Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 15.08.2021
3030

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Ýakynda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan wise-premýer jenap Serdar Berdimuhamedow Siziň Alyhezretiňiziň maňa iberen hatyny gowşurdy. Siziň Alyhezretiňize aladalaryňyz we ünsüňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Sizi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Tokio Olimpiadasynda gazanan üstünlikleri, hususan-da, ýurduňyzyň taryhynda zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medala mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Soňky ýyllarda Siziň Alyhezretiňiziň baştutanlygynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Wise-premýer jenap Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy wezipesine girişmegi bilen gutlaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň arasynda ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynanýaryn. Şeýle hem Sizi Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň!

Geljek ýyl Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Geljekde hem Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikde giň ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda tagalla ederin. Men azat we açyk Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gatnaşyklary dowam etmegi maksat edinýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk we uly üstünlikler hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegini arzuw edýärin.

Ýosihide Suga,

Ýaponiýanyň Premýer-ministri.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size myhmansöýer türkmen topragynda mähirli garşylandygyňyz hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Doganlyk halklaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw ruhunda mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň ýene bir ädimi bolan bu çäräniň jemlerine ýokary baha berýärin.

Sebitiň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylmagy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, şeýle hem Merkezi Aziýanyň rowaçlygynyň bähbidine ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda kesgitlän maksatlarymyzyň hem-de wezipelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy depginli ösdürmäge täze itergi berjekdigine hem-de biziň gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň dowamynda gyrgyz wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Merkezi Aziýanyň doganlyk ýurtlarynyň Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de möhüm sebit we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilikleri döretmekde Siziň tagallalaryňyza ýokary baha berýärin.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti ýokary derejede guralyp, doganlyk halklaryň dostlugyny hem-de hoşniýetli goňşuçylygyny berkitmekde we ösdürmekde öňde goýlan maksatlara ýetdi.

Biziň Awazada gazanan ikitaraplaýyn ylalaşyklarymyzyň ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigine hem-de hyzmatdaşlygymyzyň doganlyk halklaryň rowaçlygynyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow