Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 15.04.2021
1816

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we HHR-iň başlygy Si Szinpiniň milli Liderimize aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Diplomatyň belleýşi ýaly, dünýäde hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan oňyn daşary syýasaty we giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary bilen tanalýan ýurdumyzda Hytaý Halk Respublikasyna wekilçilik etmek uly hormatdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli täze binalaryň açylyş dabaralarynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň ýolbaşçy düzümine mähirli sözlerini beýan etdi we Türkmenistanyň möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde wajyp hyzmatdaşy bolan Hytaý bilen däp bolan dostluk hem-de birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň berkidilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we diplomat “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň jemleriniň tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen umumy maksatlaryň amala aşyrylmagynda dünýä döwletleriniň arasynda özara düşünişmek we hormat goýmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşlikde ýangyç-energetika toplumynda, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamdaky netijeli tagallalary işjeňleşdirmek üçin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Umumy pikire görä, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar. Dürli medeni çäreler, ylmy we döredijilik maslahatlary, hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň işi bu gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şertini emele getirýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi iki ýurduň we onuň dostlukly halklarynyň arasynda ýola goýulýan oňyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegi ugrunda zerur tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow