Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 23-nji oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, toparyň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy. Mejlisiň barşynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler meýilnamasynyň taslamasyna garaldy, şol sanda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek baradaky hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň işiniň kämilleşdirilmegi we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Ýurdumyzda medeniýetiň hem-de bilimiň ösdürilmegine, medeni we tebigy mirasyň aýawly saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine uly üns berilýär, bu meseleler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzir özbaşyna medeni hem-de taryhy gymmatlyklaryň hataryna girýän üç sany iri taryhy-medeni goraghananyň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Gadymy Nusaýyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi bellenildi. Şol sanda «Görogly» şadessany, «Küştdepdi” aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halk döredijilik ýörelgeleri, ýerine ýetirijilik sungaty, däp-dessurlar we adatlar, baýramçylyklar, tebigat hem-de daşky gurşaw bilen baglanyşykly bilimler we başarnyklar, täsin tehnologiýalar hem-de adaty senetçilik maddy däl taryhy-medeni miras bolup durýar. Mejlisiň barşynda bagşyçylygyň saz — şygryýet sungatynyň iň gadymy hem-de özboluşly ýörelgeleriniň biridigi bellenildi, sungatyň şu görnüşine türkmen halkynyň taryhynda aýratyn orun degişlidir. Ýerine ýetirijilik sungatynyň bu ýolunyň birnäçe ugry bar, şunda bagşy-ozanlara aýratyn orun degişlidir. Çykyş edenler halk döredijilik sungatynyň taryhy-medeni taýdan ylmy-wagyz görnüşinde düýpli öwrenilmeginiň milli ruhy gymmatlyklaryň, şol sanda bagşyçylyk ýörelgeleriniň dowamatlylygyny gorap saklamaga hem-de mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam berjekdigini nygtadylar. Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamaga, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ygrarlydygyny aýtdylar. Türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girmek meýilnamalary barada habar berdi, munuň özi medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, öz çäkleriniň durnukly ösdürilmegine maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýän şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer. Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işleriň ýola goýlandygy bellenildi. Çykyş edenler häzirki wagtda seýisleriň we atşynaslaryň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arassa ganly behişdi bedewleriň baş sanyny köpeltmek maksady bilen döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bedewleriň tohumyny gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýandyklaryny, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhyny dowam etdirmek bilen, olaryň bu pudagyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýandyklaryny, özleriniň aýratyn zehinlerini hem-de çäksiz söýgüsini siňdirýändiklerini aýtdylar. Milli toparyň birinji mejlisine gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, halk seçgiçileriniň bu naýbaşy ýörelgeleri täsin sungat hökmünde nesilden-nesle geçirilýär. Bedewler halkymyzyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýär, türkmenler olary öz hemrasy hasaplaýar, hut şu ýörelgeler ahalteke bedewlerinde iň gowy häsiýetleriň jemlenilmegine kömek etdi. Bu gün milli atşynaslygyň asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi netijeli usullaryň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini görkezýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýurdumyzda ilkinji ýöriteleşdirilen merkeziň açylmagy häzirki döwürde türkmen alabaýlarynyň gymmatly genofondunyň kemala getirilmegine, itşynaslygyň umumy medeniýetiniň ösdürilmegine hem-de usulyýet üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna ägirt uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Bu waka hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda ajaýyp alabaý itleriniň eýeleýän möhüm ornuny beýan edýän “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň neşir edilmegi bilen gabat geldi. Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi gorag itleriniň iň gowy tohumlarynyň biri, milli mirasymyz bolan alabaý itleriniň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam berdi, bu assosiasiýanyň birinji mejlisi şu ýylyň 7-nji maýynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, alabaý itlerini yzygiderli esasda köpeltmek, halk seçgiçiliginiň hem-de dünýä ylmynyň gazananlarynyň usullaryny peýdalanmak arkaly, ýurdumyzyň itşynaslygynyň iň gowy ýörelgelerini artdyrmak halkara derejä eýe bolan bu assosiasiýanyň alyp barýan işleriniň ilkinji derejeli ugurlarydyr. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen halky tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň nusgalyk göreldesini görkezýär, şöhratly ata-babalarymyzyň döredijilik zehinini açyp görkezýän seçgiçiligiň ajaýyp ýörelgelerini kemala getirdi. Bu barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitaplarynda birnäçe gezek ýazdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hukuk kemsidilmelerine garşy göreş hakynda, medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini goramak we höweslendirmek hakynda hem-de ýokary bilim babatda hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ÝUNESKO-nyň konwensiýalaryna goşulmagy bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisiniň barşynda şeýle hem sanly ulgam taslamalarynda maglumatlary alyşmak hem-de beýleki möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.