Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip
Syýasy habarlar
Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip
Çap edildi 02.04.2021
3930

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwerlik ýüküni ugratdy.

Goňşy ýurtlar bilen netijeli, ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljege gönükdirilen hemişelik dostlukly we oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň halklarynyň arasynda taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Şol sebitleriň hatarynda ýakyn ykdysady we medeni gatnaşyklar ýola goýlan Astrahan welaýaty bar. Bu sebite Türkmenistanda öndürilen önümleriň iberilmegi hemmeler üçin iň çylşyrymly döwürde ýakyn goňşyňa doganlyk kömegini bermekde hoşniýetli erkiň nobatdaky ýüze çykmasydyr.

Ýurdumyz özara kömek bermegiň köpasyrlyk däplerine eýerip, beýleki döwletlere we halklara kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardyr. Ine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýruklaryna laýyklykda, tutuş adamzat üçin hakyky synaga öwrülen koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, dostluk kömegini bermek maksady bilen, goňşy Owganystana we Eýrana ynsanperwer ýükleri ugradyldy.

Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistan umumy abadançylyk üçin kuwwatyny amala aşyrmak arkaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow