Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Çagalar hakyndaky alada Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň hyzmatdaşlygynyň binýadydyr
Syýasy habarlar
Çagalar hakyndaky alada Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň hyzmatdaşlygynyň binýadydyr
Çap edildi 09.12.2020
936

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara serginiň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň milli parlament hem-de ýurdumyzyň hukuk düzümleri bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş häsiýetli syýasaty netijesinde, Türkmenistanda ýaş nesliň ählitaraplaýyn ösmegi üçin has amatly şertler döredildi, olaryň saglygy hem-de bagtyýarlygy hakyndaky alada dürli döwlet maksatnamalarynyň hem-de meýilnamalarynyň möhüm böleginiň biridir. Hususan-da, şu gün Mejlisiň hem-de ÝUNISEF-niň gol çeken 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy çagalaryň hukugyny kanunçylyk taýdan, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyklykda, goldamak hem-de durmuşa geçirmek ýaly möhüm ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bu ugurdaky binýatlaýyn halkara-hukuk resminamalara goşulandygyny bellemek gerek. BMG-niň Çagalaryň hukuklary hakyndaky konwensiýasy tassyklanyldy. Ol raýat, ykdysady, medeni, durmuş hem-de syýasy meseleleriň giň toplumyny gurşap alýan ilkinji halkara resminamadyr. ÝUNISEF-niň Içeri işler ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen gol çeken iş meýilnamalary çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak boýunça gatnaşyklary berkitmäge, şunuň ýaly-da, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. BMG-niň Çagalar gaznasy bilen uzak möhletleýin hem-de üstünlikli hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de parahatçylygyň we ynsanperwerligiň ýörelgelerine ygrarly daşary syýasy ugrunyň mizemezligini şöhratlandyrýar. Geçen ýyllaryň dowamynda taraplar milli derejede öz netijeliligini görkezen maksatnamalaryň birnäçesini işläp düzdüler hem-de durmuşa geçirdiler. Türkmenistanyň hem-de ÝUNISEF-niň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hereket edýän hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde ýokary hilli bilimi üpjün etmek, çagalaryň howanyň üýtgemegi babatda habarlylygyny ýokarlandyrmak we beýlekiler boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Ýurdumyzda ýaş nesliň ählitaraplaýyn ösmegini, terbiýelenmegini hem-de ýokary bilim almagyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu gün gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň hem-de ÝUNISEF-niň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt maksatnamasyna we çaganyň hukuklary boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereket etmegiň milli meýilnamasyna laýyklykda işlenip düzüldi.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow