Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 16.08.2020
1830

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, ABŞ-nyň, BAE-niň, Omanyň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we dizel ýangyjyny hem-de «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polietileni we ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna jinsi matalaryny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 693 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 3 million 696 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle-de pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 649 müň manatlykdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow