Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Ykdysadyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Çap edildi 06.10.2020
3993

Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçylary bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda, esasan, milli ösüş meýilnamalary nazara alnyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar goňşy halklaryň köpasyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belläp, däp bolan hyzmatdaşlygyň diňe bir özara bähbitlere laýyk gelmän, eýsem, tutuş sebitiň abadançylyk we gülläp ösüş maksatlaryna hyzmat edýändigini nygtadylar. Gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny has doly peýdalanmagyň hem-de onuň amala aşyrylmagyna ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň wekillerini işjeň çekmegiň zerurdygyny bellediler. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň uzak möhletleýin geljege niýetlenen hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ugurlary özünde jemläp, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara hormat goýmak hem-de ikitaraplaýyn bähbitlilik ýörelgelerinde mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmek maksady bilen, bilelikdäki şertleri döretmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin şunuň ýaly işewür duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow