Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
Ykdysadyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
Çap edildi 24.08.2020
1838

Şu gün Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr, şol sebäpli hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Watanymyzyň baý ykdysady kuwwaty hem-de häzirki zaman gazananlary, türkmen halkynyň köpasyrlyk özboluşly däp-dessurlary barada aýdyň düşünje almagy üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmak zerurdyr, giň gerimli halkara sergilere yzygiderli gatnaşylmagy hem muňa gönüden-göni ýardam berýär. Duşuşygyň dowamynda bütindünýä forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba alyp, Türkmenistan “EKSPO — 2020-ni» indiki ýyla geçirmek barada BAE-niň öňe süren başlangyjyny goldady. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de netijeli pikir alyşmalary dowam etmek baradaky garaýyşlary beýan etdiler, şunda häzirki zaman sanly tehnologiýalaryny ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň Dubaýda geçiriljek “EKSPO” gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlara işjeň çykarylmagyna, şeýle hem dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga ýardam etjekdigi bellenildi. BAE-niň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa däp bolan ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklarynyň hem-de tutuşlygyna umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow