Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Medeniýet
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Çap edildi 07.03.2021
8180

Şu gün, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi.

Maşgala ojagyna wepalylygy bilen jemgyýetiň sazlaşygyny emele getirýän zenanlaryň bahar baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenýän şu ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Aýal-gyzlar, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky alada, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, hakyky gender deňligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mähriban enelerimizi, zenanlarymyzy sarpalamak, çagalary terbiýelemekde hem-de köp asyrlyk taryhyň dowamynda kemala gelen maşgala ojaklarynyň abadançylygyny saklamakda olaryň eýeleýän ornuna aýratyn hormat goýmak halkymyzyň ajaýyp ýörelgesidir. Olaryň häzirki döwürdäki bagtyýar durmuşy halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň buýsanjydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlary dürli ulgamlarda özleriniň ruhy, intellektual we ahlak mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanýarlar. Türkmenistanyň zenanlary — täze taryhy eýýamy döredijiler, tutanýerli zähmetkeşler. Olar milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek bilen, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Erkek adamlar bilen deň hatarda döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet hem-de saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýärler, telekeçilik işlerini alyp barýarlar, Watanymyzyň ägirt uly gazananlaryna uly goşant goşýarlar.

8-nji mart baýramy zenanlara bolan çäksiz söýgini sungatyň üsti bilen beýan etmek, olaryň gözelligini we ajaýyplygyny wasp etmek üçin şanly senedir. Türkmen nusgawy edebiýaty zenanlara çäksiz söýgä hem-de olara sarpa goýmak duýgularyna beslenendir. Magtymgulynyň we Mollanepesiň, köp sanly beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri beýik milli döredijiligiň ajaýyp nusgalarydyr, olary aýal-gyzlaryň ajaýyp häsiýetleri döredijilik belentliklerine ruhlandyrypdyr, halkymyzyň ene ýüregi, olaryň aýratyn mähre ýugrulan hüwdüleri barada döreden, dilden-dile geçip gelýän rowaýatlary türkmenlerde enäni mukaddeslik hökmünde sarpalamak ýörelgelerini kemala getiripdir. Türkmen zenanlary nepis halylary dokamak, keçe basmak, milli nagyşlary döretmek sungatyny kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetirdiler, bu senetde olaryň çeper zehini, arzuw-hyýallary öz beýanyny tapýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň zenanlaryna bagyşlanyp, Mukamlar köşgüniň sahnasynda guralan çykyşlar döwrümiziň belent döredijilik ruhuny, milli sungatymyzyň iň ajaýyp däpleriniň dowamatlylygyny aýdyň görkezdi.

“Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär” atly edebi, aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk konsertiniň ajaýyp başlangyjy boldy, ony aýdymçylar, teatrlaryň artistleri, tansçylar, çagalar toparlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Watançylyk ruhuna ýugrulan bu çykyş dörediji, parahatçylyk taglymyny öňe sürýän zenanlaryň şanyna sena hökmünde ýaňlandy, munuň özi ruhy, medeni bitewülige, Ýer togalagynyň tebigy we adam mümkinçilikleriniň aýawly goralyp saklanmagyna daýanýar.

Konsert “Kakyň dowullary, ýaň salsyn dünýä, Arkadagym bilen öňe biz, öňe!” diýen ajaýyp çykyş bilen dowam etdi, onda eziz Watanymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, ony dörediji we ruhlandyryjy türkmen halkynyň Arkadagy wasp edilýär, döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk söýüji döredijilikli syýasaty belent taglymlara, şöhratly ata-babalarymyzyň parasatly we ynsanperwer ýörelgelerine esaslanmak bilen, Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmegine ýardam berýär.

Joşgunly çykyşlar bilen başlanan baýramçylyk konserti belli halk we estrada aýdymçylarynyň, paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň, tans we saz toparlarynyň, çagalar döredijilik hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Baýramçylyk konsertinde zenan ýüreginiň mährini we olaryň sadalygyny, asyllylygyny, gözelligini, wepadarlygyny, ene söýgüsini wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Meşhur opera we estrada aýdymçylary gaýtalanmajak we ýakymly owazlary bilen zenanlara ajaýyp pursatlary, dünýä nusgawy saz eserlerinden düzülen çemeni sowgat etdiler.

Zenan gözelliginiň waspçylary bolan türkmen şahyrlarynyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Artistler tans arkaly zenanlara bolan söýgi we hoşallyk duýgularyny ussatlyk bilen görkezdiler. Ähli çykyşlar täsirli wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.

Däbe görä, baýramçylyk çykyşlarynyň maksatnamasynda gadymy küştdepdi tansy hem möhüm orun aldy. Ol halk döredijiliginiň aýdyň öwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni ýörelgeleriniň we ruhy baýlygynyň özboluşly sazlaşygyny emele getirýär.

Garaşsyz Watanymyza bolan belent buýsanja beslenen hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenanlaryny wasp edýän aýdym Halkara zenanlar gününe bagyşlanan konsertiň ýatdan çykmajak jemlemesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen hem-de baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygy üçin, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow