Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 02.11.2020
1005

Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp, BMG-niň Terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak bilen birlikde sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň terrorçylyk, ekstremizm, serhetüsti jenaýatçylyk, adam söwdasy bilen bir hatarda, sebit hem-de halkara howpsuzlygyň umumy wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça BMG-niň alyp barýan işlerine gatnaşmaga berk ygrarlylygy babatda ýöredýän daşary syýasy ugruna ýokary baha berildi. Türkmenistan BMG-niň binýatlaýyn halkara şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň, şol sanda Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnamanyň, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky Şertnamanyň gatnaşyjysy bolmak bilen, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň hem-de umuman alnanda, ýaragy ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak kadalarynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki tagallalaryň ilerledilmegi ugrunda çykyş edýär. Taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Takyk alnan sebit babatda BMG-niň Terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasynyň uýgunlaşdyrylmagy üçin esas goýan 2011-nji ýylyň Aşgabat Jarnamasynyň we Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Türkmen tarapynyň öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti” atly Kararnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegi bilen bir hatarda, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri nukdaýnazaryndan, dawalaryň öňüniň alynmagynda Türkmenistanyň baky Bitaraplyk syýasatynyň netijeliligi nygtaldy. Ýurdumyz Bitaraplygyň 25 ýyllygyny dabaralandyrmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegini öňe sürdi. Taraplar Türkmenistanyň geostrategik ýerleşişiniň aýratynlygyny nygtamak bilen, terrorçylygyň ýüze çykmagynyň toplumlaýyn sebäpleriniň öwrenilmegi, öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi üçin bilermenlik başarnyklarynyň öz wagtynda alşylmagy bilen bir hatarda, uzak möhletleýin esasda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Taraplar maglumat howpsuzlygynyň meseleleri we hyzmatdaşlygyň ýaşlar bilen bagly ugruny ara alyp maslahatlaşmak bilen, BMG-niň howandarlygynda maglumat giňişliginde howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça köpugurly hukuk gurallarynyň kabul edilmegine ünsi jemlediler. Onlaýn duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga ygrarlydygy ýene-de bir gezek bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň degişli Kararnamasyna laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen geljek 2021-nji ýyl üçin çäreler boýunça öňe süren başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow