Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 22.08.2020
1773

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumyny satyn aldylar. Russiýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň işewürleriniň geleşikleriniň esasy ugry boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 895 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Kanadadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 217 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 35 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni, pagta süýümini, pagta lintini satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow