Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkara žurnalyň sahypalarynda Nowruz baýramyny bellemegiň däpleri beýan edilýär
Medeniýet
Halkara žurnalyň sahypalarynda Nowruz baýramyny bellemegiň däpleri beýan edilýär
Çap edildi 20.03.2021
7774

Hindistanda Merkezi Aziýa sebitiniň we onuň çäklerinden daşarda bolup geçýän wakalary beýan edýän halkara  «Business Central Asia» žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi. Neşiriň martdaky sany Halkara Nowruz gününe bagyşlanypdyr.

Dürli suratlar bilen bezelen makalalarda  dowamatlylygy, dürli ýurltlaryň halklarynyň özboluşly köpasyrlyk däp-dessurlaryny ösünde jemleýän bu gadymy baýramyň bellenilişi beýan edilýär. 

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda žurnalyň bu sanynda Nowruzyň ýurdumyzda belleniliş ýörelgeleri barada gürrüň berýän, şeýle hem türkmen halkynyň özboluşly ruhy-taryhy mirasy we medeni-estetik gymmatlyklary  bilen tanyşdyrýan makalalar ýerleşdirilipdir.

Hususan-da, neşiriň sahypalarynda amaly-haşam sungatynyň däpleri we ösüş ýollary barada gürrüň berilýär. Ahal-teke bedewleriniň we türkmen alabaý itleriniň ýetişdirilişine aýratyn makalalar bagyşlanypdyr.

Şeýle hem žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň häzirki durmuşyna, şol sanda ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny we Aşgabadyň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada habarlar ýerleşdirilipdir.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow