Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi
Çap edildi 06.08.2021
587

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa iki dostlukly döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri soňky ýyllaryň dowamynda ýetilen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler, ol özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.

Bellenilişi ýaly, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin ýokary derejede geçirilýän gepleşikler ygtybarly binýady döredýär, olaryň çäklerinde goňşy ýurtlaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenilýär.

Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, iki döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de olaryň özara bähbitlerini hasaba almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň täze ýollaryny we görnüşlerini gözlemegiň möhümdigini nygtadylar.

Umumy pikire görä, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny şertlendirýär, munuň özi geljekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Söwda-ykdysady we energetika ulgamy, oba hojalyk pudagy, aragatnaşyk, saglygy goraýyş, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ulgamlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Toparyň agzalary geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça birnäçe anyk çäreleri belläp, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermegiň, önümçilik taýdan goşulyşmak işlerini giňeltmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň bilelikdäki işiň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtadylar, muňa işewürler maslahatlary hem-de ykdysady sergiler gönüden-göni ýardam bermelidir.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň köpasyrlyk dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny beýan edip, duşuşyga gatnaşyjylar ýurtlarymyzyň we doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine oňyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli esasda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow