Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň dostlugynyň hatyrasyna geçirilen gala-konsert
Medeniýet
Sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň dostlugynyň hatyrasyna geçirilen gala-konsert
Çap edildi 06.08.2021
5528

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy.

Gadymy Hazaryň kenarynda geçirilen bu döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen deňiz ýakasynda uly üstünlik bilen geçirilen ýokary derejedäki çäreleriň jemini jemledi.

Milli Liderimiz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, konsultatiw duşuşyga, zenanlaryň dialogyna, ykdysady foruma we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine gatnaşyjylaryň wekiliýetleri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň amfiteatrynda geçirilen konsertiň hormatly tomaşaçylary boldular.

Ýurdumyzda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda bu möhüm forumlaryň üstünlikli geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde ornunyň ykrar edilmeginiň, onuň parahatçylyk dörediji we gurujy ýurt derejesiniň pugtalanmagynyň subutnamasydyr.

Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we işjeň alyp barmak bilen, ählumumy parahatçylygy, rowaçlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine hemme gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Gala-konsertiň başynda okalan we ýygnananlar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik duşuşygyna hem-de dabaraly konsertine gatnaşyjylara ýollan Gutlagynda: “Medeni ulgamda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar, däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeldýär” diýip nygtalýar.

Türkmenistanyň dynç alyş zolagynyň amfiteatrynda agşam ýaýbaňlandyrylan dabarada ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna dostluk we ylalaşyk atly mowzuk esasy boldy.

Awazanyň deňiz ýakasynda aýdymlar we sazlar ýaňlanýar, Merkezi Aziýa döwletleriniň baýdaklary şemala pasyrdaýar, interaktiw suw çüwdürimleri dürli reňkler bilen öwüsýär. Adam eli bilen döredilen bu gözellik tolgundyryjy baýramçylyk duýgularyny döredýär.

 Üsti açyk sahna meýdançasyny gurşap alýan deňiz we interaktiw suw çüwdürimleri onuň ajaýyplygyny hem-de dabaralylygyny alamatlandyrýar.

Baýramçylygyň many-mazmuna baý döredijilik maksatnamasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň halk döredijiliginiň we häzirki zaman sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy, däpleriniň dowamatlylygy şöhlelendi.

Ýurdumyzyň iň gowy folklor toparlarynyň hem-de daşary ýurtly artistleriniň joşgun bilen ýerine ýetiren “Awaza dostluk kenary” atly aýdym-horeografiýa kompozisiýasy bu dostluk konsertiniň başyny başlady.

Sahna Merkezi Aziýa döwletleriniň baýdaklarynyň köp sanlysy çykarylýar, dostlukly ýurtlaryň milli Liderlerine hem-de bu mylaýym tomus agşamy Awazanyň meşhur açyk konsert meýdançasynda ýygnananlaryň hemmesine dürli dillerde gutlaglar we arzuwlar beýan edilýär. Bu konsert meýdançasynda ençeme gezek milli we halkara festiwallary hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtly estrada ýyldyzlaryň gatnaşmagynda giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.

Artistler parahatçylykda we ylalaşykda ýaşaýan halklaryň dostlugynyň we doganlygynyň bozulmazlygyny beýan edýän milli aýdymlardan we tanslardan aýry-aýry bölekleri ýerine ýetirýärler.

Konsertde türkmen sungat ussatlary bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň meşhur artistleri çykyş etdiler.

Tomaşaçylar ýurdumyza ençeme gezek gelen we «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan Özbegistanyň halk artistleri Ýulduz Usmanowany hem-de Ozodbek Nazarbekowy köne dostlary ýaly mübäreklediler. Şu gün tanymal myhmanlar öz köp sanly muşdaklary üçin ýürek mähirlerini, ussatlyklaryny hem-de ylhamlaryny siňdiren söýgüli aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymy ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. “Dokmaçylar” folklor toparynyň gatnaşmagynda, Ozodbek Nazarbekowyň türkmen dilinde ýerine ýetiren bu aýdymy biziň Garaşsyz Diýarymyza ajaýyp bagyşlanma hökmünde ýaňlandy.

Awaza sahnasynda Gazagystanyň saz medeniýeti bilen Gazagystanyň halk artisti Roza Rymbaýewa tanyşdyrdy. Bu aýdymçy öz ýurdunyň “Altyn sesi” hem-de “Orta Aziýanyň saýraýan bilbili” hökmünde ykrar edildi. Roza Rymbaýewa Awazanyň amfiteatrynyň sahnasynda öňler hem ençeme gezek çykyş etdi we şu gün onuň ýerine ýetirmeginde joşgunly liriki aýdym ýaňlandy.

Gazagystanyň at gazanan medeniýet işgäri, kompozitor hem-de multinstrumentalçy Dimaş diýip tanalýan Dinmuhammed Kudaýbergen diňleýjileri öz kuwwatly we güýçli wokaly bilen haýran galdyrdy. Artist öň hem Türkmenistana 2015-nji ýylda geldi we “Mary — türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly festiwalyň ýapylyş dabarasynda çykyş etdi.

Ýaş wokalçylaryň — meşhur halkara bäsleşikleriň ýeňijileri Gyrgyzystandan Guljigit Kalykowyň we Gulzinat Surançiýewanyň, Täjigistandan Bahtiýor Ibrahimowyň we Muhammadrafi Karomatullonyň, Gazagystandan Ruhiýa Baýdukenowanyň, şeýle hem häzirki zaman özbek estradasynyň wekilleri — Bunýod Saidowyň hem-de Tulkinbaý Jabborowanyň çykyşlary konserte özboluşly öwüşgin çaýdy.

Türkmen artistleri bilen bilelikde ýerine ýetirmelerde dostlukly halklaryň däpleriniň baýlygyny şöhlelendirýän, sungatyň birleşdirýän güýjüni nygtaýan sahnalar görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini we sazyny ýazan “Bagt nury” aýdymy döredijilik agşamynyň hakyky bezegi boldy. Owadan sazy, çuňňur manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň hemmesiniň kalbynda çuňňur orun tapdy. Eziz Diýarymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine döwlet işini alyp barýan milli Liderimize ýollanan şowhunly el çarpyşmalar munuň subutnamasy boldy.

Yşygyň, reňkiň we sesiň sazlaşygynyň hemme mümkinçiliklerini peýdalanmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy bu konsertiň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Merkezde we sahnanyň daş-töweregini gurşap alýan uly monitorlarda görkezilýän wideoşekiller sahnada bolup geçýän wakalara giňgöwrümlilik berip, tomaşaçylarda täsin duýgular döretdi.

Gadymy “küştdepdi” tansy bu konsertiň jemleýji sahnasy boldy. Milli däpleri özüne siňdiren, halk döredijiliginiň bu ajaýyp nusgasy türkmen artistleri we olaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

Bu şowhunly tansa ýörite taýýarlanan wideoşekiller arkaly sebitiň döwletleriniň toparlary hem goşuldy. Olar bu meşhur türkmen tansyny özboluşly ýerine ýetirdiler. Köpçülikleýin ýerine ýetirilen bu sahna bilelikdäki konsertiň esasy pikirini, ýagny parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna döredijiligiň, agzybirligiň dabaralanmagyny ýüze çykardy. Hut döredijilik gatnaşyklary halklara birek-biregi tanamaga we düşünmäge, ýakynlaşmak üçin tükeniksiz mümkinçilikleri özünde saklaýan täsin sungat dünýäsini özleri üçin açmaga kömek edýär.

Konsertiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşan iň gowy aşpezleri sylaglamak dabarasy boldy. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň milli toparlarynyň her birine festiwalyň ýeňijisiniň diplomyny, gymmat bahaly sowgatlary hem-de ABŞ-nyň 10 müň dollaryny gowşurdy.

Gala-konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň hemmesiniň ýerine ýetirmeginde halklaryň mizemez dostlugyna sena hökmünde “Agzybirlik senasy” aýdymy ýaňlandy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler we onda milli Liderimize ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň dabaralanmagynyň bähbidine alyp barýan işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Baýramçylyk agşamy gadymy Hazaryň üstündäki asmany ýagtyldan feýerwerk bilen tamamlandy.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow