Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär. Bu ulgamdaky bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri dolulygyna amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýle hem Türkmenistany goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan bu ulgamyň düzümi kämilleşdirilýär — täze howa menzilleri bina edilýär, demir ýollary çekilýär, awtobanlar we köprüler gurulýar, bu toplumyň üsti häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli ýetirilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, utgaşykly sebit hem-de sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz hem-de Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtoulag köprüleriniň, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda hem-de beýleki şäherlerde iň döwrebap howa menzilleriniň gurlup, ulanylmaga berlendigini göz öňünde tutanyňda, biziň ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwaty äşgär görünýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, logistikany ösdürmekde Hazarýaka sebitine aýratyn orun degişlidir. Möhüm strategik ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň binýadynda ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamagy utgaşdyrýan esasy multimodal merkez döredildi. Sebäbi daşalýan ýükleriň ählisiniň ýarysy üstaşyr ýük daşalyşyna degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolan düýpli başlangyçlary ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamalary şaýatlyk edýär. Bu teklipleriň möhümdigini we zerurdygy görnetindir, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridir hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga we deňagramlaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge öz amatly täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gün adamzat çäk taýdan örän uly giňişlige ýaýran, köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna wehim bilen ýüzbe-ýüz boldy, biziň wezipämiz bolsa onuň zyýanly täsirlerini azaltmak üçin bilelikde hereket etmekden ybaratdyr diýip nygtaýar. Türkmenistan COVID-19 koronawirusyna garşy göreşmäge gönükdirilen halkara tagallalarynyň çäklerinde netijeli çäreleri görýär. Ýokanç keseliň bütin dünýäde ýaýrap başlan ilkinji günlerinden biziň ýurdumyzda halkara ykdysady gatnaşyklary saklamagy üpjün edýän möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleriniň durnukly hereket etmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Türkmenistan öz serhetlerinde arassaçylyk-epidemiologiýa gözegçiligini we serhetýaka, gümrük we migrasiýa düzgünlerini güýçlendirmek babatynda boýunça zerur çäreleriň birnäçesini amala aşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda hem-de goňşy ýurtlarda döwletleriň we sebitleriň arasyndaky howpsuz ulag gatnawlaryny hem-de ýük daşalyşyny üpjün etmek boýunça degişli çäreler görüldi. Dünýäde emele gelen ýagdaýa garamazdan, Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, şol sanda abraýly guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz onlaýn görnüşinde geçirilen möhüm halkara ähmiýetli duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz 4-nji maýda Goşulyşmazlyk hereketiniň Utgaşdyryjy toparynyň COVID — 19 koronawirus ýokanjyna garşy göreşmäge bagyşlanan ýokary derejedäki wideomaslahatynda çykyş etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda dünýäniň ykbaly üçin jogapkärçilik bilen birleşen 120 döwleti öz içine alýan bu halkara guramasynyň şu meseläniň çözülmeginden daşda durup bilmejekdigine ynam bildirdi. Bu duşuşyk uly ähmiýetli we öz wagtynda geçirilen çäre bolup, çylşyrymly ýagdaý barada pikir alyşmaga hem-de oňa baha bermäge, ony ýeňip geçmegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki hem-de raýdaşlyk hereketlerini, döwletleriň özara goldawyny we birek-birege ýardam bermegini, hünärmenleriniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary, Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşýan döwletleriň alym-lukmanlarynyň geňeşiniň döredilmegini, bejermegiň tejribelerini we usullaryny alyşmagy, BMG we BSGG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. 2-nji iýulda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşygyň geçirilendigini bellemek gerek. Ýokary derejedäki maslahatyň gün tertibine giň möçberli bilelikdäki taslamany — Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň yklymara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigini nygtady. Biri-birinden uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän biziň döwletlerimiziň çäklerinden gündogarda – Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitine; günbatarda — Gara we Ortaýer deňizlerine; günortada — Eýranyň üsti bilen Ýakyn Gündogara; demirgazykda — Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen ondan aňryk Baltika deňziniň kenarlaryna çykalgalar bardyr. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ulag ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etdi. Merkez geçelgä gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde ýük akymlaryny emele getirmek we şolaryň netijeli hereket etmegi üçin bilelikdäki hereketleriň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmäge niýetlenendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagynyň ägirt uly ähmiýete eýedigini göz öňünde tutup, ýükleriň ugradylýan we kabul edilýän ýerlerini: deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil menzillerini mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Türkmenistanyň ulag ulgamynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Onuň düzüminde nebit guýulýan, parom, ýolagçy we ýük terminallary bar. Türkmen–owgan serhedindäki «Ymamnazar» gözegçilik-geçiriş nokadynda benzini we dizel ýangyjyny saklamak üçin täze toplum guruldy, bu toplum Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça türkmen ulag üpjünçilik ulgamlarynyň ýene-de bir möhüm düzüm bölegidir. Türkmenistanyň Owganystan bilen döwlet serhedindäki «Serhetabat» geçiriş nokadynda hem harytlary we önümleri üstaşyr geçirmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça we yzyna ýük daşamagyň bitewi nyrh syýasatyny girizmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň ählisi üçin deň derejede oňaýly ykdysady we maliýe şertlerini döretmäge ymtylmak şeýle syýasatyň esasyny düzmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir penjire» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük ammarlaryny ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda eýýäm Birleşen Milletler Guramasynyň «ASYCUDA» ýörite maksatnamasy üstünlikli ornaşdyrylýar we ulanylýar. Şol maksatnama ýurdumyzyň gümrük gullugy üçin niýetlenendir. Şeýle hem sanly görnüşde Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan ugrunyň atlasyny taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi. Onda bar bolan ulag-kommunikasiýa düzümi baradaky maglumatlar beýan edilmelidir. Munuň özi bu geçelgäniň maýa goýum we täjirçilik babatda özüneçekijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz täsirli gurallary hem-de özara ylalaşykly garaýyşlary işläp taýýarlamagyň Türkmenistanyň Owganystanyň we Azerbaýjanyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge kömek etjekdigine berk ynam bildirdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň (Türkmenistan), Baku deňiz-söwda portunyň (Azerbaýjan Respublikasy), Aktau Halkara deňiz-söwda portunyň hem-de Kuryk deňiz portunyň (Gazagystan Respublikasy) wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikleriň barşynda häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazarýaka portlarynyň arasynda elektron maglumatlaryň alşylmagyny ýola goýmak meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi bar bolan ugurdaş düzümlerden we ulag-üstaşyr kuwwatdan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer. Ýakyn goňşy hem-de öňden gelýän hyzmatdaş hökmünde Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Iýun aýynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-goýberiş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy boldy. Täze köpriniň umumy uzynlygy 96 metre, ini 15,1 metre barabardyr. Özüniň inžener-tehniki we ulanyş görkezijileri boýunça bu desga halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Ol geçýän awtoulaglaryň agramyny, ýük göterijiligini, hereket tizligini nazara almak arkaly guruldy. Gurluşyk işinde örän berk gurluşlar ulanyldy. Şolar seýsmiki taýdan durnuklylygy we beýleki tehniki görkezijileri üpjün edýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň çäklerinde gurulýan ähli desgalara bildirilýän möhüm talaplaryň biridir. Mundan başga-da, şu logistiki taslamanyň çäklerinde Tejen-Sarahs awtomobil ýolunyň durky täzelendi. Bu işler Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurtlaryň uly göwrümli ulaglarynyň gatnamagy nazara alnyp amala aşyryldy. Şu ýylyň maý aýynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen ýörite okuw maslahaty täze aýratyn howply ýokançly kesellere garşy göreşmek maksady bilen, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işinde ulanylýan lukmançylyk usullaryna bagyşlanyldy. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde guralan maslahata gatnaşyjylar arassaçylyk-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä tejribesinde ulanylýan çäreler, hususan-da, döwletara serhetden geçýän raýatlaryň lukmançylyk barlagyny geçirmek çäresi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tejribesine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek meselelerinde sebitiň ýurtlary we beýleki döwletler bilen geçirilýän bilelikdäki işe ýokary baha berildi. Ýakyn goňşular bilen hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentliginde wideomaslahat görnüşinde halkara awtoulag gatnawlary boýunça bilelidäki Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini bellemelidiris. Onuň barşynda ugurdaş ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwleti baglanyşdyrýan halkara ýollaryň, hususan-da, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategik ähmiýeti bellenildi. Olar sebit gatnawlary ulgamynyň möhüm bölegine öwrüldi. Daşary işler ministrliginde geçirilen onlaýn duşuşyklarynyň birnäçesi ulag meselesine bagyşlandy. Şolaryň hatarynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) bilen geçirilen duşuşyk bar. Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine we esasy ugurlaryna garaldy. Bellenilişi ýaly, ösen ulag-üstaşyr ulgamyny döretmek hem-de bu ugurda işleýän abraýly düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle hem Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakyndaky dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygynyň taslamasy boýunça iş duşuşygy geçirildi. Daşary ýurtly bilermenler iri ulag-logistika merkezi hökmünde Hazar deňzi sebitiniň möhüm ornuny bellediler. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň bitewi ulag geçelgesine birleşdirilmeginiň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, önümçilik we energetika, söwda, maýa goýumlary babatda gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Türkmenistanda döredilýän döwrebap logistika ulgamy tutuş Ýewraziýa yklymynda döwletara gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda eýýäm dürli serişdeleri daşamagyň iň çylşyrymly usullary amala aşyrylýar. Şunda ulag düzümi gatnaw ýollarynyň ugurlary, wagty hem-de ýükleriň ýüklenilýän we düşürilýän, olaryň wagtlaýyn saklanylýan ýeri boýunça logistik hasaplamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ýük gatnawlarynyň howpsuzlygynyň kepilligi şeýle ulgamy döretmek üçin esasy bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda durmuşa geçirýän hem-de ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.