Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 10.12.2020
1185

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident! Öňi bilen Sizi “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” ady bilen döreden täze kitabyňyzyň çap edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu eseriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini bellemek ýakymly. Siziň täze eseriňiz türkmen halkyna, onuň taryhyna we nurana geljegine bagyşlanypdyr. Munuň özi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy, Siziň syýasatyňyz we syýasy, diplomatik, ykdysady, medeniýet we ynsanperwer ulgamlarda ýaýbaňlandyran hem-de Siziň ýolbaşçylygyňyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriňiz bolup durýar. Siziň kitabyňyzda Bitaraplygyň parahatçylyk bilen berk baglanyşyklydygy barada aýdylýar. Bitaraplyk—munuň özi öňe hereket etmek, dünýäde parahatçylygyň kepilidir. Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üsti bilen dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmäge goşant goşmagy özüm üçin uly hormat hasaplaýaryn. Iki ýurduň arasynda ykdysady we işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşup we Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň Awstriýanyň iri kompaniýalarynyň agzalary bolup, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda “Türkmen Maslahatçylar” (TMT Сonsalting Group) bilen işewürlik taslamalaryny taýýarlamak, durmuşa geçirmek we öňe ilerletmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetiň birnäçe pudaklaryna, senagata we gurluşyk pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça döwlet düzümleriniň, kompaniýalaryň we Awstriýanyň hem-de Türkmenistanyň hususy telekeçileriniň arasynda senagat hem-de lukmançylyk, gurluşyk ugurlary boýunça iş alyp barmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Siziň medeni diplomatiýa syýahatyňyz Awstriýa we onuň paýtagty bilen medeni gatnaşyklary berkitmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilýär. Aşgabatda Wena balynyň geçirilmegi syýasatyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Aşgabatda geçirilýän her gezekki Wena baly ähli gatnaşyjylar we myhmanlar üçin ýatda galyjy wakalara beslenýär. Munuň özi medeniýetiň we sungatyň serhetleri aradan aýyrmaga, alys ýoly ýakyn etmäge ýardam berýändigini, halklaryň dünýäde parahatçylyga bolan gyzyklanmalaryny birleşdirýändigini tassyklaýar. Neda Berger, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow