Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Medeniýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 19.05.2021
4751

Şu gün Medeniýet ministrliginde Aşgabady “Dizaýn” ugry babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça iş wideomaslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili hem gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak bilen bagly meseleler, bu ugurda ýetilen sepgitler we meýilleşdirilýän geljekki iş ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu toruň medeniýete we durmuşy integrirlemäge maýa goýum goýmaga taýýar şäherleriň arasynda hyzmatdaşlyk babatda uzak möhletleýin maksatnamany işläp düzmek meselesi barada pikir alşyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu aýda Aşgabadyň degişli ýüztutmasy ÝUNESKO-nyň Sekretariaty tarapyndan resmi taýdan kabul edildi. Bu ýüztutma garaşsyz bilermenler tarapyndan seljeriler, soňky çözgüt ÝUNESKO-nyň Baş direktory tarapyndan 31-nji oktýabrda bellenilýän Bütindünýä şäherler gününiň öňüsyrasynda yglan ediler.

Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagy paýtagtymyzda halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýerine ýetiren işleriň ykrar edilmeginiň nobatdaky delili bolmak bilen çäklenmän, medeniýeti we döredijiligi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm bölegi hökmünde kabul edilýän dünýäniň beýleki şäherleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn täsirini ýetirer.

Bu tor agza şäherleriň intellektual gatnaşyklarynyň möhüm guralydyr, bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmäge, medeniýet, sungat ulgamynda gazanylan tejribeleri alyşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döredijilik, täzeçillik kuwwatyny goldamaga bolan umumy gyzyklanmalary alamatlandyrýar. Maslahata gatnaşyjylar öňde goýlan maksada ýetmek üçin alnyp barylýan bilelikdäki işleriň ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän şeýle gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek barada bir pikire geldiler.

Soňky habarlar
22.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
22.06
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
top-arrow