Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 25.11.2020
1067

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Seul şäherinde geçirilen 2020-nji ýylyň Demirgazyk Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna Siziň wideoýüzlenmäňiz bilen doly ylalaşýaryn. Şol ýüzlenmede Siz Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny nygtadyňyz. Siziň goldaw bermegiňiz netijesinde forum, COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, üstünlikli geçirildi. Siziň bilen gatnaşygy dowam etmäge hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga şatdyryn. COVID-19 pandemiýasynyň çylşyrymly ýagdaýlaryny ýeňip geçjekdigimize hem-de Ýewraziýanyň parahatçylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine bilelikde işleşjekdigimize umyt edýärin. Seulda Siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Mun Çže IN, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow