Şu gün “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Şanly seneler milleti jebisleşdirýär, halkyň ruhuny açyp görkezýär we şöhratly geçmişini, häzirki gününi hem-de geljegini dabaralandyrýar. Olaryň hatarynda 18-nji maýda bilelikde bellenilýän Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasyp orun eýeleýär.
Bu baýramçylyk milli jebisligiň hem-de Garaşsyz Watanymyzyň şu güni, geljegi üçin umumy jogapkärçiligiň nyşanydyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy zähmet edermenligini hem-de ylmy açyşlary, medeniýet we sport ulgamlarynda ýetilen sepgitleri birleşdirýär. Garaşsyz ata Watanymyzyň ýaşyl Tugy dünýäniň dürli döwletlerinde, iri halkara guramalaryň binalarynda buýsançly pasyrdap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasy ugruň parahatçylyk hem-de döredijilik mazmunyny alamatlandyrýar.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän şu ýylda döwlet nyşanlarynyň baýramy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Bu gün türkmenistanlylar döwletimiziň kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar hem-de parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde halkara giňişlikde belent abraýa eýe bolan ýurdumyz bu derejesini barha pugtalandyrýar.
«Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň we rowaçlygymyzyň sarsmaz hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz, buýsanjymyza öwrülen türkmen halysynyň gölleri, parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillendirilen, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyz biziň milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, beýik özgertmeleriň hem-de ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Bitarap Watanymyzda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddeslikler hökmünde aýratyn sarpa goýýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz ählihalk baýramy mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda belleýär.
Ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleri parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini işjeň wagyz edijiler hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikleriniň hem-de eýe bolan belent sepgitleriniň waspyny ýetirýärler. Häzirki wagtda medeni diplomatiýa döwletara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýän halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär.
Şu ýyl sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda geçirilýändigi aýratyn bellärliklidir. 140 ýyllygyny belleýän Diýarymyzyň baş şäheriniň bu künjegi ajaýyp keşbe eýedir. Paýtagtymyzyň merkezinde seleňleýän belentligi 25 metre deň bolan bu bina türkmen halkyny özara ylalaşyga hem-de agzybirlige çagyran beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýär.
Binanyň depesinde Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk derejesini alamatlandyrýan zeýtun agajynyň şahajyklary şekillendirilendir. Bu toplumyň sütünleri ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi, Garaşsyzlygy, Bitaraplygy we bagtyýarlygy üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan syýasaty alamatlandyrýar. Ýürek görnüşinde şekillendirilen bezeg söýginiň nyşany bolup «Aşgabat — aşyklar şäheri» diýmegi aňladýar. Sütüniň eteginde ýerleşdirilen açyk kitap köp many-mazmuny özünde jemleýän ýene bir nyşandyr, onda şäheriň şöhratly ýyl ýazgysy hem-de paýtagtymyzyň taryhynyň geljekki nesiller tarapyndan beýan ediljek täze sahypalary jemlenendir. Bu nyşan Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilendigini aňladýar.
Agşamyna köp öwüşginleri bilen bu bina has-da ajaýyp keşbe girýär. “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň töweregini gurşap alýan gülzarlyklar hem-de suw çüwdürimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasyna aýratyn bezeg berýär.
Bu gün baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada ýaşyl baýdaklar pasyrdaýar. Dabara gatnaşyjylaryň ellerinde gül çemenleri bar. Ähli watandaşlarymyzyň ajaýyp Diýarymyza hem-de onuň ak mermerli paýtagtyna belent buýsanç duýgusyna hem-de watançylyk ruhuna beslenýändikleri bu baýramçylykda öz beýanyny tapýar.
Baýramçylyk konserti «Arkadagyň ak ýolunda baky parla, ýaşyl Tugum!» diýen edebi — aýdym-sazly çykyş bilen açyldy. Ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary hem-de ýurdumyzyň birleşen folklor-tans toparlary ýerine ýetirdi. Artistler bu çykyşyň üsti bilen ata Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ählihalk söýgüsini we çäksiz hoşallygy beýan etdiler.
Ruhubelentlik ýagdaýynda başlanan baýramçylyk konserti meşhur aýdymçylaryň hem-de sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň ajaýyp çykyşlary bilen dowam etdi.
Açyk asmanyň astynda türkmen halk aýdym-sazlary, estrada aýdymlary ýaňlandy hem-de ajaýyp tanslar ýerine ýetirildi. Zehinli aýdymçylar öz çykyşlarynda eziz ülkämiziň tebigat gözelliklerini, türkmen halkynyň baý we özboluşly däp-dessurlaryny, berkarar Watanymyzyň bu günki ýeten sepgitlerini wasp etdiler.
Ajaýyp paýtagtymyza bagyşlanan aýdym-sazlar konsertiň özenini düzdi. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda türkmenistanlylaryň ak mermerli Aşgabada bolan söýgüsi has-da belent ylham joşguny bilen wasp edildi.
Bu günki ajaýyp baýramçylyk konsertinde “Güneş” çagalar hor toparynyň hem-de “Şowhun” tans toparynyň çykyşy aýratyn joşgunly ýaňlandy. Asylly däbe görä, gadymy “Küştdepdi” tansy baýramçylyk konsertini jemledi, nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, türkmen halkynyň örän baý ruhy mirasynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu çykyş tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Aýdymçylar hem-de baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen “Alkyş Size, Arkadag!” atly watançylyk aýdymy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Belent ýaňlanan aýdymlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda nurana geljege tarap ynamly barýan ata Watanymyzyň şu günki bagtyýar eýýamyna çäksiz buýsanjymyzyň beýany boldy.
Şu gün baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde hem geçirildi.