Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentara tagallalary birleşdirýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentara tagallalary birleşdirýär
Çap edildi 28.04.2021
1842

Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisinde parlamentleriň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Bu çäre türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guraldy hem-de şanly senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we baky Bitaraplygyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyldy.

Duşuşygyň dowamynda parlamentarizmiň gurallaryny häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ulanmak bilen bagly netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň ençeme ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan goldanyldy we 2019-njy ýylda degişli Kararnamada berkidildi. Munuň özi ähli döwletlere dünýäniň ykbaly üçin öz jogapkärçiligini duýmaga, artýan nägilelikleri duruzmaga, häzirki zaman halkara ýagdaýyny seljermäge we oňa taryhy hem-de geljegiň nukdaýnazaryndan paýhasly garamaga özboluşly çagyryş bolup ýaňlandy diýlip, maslahatda nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, parlamentleriň bilelikdäki işleri aýratyn ähmiýete eýe bolup, halkara gatnaşyklary gowulandyrmak, dünýä syýasatyndaky ynanyşmagy dikeltmek, halklaryň arasyndaky hormat goýmak gatnaşyklarynyň medeniýetini berkitmek üçin zerur şertleri döredýär.

Duşuşygyň dowamynda Russiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň hem-de beýleki döwletleriň parlamentleriniň we dürli geňeşleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň wideoýüzlenmeleri diňlenildi.

Çykyşlarda Bitarap Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek boýunça oýlanyşykly çözgütleri işläp düzmekde eýeleýän işjeň orny nygtaldy.

Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we raýdaşlyk gatnaşyklaryny ilerletmek, mizemez umumadamzat gymmatlyklaryna, abadançylygyň bähbitlerine gabat gelýän netijeli, hormat goýmak gatnaşyklaryny we köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatyndaky başlangyçlarynyň aýratyn wajyplygy bellenildi.

Halkara parlamentiň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň hatarynda hökümetleriň gol çeken halkara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň kepillendirilmegi, halkara hukugyň pugtalandyrylmagy, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goldamakda BMG-niň ornunyň tassyklanylmagy, uzak möhletleýin durnuklylygy saklamak, jedelleriň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň möhüm guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak hem-de berkitmek we beýlekiler görkezildi.

Şonuň ýaly-da, duşuşykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alşyldy.

«Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyga gatnaşyjylar türkmen tarapyna bu maslahaty ýokary derejede gurandygy üçin hoşallyk bildirdiler hem-de jemleýji resminamany kabul etdiler. Onda oňyn sebit hem-de ählumumy hereketleri höweslendirmekde, Ýer ýüzünde durnukly ösüşiň we gülläp ösüşiň bähbidine parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetini ilerletmekde bilelikde işlemegiň esasy düzgünleri berkidildi.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow