Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen Lideriniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen Lideriniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Çap edildi 26.05.2021
1119

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli mähirli we tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň şahsy tagallalaryňyz netijesinde doganlyk Türkmenistanyň paýtagty ýurduň sazlaşykly ösýän iri senagat, ylym we medeni merkezine hem-de diňe Orta Aziýanyň däl-de, eýsem, tutuş dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi.

Gaýtalanmajak tebigy gözelligi, ajaýyp binagärlik toplumlary hem-de oňaýly şäher gurşawyny özünde jemleýän ak mermerli şäher türkmen halkynyň däbe öwrülen myhmansöýerligini görkezýär. Bu şähere her gezek uly höwes bilen gelip, özüm bilen nurana we ýatdan çykmajak täsirleri alyp gidýärin.

Aşgabat şäheriniň öz şanly senesini täze üstünlikler hem-de zähmet ýeňişleri, öz ýaşaýjylarynyň ertirine bolan ynamy, geljek üçin ägirt uly meýilnamalar bilen garşylandygyny bellemek isleýärin.

Tatarystan Respublikasy Türkmenistan hem-de onuň raýatlary bilen bu baýramçylygyň şatlygyny paýlaşýandygyna guwanýar. Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Türkmenistany we onuň paýtagtyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, rus-türkmen gatnaşyklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge gatnaşmak mümkinçiligi üçin Size hoşallygymy beýan edýärin.

Size hem-de tutuş türkmen halkyna Aşgabady döredijilikli ösdürmekde hem-de onuň halkara abraýyny artdyrmakda täze üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etmäge rugsat ediň!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Rustam Minnihanow,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow