Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Çap edildi 29.06.2021
466

Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen duşuşyk geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek Türkmenistana geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar YHG-nyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, parlament diplomatiýasy arkaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem dürli ugurlar boýunça sebitleýin gatnaşyklara parlament goldawyny bermek meseleleri barada durlup geçildi.

Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen giň we köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şol strategiýa bolsa parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.

***

Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekiliýeti onlaýn görnüşde «Dawalaryň öňüniň alynmagyna we parahatçylygyň dikeldilmegine zenanlaryň gatnaşygyny hem-de ýolbaşçylyk etmegini giňeltmekde dünýä we sebit birleşikleriniň hem-de meýdançalarynyň orny» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşdy. Bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkezi tarapyndan guraldy.

Merkezi Aziýanyň lider zenanlarynyň Dialogynyň howandarlygynda geçýän köptaraply duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary gatnaşdylar.

Halkara we sebit zenan birleşikleriniň tejribesi Merkezi Aziýanyň lider zenanlarynyň Dialogynyň işini kämilleşdirmegiň ýolunda, hususan-da, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga zenanlaryň gatnaşmagyna ýardam etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Çäräniň barşynda Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Onda Merkezi Aziýa boýunça zenanlaryň parahatçylyk dörediji kuwwatyndan we mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak hem-de tutuş sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin onuň ulanylmagyna ýardam bermek Dialogyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňky habarlar
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow