Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.
Jemgyýet
Türkmenistanda käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.
Çap edildi 20.10.2016
1749

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak”, Mary welaýatynyň 119-njy “Atçapar” we 124-nji “Pendi” saýlaw okruglarynda dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirildi. Duşuşyklara gatnaşyjylar dalaşgärleriň terjimehaly, olaryň döwlete we jemgyýeti demokratik ýol bilen ösdürmäge garaýyşlary bilen tanşyp, işjeň we şahsy häsiýetlerini içgin ara alyp maslahatlaşanlaryndan soň ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk edarasyna olaryň kandidaturalaryny goldadylar. Milli parlamente dalaşgärleriň jemi 6-sy, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal we Mary welaýat komitetlerinden, Tagtabazar etrap komitetinden hem-de raýatlaryň toparlaryndan hödürlenildi. Öňküleri ýaly, türkmen jemgyýetinde demokratik kadalary berkarar etmegiň möhüm şerti hökmünde giň bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk şu saýlawlaryň öň ýanyndaky çäräniň hem esasy ýörelgeleri boldy. Parlamentiň deputaty bolmaga türkmen halkynyň mynasyp wekilleri, ildeşlerimiziň uly hormatyndan we ynamyndan peýdalanýan adamlar dalaş edýärler. Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärler okrug saýlaw toparlarynda bellige alnandan soň, olaryň sanawy metbugatda çap ediler. Soňra dalaşgärleriň ählisine we olaryň ynanylan adamlaryna saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek hem-de wagyz işlerini geçirmek üçin deň mümkinçilikler dörediler. Öz nobatynda, saýlawçylaryň ählisine görkezilen dalaşgärleri erkin we hemmetaraplaýyn ara alap maslahatlaşmak hukugy berilýär. Munuň özi saýlawçylara dalaşgärleriň her biriniň işjeň we şahsy häsiýetleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň 20-nji noýabrynda geçiriljek saýlawlar türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan hem-de tutuş jemgyýetimiziň goldawyna eýe bolan demokratik özgertmeler ýoluna ygrarlydygyny görkezmelidir. Täze taryhy eýýamda döwlet we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiň esasy ugurlary golaýda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň kepiline öwrülen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde aýdyň beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow