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, ýurdumyzyň sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça eýeleýän orny barada TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallara jogap berdi, milli Liderimiz iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň örän giňdigini belläp, Prezident Wladimir Putin bilen gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, adata öwrülen dostluk ýörelgelerine esaslanýandygyny, iki Lideriň arasyndaky gepleşikleriň hemişe oňyn başlangyçlar bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okgunly ösüşi barada aýdyp, ozaly bilen, öňe sürülýän hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat başlangyçlaryna, öňde goýlan meýilnamalara we garaýyşlara düşünen, kabul eden we goldan Türkmenistanyň halkyna buýsanýandygyny belledi. Pandemiýanyň oňaýsyz täsirlerine garamazdan, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş depgini oňat derejede saklanylýar, munuň özi ykdysadyýetimiziň durnuklylygynyň we uly kuwwata eýediginiň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň barşynda özüniň sportda gazanýan üstünlikleri, döredijilik işleri, şygryýet, aýdym-saz we edebiýat barada gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz iş tertibinde hemişe döwlet ähmiýetli dürli çäreleriň meýilleşdirilýändigi sebäpli, maşgala agzalary bilen ýygy-ýygydan söhbetdeş bolmaga seýrek mümkinçilik bolýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaý barada öz garaýyşlary hakyndaky sowala jogap bermek bilen, bu goňşy ýurt babatynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny birnäçe gezek beýan edendigini ýatlatdy, bu syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de durmuş-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň däp bolan dost-doganlyk türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bu ýurtda durnukly syýasy-ykdysady ýagdaýy tizden-tiz dikeltmäge ýardam bermek we onuň durnukly durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmek maksady bilen, Owganystanyň täze hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentiň belent wezipesinde çözgütleriň kabul edilmeginde hem-de olaryň durmuşa geçirilmeginde ýokary jogapkärçiligiň zerurdygyny belläp, “Hakykatyň we ynamyň güýji bilen Watana hyzmat etmek” şygaryny ugur edinýändigini aýtdy.

1-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşulularymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bütindünýä bileleşigi bilen birlikde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady. Şunda ýaşuly nesliň öz pähim-paýhasy, öwüt-ündewleri we nesihatlary bilen ýurdumyzyň özbaşdaklygyny, jemgyýetiň jebisligini hem-de agzybirligini pugtalandyrmaga, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmäge, ýaşlary terbiýelemäge goşýan saldamly goşandy aýratyn nygtaldy.

2-nji oktýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde, täze athananyň gurluşygy göz öňünde tutulýan ýere baryp gördi hem-de paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde umumy meýdany 15 gektardan gowrak bolan 600 baş bedewi saklamaga niýetlenen athana gurlar. Täze toplum Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň we Aba Annaýew adyndaky obanyň ýanynda bina ediler. Onuň düzüminde dolandyryş binasy, weterinar desgasy, ot-iým saklanylýan ammarlar, kömekçi desgalar, iki sany awtoduralga göz öňünde tutulandyr. Onuň gurluşygy degişli bäsleşikde ýeňiji bolan, şeýle desgalary bina etmekde uly tejribe toplan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Nur Bina” gurluşyk kompaniýasyna ynanyldy.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Bu toplum häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, çapyşyklara taýýarlamak hem-de atşynaslaryň we seýisleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilmelidir. Şeýle hem degişli alymlary bu işe çekmek bilen, onuň ylmy esasda ösdürilmegi üçin ähli tagallalar edilmelidir.

Bu ýerde işlejek atşynaslar we hünärmenler üçin häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy babatynda anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu düzümlerde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk atlaryny taýýarlamak hem-de olary at çapyşyklaryna gatnaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýolugra ady rowaýata öwrülen, şöhratly Polatly atly bedewiň heýkeliniň ýanynda saklandy. Bu ýerden Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň binalary görünýär. Onuň birinji tapgyry 2022-nji ýylda — Bitaraplyk baýramyna gabatlanyp tamamlanmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde innowasion tehnologiýalaryň, häzirki zaman tejribeleriniň işjeň ulanylmagynyň we bina edilýän dürli maksatly desgalarda ýokary amatlyklaryň döredilmeginiň, gurluşyk işleriniň sazlaşykly alnyp barylmagynyň hökmany talapdygyna ünsi çekip, onda “akylly öý” intellektual ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda ýerleşýän “Watançy” seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy, sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bilen meşgullanýanlar üçin welosiped sürülýän ýodajyk seýilgähiň özboluşly aýratynlygydyr.

Daşky bezegi bilen Garagum sährasynyň çäge tolkunlaryny ýatladýan 9 gatly myhmanhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Milli Liderimiz myhmanhananyň içki bezegine ünsi çekip, onuň milli ruhda, halkara ölçeglere doly kybap gelmegi bilen hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly, bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini, şeýle hem ýokary derejeli halkara forumlary, beýleki çäreleri guramak we geçirmek üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni irden sport maşklary bilen meşgullandy, Saglyk ýoly boýunça köp kilometrlik ýoly pyýada geçdi hem-de Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde welosipedli gezelenç etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp künjekde seýilgäh zolaklarynyň hem-de dynç alyş meýdançalarynyň döredilmegine, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine aýratyn üns bermek bilen, bu töweregiň ekologik ýagdaýyna, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan ýadygärlik toplumynyň abadanlaşdyryş işlerine ünsi çekdi, köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň netijesinde bu künjekde peýda bolan tokaý zolaklarynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Geçen hepdäniň wakalarynyň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary bellärlikli wakalaryň biridir. Olar, hususan-da, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, ykdysady toplumda, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň öňündäki meýdançada geçirildi. Dabaralara gatnaşyjylar ata Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň ykbalynda özüniň jogapkärli wezipesine düşünýän hakyky watançynyň, ynsanperwer we parasatly syýasatçynyň manysy we mazmuny boýunça bimöçber gymmatly kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan belent sepgitleriň, eziz Diýarymyzyň özbaşdak, okgunly öňe gidişiniň, döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly durmuş-ykdysady ösüşiniň aýdyň beýanydygyny nygtadylar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu toý ýylynda neşir edilen bu ajaýyp eser milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň taryhy we geljegi baradaky çuň many-mazmunly eserleriniň üstüni ýetirdi.

Geçen hepde dürli wakalara baý bolup, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda başlanan ýoluň bu gün gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk ägirt wezipeleri çözmäge gönükdirilendigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wezipeleri täzeçillik we öňdengörüjilik bilen üstünlikli çözýär. Bu gün ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda baý taryhy tejribämize hem-de milli däplerimize daýanyp, Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, halkymyzyň rowaçlygyny artdyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge, ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow