Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2021
780

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde taryhy taýdan kemala gelen dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara goldaw bermäge esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge we halkyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraply işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglardyr hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, hemişe açyklygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz ýakyn goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny hem-de örän giň gerimli ugurlar boýunça ösýändigini, munuň şeýle bolmagyna dürli derejelerdäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň ynanyşmak we yzygiderli häsiýetiniň ýardam edýändigini nygtadylar.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Munuň şeýledigine taraplaryň öňe sürýän başlangyçlarynda hem-de dürli halkara düzümlere saýlanmaklarynda yzygiderli özara goldaw berilmegi şaýatlyk edýär.

Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky meseläni gozgap, özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, ylym we amaly barlaglar babatdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Durmuş taýdan bu ähmiýetli ulgamyň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow strategik we uzak möhletli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde Prezident Şawkat Mirziýoýewiň uly şahsy goşandyny nygtady.

Iki ýurduň Baştutanlary söhbetdeşligiň ahyrynda däp bolan hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk hem pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow