Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 11.10.2020
2305

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we awtobenzin satyn aldylar. Türkiýeli işewürler «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Ermenistanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah we jinsi matalaryny, nah ýüplügi, plastik gaplary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 776 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 333 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 5 million 691 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini we «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow