Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap
Hepdäniň wakalary
Milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap
Çap edildi 04.07.2021
4165

Ýurdumyzyň sanlyja ýyllaryň içinde tanalmaz derejede özgermegi, depginli ösüşlere eýe bolmagy döwlet Baştutanymyzyň eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan durmuş ugurly syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

28-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklerde syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystan bilen senagat ugry, obasenagat toplumynyň, dokma senagatynyň önümleriniň söwdasy, himiýa senagaty, suwuklandyrylan gaz, sintetiki benzin we beýleki harytlaryň dolanyşygy babatda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyr.

Şeýle hem türkmen we gyrgyz kompaniýalarynyň iki ýurduň çäklerinde durmuşa geçirilýän bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaklaryna döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça teklipler aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Bişkek şäherinde Türkmenistanyň söwda merkezini açmak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp, türkmen paýtagtynda Gyrgyzystanyň şeýle düzümi döretmegine ýardam etmäge taýýardygyny nygtady.

Milli Liderimiz energetika pudagyny türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gyrgyzystana ibermegiň tehniki, guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda ulag ulgamy hem görkezildi. Türkmenistan Hazar deňzine çykalgasy bilen ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz ekologiýa ugry, şol sanda howanyň üýtgemegi, Merkezi Aziýa sebitinde suwy rejeli peýdalanmak babatda özara gatnaşyklaryň möhümdigini belledi.

Gepleşikleriň barşynda Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyryp, bu saparyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.

Şeýle hem söwda-ykdysady, bilim, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Geçen hepdede Türkmenistandan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherine uçar arkaly bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryndan gowrak bolan azyk harytlarynyň, himiki we tehniki serişdeleriň, mebel önümleriniň, köke-süýji önümleriniň, matalaryň, polipropilen hem-de polietilen, nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşleriniň ugradylandygyny bellemek gerek. Bu waka ýakynda Aşgabatda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy syýasy, diplomatik, ykdysady, işewürlik merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň halkara derejesine doly kybap gelýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ulanmaga berilýän täze toplumlar batly depginler bilen ösýän ýurdumyzyň baş şäheriniň gözelligini has-da artdyrýar.

Geçen hepde ajaýyp wakalaryň ýene-de birine beslendi. 29-njy iýunda watandaşlarymyz hem-de daşary ýurtlaryň Liderleri, görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, milli Liderimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, ýurdumyzy ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet hem-de jemgyýetçilik işlerinde egsilmez güýç-gaýrat hem täze üstünlikleri arzuw etdiler. Bu günki Türkmenistanyň syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň miwesidir.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikleriň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutladylar.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna berk jan saglyk we halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikler baradaky arzuwlar, milli Liderimiziň halkara guramalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň barşynda hem beýan edildi. Hususan-da, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Soleýmanpur, “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow, “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogin, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew, “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buig, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko hem-de Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşyklar geçirildi.

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde — Köpetdagyň eteginde Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

14 gatly myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr. Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy guruldy. Bu ýerde myhmanlary milli däpler bilen garşylamak üçin döredilen şertler halkara ölçeglere doly laýyk gelýär. Dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenilen maslahatlar zallary, restoranlar, çaýhanalar, internet-kafe hem-de howuzlar, çagalar üçin oýun otaglary, sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Ýurdumyzyň taryhynyň dürli döwürlerine degişli sungat eserleri myhmanhananyň esasy bezeg aýratynlygydyr.

29-njy iýunda agşam paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Bu baýramçylyk çäresi türkmen medeniýetiniň ägirt uly kuwwatyny açyp görkezýän täze çykyşlaryň hem-de žanrlaryň dürlüligi bilen tapawutlandy. Döwlet Baştutanymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan “Bagt nury” aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Şirin mukamy, manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň kalbynda uly orun tapdy.

Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren “Uzak ýaşa, Arkadag!” atly aýdymynyň joşgunly sözleri we sazy milli Liderimiziň baştutanlygynda gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny beýan etdi.

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlaryny kabul etdi. Milli Liderimiziň ýurdumyzda, ilkinji nobatda, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri netijesinde, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary, zähmetsöýer daýhanlary hem-de tutuş türkmen halkyny zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, “Bu biziň ählimiziň bilelikde gazanan uly üstünligimizdir, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir we halkymyzyň baýlygydyr” diýip belledi.

Soňra geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Pudaga ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, gök we bakja önümleriniň mukdaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji iýulda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak, şahsy düzümiň hünär hem-de bilim derejesini ýokarlandyrmak, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryny Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrmak ýakyn geljek üçin ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda», «Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» hem-de “Türkmenistanyň Serhet institutynyň meseleleri hakynda” Kararlara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda häkimlikler, geňeşlikler, ýerlerdäki hukuk goraýjy, bilim, saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça işleriň geçirilmeginiň wajypdygyna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bu edaralar ýagdaýa doly gözegçilik edip, öňüni alyş çärelerini yzygiderli geçirip durmalydyr, biziň esasy maksadymyz yzygiderli ösýän we kämil jemgyýeti döretmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibinde ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gazhimiýa taslamalaryny amala aşyrmak, oba hojalyk ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.

Ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de düzüm desgalarynyň gurluşyk meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi, bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň gämileriniň onlarçasy abatlanyldy. Zawodyň işgärleriniň hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Söwda-senagat edarasynda eksport edijileriň maslahatyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Dünýäde we sebit derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen, goňşy Owganystanda durnuklylygy gazanmak ugrunda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy bilen baglylykda, Ýewropanyň “ýaşyl» ýörelgesi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wodorod we metan strategiýalary boýunça ylmy-amaly maslahaty guramak teklip edilýär.

Ýewropa döwletleriniň kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda gazanan tejribesini toplumlaýyn öwrenmek hem-de özleşdirmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde, ýurdumyzda Ýewropanyň maglumat we sanly tehnologiýalar merkezini açmak mümkinçiliklerine seredilýär.

Şeýle hem “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” işewürler geňeşini döretmek hem-de Bütindünýä söwda guramasyna girmek meseleleri bilen bagly okuw maslahatlaryny guramak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ulag we aragatnaşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir wajyp meselä — öňümizdäki aşa yssy günlerde Günüň şöhleleriniň ýaramaz täsirinden goranmak maksady bilen, degişli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, zerurlyk bolmasa, Günüň aşagynda gezmeli däldir. Şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň dogry we berk berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmek, şunuň bilen baglylykda, ähli ýerde elektrik enjamlaryny aýawly peýdalanmak wajypdyr.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi. Bu resminama Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ammiak selitrasy dökünini satyn almagy baradaky Karara hem-de döwlet pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we kärhanalaryna ýer böleklerini ulanmaga bermek hakynda Buýruga gol çekdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Balkan welaýatyna boljak iş sapary, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine, halkara derejeli beýleki duşuşyklara görülýän taýýarlyk, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede Milli Geňeşiň Mejlisinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar YHG-nyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekiliýeti onlaýn görnüşde «Dawalaryň öňüniň alynmagyna hem-de parahatçylygyň dikeldilmegine zenanlaryň gatnaşygyny, ýolbaşçylyk etmegini giňeltmekde dünýä hem-de sebit birleşikleriniň hem-de meýdançalarynyň orny» atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşdy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan guraldy hem-de Merkezi Aziýanyň ýolbaşçy zenanlarynyň Dialogynyň howandarlygynda geçirildi.

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Bu maslahata dünýäniň 30-a golaý döwletinden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 100-e golaýynyň wekilleri hem-de käbir sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruna laýyklykda, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni ugurlar boýunça täzelikleri, synlary yzygiderli alyşmagy ýola goýandygy bellenildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan “Açyk gapylar” hem-de ata Watanymyzy innowasion taýdan ösdürmäge, halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow