Şu günler Amyderýanyň kenaryndaky şäher ýurdumyzyň işjeň ösýän hem-de köpöwüşginli döredijilik ruhunda ýaşaýan medeni merkezine öwrüldi. Bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň şu günki maksatnamasyna žurnalistler üçin brifing, usulyýet maslahaty hem-de “Saz rowaýaty” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi girizildi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly duşuşygy Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda guraldy.
Öňdebaryjy tehnologiýalary hasaba almak bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen geçýän ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän wakalary beýan etmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri bu çäräniň baş maksady boldy.
Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde guralan usulyýet maslahatyna gatnaşyjylar medeni mirasy, halk sazlarynyň we tanslarynyň, folklor döredijiliginiň gadymy nusgalaryny gaýtadan dikeltmek hem-de wagyz etmek, halk köpçüligini bu ugurda gazanylanlar bilen giňden tanyşdyrmak boýunça oba medeniýet ojaklarynda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Welaýatlaryň her biriniň aýdym-saz sungatynyň, gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan hem-de häzirki döwürde uly ösüşe eýe bolan döredijilik ýörelgeleriniň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, milletimiziň mirasyny gorap saklamak, öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek, dünýäde giňden wagyz etmek medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipedir.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň köpasyrlyk çeper döredijilik ýörelgelerinden, ýiti zehininden kemala gelen sazandalyk, bagşyçylyk, gadymy däp-dessurlaryny beýan edýän tanslary ýerine ýetirmek sungatynyň tomaşaçylara ýetirýän ruhy täsiriniň güýjüni ýitirmeýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, milli medeniýetimizi we sungatymyzy, döredijilik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny gorap saklamakda hem-de halkara derejede giňden wagyz etmekde, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmekde uly ähmiýete eýe bolan döredijilik bäsleşikleriniň, festiwallaryň we beýleki çäreleriň ähmiýeti nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, bagşylaryň ýerine ýetirýän aýdymlarynda we dessanlarynda halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de başdan geçiren kynçylyklary, inçe duýgulary, şatlyklary we umyt-arzuwlary dogruçyl, tolgundyryjy beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz eserleriniň birini halk aýdym-saz sungatyna bagyşlap, ony “Ile döwlet geler bolsa...” diýip atlandyrmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Milli Liderimiz öz kitabynda halkymyzyň ruhy mirasy baradaky toplan düýpli bilimleri esasynda türkmen sungatynyň nusgawy wekillerine uly sarpa hem-de aýratyn hormat goýmak bilen, milli mukamlaryň we saz döretmegiň aýratynlyklaryny ussatlarça beýan edýär, halypaçylyk ýörelgeleriniň dowamatlylygyny hem-de dürli döredijilik ýollarynyň kemala gelşini düýpli seljerýär, asyrlaryň dowamynda, şol sanda häzirki wagtda türkmen medeniýetinde bagşylaryň ornuny açyp görkezýär diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler.
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan döredijilik ýörelgeleri bu gün has-da ösdürilýär. Muňa şu gezekki maslahata gatnaşyjylar doly göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar, olar üçin bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde gadymy mukamlar we aýdymlar ýaňlandy.
Ähli durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmekdäki sungatyň eýeleýän orny “Saz rowaýaty” sahna eseriniň özenini düzýär, ony Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary tomaşaçylara hödürledi. Lebaply artistleriň täze sahna eseri döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Rowaýat äheňindäki bu sahna eserinde XVI asyrda bolup geçen wakalar çeper beýan edilýär. Bagşy maşgalasynda üç ogul we bir gyz ösüp ýetişýär. Oglanlar üçin sazandalyk hünäri adaty ýörelge bolsa-da, gyzyň dutarda saz çalmagyny hem-de aýdym aýtmagyny onuň kakasy goldamaýar, sebäbi şol döwürde zenanlaryň sungatyň bu görnüşi bilen erkekler bilen deň hatarda meşgullanmaga hukugy bolmandyr.
Beýik Biribar Nowgül atly gyza uly zehin eçilipdir. Onuň aýratyn üýtgeşik zehini bejerip bolmaýan kesele ýolugan ynsanyň derdini dep edýär. Öz zehinini ösdürmegi, ruhy güýji bu gyza diňe bir orta asyrlarda zenanlar baradaky nädogry garaýyşlary ýeňip geçmäge ýardam bermän, zenanlar üçin bagşyçylyk sungatyna hem ýol açýar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen zenanlary halkymyzyň saz medeniýetiniň iň gadymy görnüşlerinden başlap, häzirki döwrüň opera sungatyna çenli ösüşinde aýratyn orny eýeläpdirler. Olaryň dutarda saz çalmakda görkezen ajaýyp başarnyklary baradaky köp sanly rowaýatlar we hekaýatlar halk arasynda bellidir. Zenanlar halk sazlarynyň örän çylşyrymly nusgalaryny ussatlarça ýerine ýetirip, käbir halatlarda meşhur erkek sazandalardan hem üstün çykypdyrlar.
“Saz rowaýaty” atly şowhunly sahna oýny kämil milli öwüşgine eýe bolup, tomaşaçylara türkmen däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny, iň esasysy bolsa, döredijilik güýjüniň we ylhamyň baky gözbaşy bolan köpasyrlyk milli däp-dessurlary, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga bolan jogapkärçiligi güýçlendirýär.
Sahna oýny aýdym-sazly görnüşde goýlupdyr. Ruhuňy jadylaýan halk aýdymlary we sazlary onuň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Sahna oýnunyň çeperçilik bezegi hem milli öwüşgine eýedir. Onuň ahyryndaky çykyşlar dürli taryhy döwürleri ýakynlaşdyrýar hem-de pederlerimiziň iň gowy däplerini aýawly gorap saklaýan we ösdürýän häzirki türkmen jemgyýetiniň belent ruhy gymmatlyklarynyň wajypdygyny tassyklaýar.
Täze goýlan sahna oýnuna teatr sungatynyň tanymal wekilleri bilen bir hatarda, döredijilik ýoluna täze başlan artistler hem gatnaşdylar. Baş gahryman Nowgülüň keşbini Lebap welaýatynyň ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň talyby ýerine ýetirdi.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda tomaşaçylar tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli görnüşli sahna oýunlarynyň 30-a golaýy bar. Her ýyl teatr täze sahna oýunlaryny tomaşaçylara hödürleýär. Türkmen we daşary ýurtly tomaşaçylaryň ykrarnamasyna eýe bolan “Daýahatyn” sahna oýny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara teatr festiwallaryna gatnaşdy. “Watan jandan ileri” hem-de “Üç derwüşiň paýhasy” atly sahna oýunlaryna uly baha berildi. Bularyň soňkusy Aşgabadyň şanly 140 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Türkmen teatr sungaty” festiwal bäsleşiginde tomaşaçylara hödürlenildi.
Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary “Saz rowaýaty” atly sahna eseriniň üstünliginiň aýdyň subutnamasy boldy.
* * *
Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Şu baýramçylyga gabatlanan Medeniýet hepdeligi — 2021 hem “Türkmeniň ak öýi” binasynda sungat ussatlarynyň gala-konserti bilen tamamlandy.
Baýramçylyk dabaralary Türkmenabat şäheriniň merkezinde ýerleşen we türkmen nusgawy şahyrlarynyň ýedisiniň ýadygärligi oturdylan “Ýedigen” seýilgähinde başlandy. Bu ýerde görnükli akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy boldy.
Ir bilen seýilgähe Türkmenabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň gündogar welaýatynda uly dabara bilen geçen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hem bar. Ýadygärligiň etegine goýlan ajaýyp gül desseleri halkymyzyň akyldar şahyryň döredijilik mirasyna çuňňur hormatyny alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli iberen Gutlagynda beýik nusgawy şahyry we ýurdumyzyň medeniýet işgärlerini hormatlamak çäresiniň bilelikde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygy barada aýdylýar. “Magtymguly Pyragynyň umman ýaly şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň nusgalyk döredijilik mekdebine öwrüldi” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär. Milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini we ýeten derejesini açyp görkezen Medeniýet hepdeligi — 2021 munuň aýdyň subutnamasydyr.
Sungat baýramçylygynyň çäreleri özüne çekijiligi, mazmun baýlygy bilen tapawutlandy. Olar ýurdumyzda döredijilik ösüşiniň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alnyp barylýan ägirt uly işleriň dowamlylygyny görkezdi.
Türkmenabatda ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlary ýygnandylar, olar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ähli ugurlaryna wekilçilik etdiler. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen Medeniýet hepdeligi — 2021 şanly seneleri giňden dabaralandyrýan jemgyýetimiziň ýokary ruhy galkynyşyny görkezdi.
Döredijilik forumynyň çäklerinde guralan milli dessurlary we häzirki zaman baýramçylyk medeniýetini utgaşdyrýan köp sanly çäreleriň öwredijilik ähmiýeti uly boldy, olar adamlara ýakymly duýgulary paýlady. Şu gün giň gerimli döredijilik çärelerini geçirmek üçin uly mümkinçilikleri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasyndaky sungat ussatlarynyň gala-konsertine gatnaşanlar hem şeýle duýgulary başdan geçirdiler.
Ajaýyp binanyň sahnasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlag sözleri belentden ýaňlandy. Şeýle hem halkymyzyň şöhratly taryhynyň, baý medeniýetiniň öwrenilmegini, onuň maddy we ruhy mirasynyň saklanmagyny hem-de wagyz edilmegini, häzirki zaman sungatynyň ösmegini, giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilmegini şertlendirýän oňyn syýasaty üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri aýdyldy.
“Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” atly edebi-sazly kompozisiýada hut şu ugurlar öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň artistleriniň, aýdymçylarynyň we folklor toparlarynyň bilelikdäki çykyşlarynda sungatyň ylham beriji güýji beýan edildi. Kompozisiýanyň baş gahrymany ynsan kalbynyň beýik aýdymçysy, türkmen şygryýetiniň ägirdi, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesillerine bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp döredijilik mirasyny bagyş eden Magtymguly Pyragynyň keşbidir.
Konsertiň dowamynda halk aýdym-sazlaryna, häzirki zaman sungat eserlerine, yşky-liriki aýdymlara, milli şahyrana we nusgawy saz eserlerine möhüm orun berildi. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine döredilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Arkadag Prezidentimiziň beýik işlerini wasp edýän aýdymlar baýramçylyk çäresiniň baş bezegine öwrüldi.
Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary “Biz — bagtyýar çagalar” atly kompozisiýada çykyş eden milli sungatymyzyň ýaş wekilleriniň çykyşlaryna berlen ýokary baha boldy. “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň!” atly kompozisiýada çykyş eden bagşylar topary ajaýyp aýdymlaryny ýurdumyzyň welaýatlaryna mahsus äheňde ýerine ýetirdiler. Olaryň bilelikdäki çykyşlary milli saz medeniýetiniň örän baý many-mazmuna we ýörelgelere eýedigini görkezdi.
Asylly däbe görä, sungat ussatlary öz hünär baýramçylyklary mynasybetli täze eserleri döretdiler. Meşhur aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň çykyşlary gadymy saz eserleri bilen häzirki zaman aýdymlarynyň, joşgunly estrada we tans çykyşlarynyň sazlaşygyny özünde jemläp, olaryň belent heňleriniň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Ajaýyp sahnada artistleriň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan sahna eserlerinden parçalar görkezildi. Şunuň ýaly dabaraly pursatlar bilen utgaşýan çykyşlaryň çäklerinde we hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyna laýyklykda, hepdeligi Lebap welaýatyndan Mary welaýatyna geçirmek çäresi boldy.
Umumadamzat möçberindäki gymmatlyk hökmünde ykrar edilen we milli medeniýetiň ruhy güýjüni, sazlaşygyň kuwwatyny özünde jemleýän gadymy “Küştdepdi” tansy konserte aýratyn bezeg berdi. Bu ýerde guralan baýramçylyk çäreleri milli sungatyň gadymy ýörelgeleriniň häzirki zaman tejribeleri bilen arabaglanyşyklydygyna ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
“Gahryman Arkadag — dillerde sena” ady bilen ýaňlanan belent owazly aýdym “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen baýramçylyk konsertini jemledi. Ol beýik özgertmeler eýýamynyň, Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň üstünlikli amala aşyrýan beýik işleriniň senasy bolup ýaňlandy. Sahnada oturdylan monitorda häzirki döwrüň döredijilik güýjüni beýan edýän görnüşleriň aýdym-sazlar bilen utgaşmagy çykyşyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Bu ýere ýygnananlar — kalplary mähriban Watanymyza buýsançdan we hormatly Prezidentimize hormatdan doly tomaşaçylar watansöýüjilige ýugrulan bu aýdymyň sözlerini ör turup diňlediler. Baýramçylyk konserti türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine we döredijilik üstünliklerine ruhlandyryp, sungatyň ruhy güýjüniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, ýurdumyzda döredijilik işiniň we döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi ugrunda ähli amatly şertleriň döredilýändigi hem-de döredijilik forumyny ýokary derejede guramak boýunça mümkinçilikler üçin milli Liderimize hoşallyk bildirilýär. Şeýle hem olar döwlet Baştutanymyzy mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine milli medeniýetimiziň has-da ýokary derejelere çykmagy ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.