Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 29.06.2021
605

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen söhbetdeş boldy.

Iri halkara guramanyň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşligiň barşynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, bagt, belent maksatlara ýetmekde üstünlikler arzuw etdi. Kristina Weýgand, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. BMG-niň edaralary bilen bilelikde eýýäm dürli ulgamlarda möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi we amala aşyrylýar.

Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz we ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy gazanylan üstünlikler hem-de ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllarda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşinde agzadygyny nazara almak bilen, däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, durmuş ugurly syýasaty amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin has amatly şertleri üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýär. Ýaş nesliň saglygy, bagtyýarlygy we abadançylygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Bu meýilnama ýurduň bähbitlerine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Hanym Kristina Weýgand döwlet Baştutanymyza BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere şaýat bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, çagalaryň bähbidine bilelikdäki işiň köpýyllyk oňyn tejribesine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow